Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

 

Şu gün Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň derejesinde «Hindistan — Merkezi Aziýa» dialogynyň ikinji mejlisiniň çäklerinde göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Hindistanyň daşary işler ministri S.Jaýşankaryň ýolbaşçylygynda geçirilen mejlise Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary N.Niýazaliýew, Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri S.Muhriddin, Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilow hem-de ýörite myhman hökmünde Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mohammad Hanif Atmar gatnaşdy.

Taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit hem-de möhüm halkara meseleleri dogrusynda pikir alyşdylar. BMG-niň we beýleki halkara düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn üns berildi.

«Hindistan — Merkezi Aziýa» dialogynyň çäklerinde sebitleýin howpsuzlygy saklamak esasy ugurlaryň biri bolup, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine berk ygrarlylygy bellenilip geçildi.

Şeýle hem ýurdumyzyň Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylykly ýagdaýyň ilerledilmegi, şol sanda goňşy döwletiň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine ýardam bermek baradaky berk orny nygtaldy. Türkmenistan OYR-da durnuklylygyň gazanylmagy babatynda diňe diplomatik we syýasy gurallaryň ulanylmagy ugrunda çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan öz tarapyndan ähli mümkin bolan çäreleri amala aşyrýar. Milli Liderimiz owganara gepleşikleriň geçirilmegi üçin ýurdumyzyň syýasy giňişligini hem-de zerur bolan guramaçylyk şertlerini üpjün etmäge taýýardyr.

Türkmenistan şonuň ýaly-da, Owganystanyň hemmetaraplaýyn ösüşine itergi berjek, onuň dünýä ykdysadyýetine sazlaşykly goşulyşmagyna ýardam etjek ägirt uly energetika, ulag we infrastruktura taslamalarynyň ençemesini durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselelere üns bermek bilen, olaryň üstünlikli çözülmegine ýardam edýär.

Owganystanyň çägine çykmagy bilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ugry boýunça gaz geçirijiniň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we demir ýol ugurlarynyň gurluşygynyň, şeýle-de ýerüsti, demir ýol we deňiz ulaglarynyň hem-de infrastrukturasynyň ulanylmagy bilen üstaşyr geçelgeleriň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Bu taslamalar Ýewraziýa giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir.

Şu nukdaýnazardan, ministrler «Hindistan — Merkezi Aziýa» dialogyna Owganystanyň gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Olar Owganystanyň ösdürilmegi we ykdysady taýdan dikeldilmegi babatynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň üstaşyr geçiriş we ulag mümkinçilikleriniň ösüşine, şol sanda sebit hem-de halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi boýunça bilelikdäki başlangyçlaryň ilerledilmegine aýratyn seredildi.

Taraplar energetika, gazhimiýa senagaty, ulag, aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar, oba hojalygy babatynda özara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň has hem giňeldilmegine, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň işewürler toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirildi. Bu babatda ministrler 2020-nji ýylyň fewralynda Nýu-Delide «Hindistan — Merkezi Aziýa» Işewürler geňeşiniň döredilmegini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

Ministrler medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýagdaýyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Ýurtlaryň umumy taryhy we medeni gymmatlyklarynyň bardygy bellenilip geçildi. Bilelikdäki bilim we medeni çäreleriň geçirilmegine aýratyn ähmiýet berildi.

***

Şu gün ýurdumyzyň Mejlisinde Bahreýn Patyşalygynyň Milli Assambleýasynyň wekilleriniň geňeşiniň başlygy Fawziýa Abdulla Ýusuf Zaýnal bilen duşuşyk geçirilip, onda türkmen-bahreýn parlamentara gatnaşyklaryny has-da ösdürmek baradaky meseleler esasy ara alnyp maslahatlaşylan ugur boldy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Munuň şeýledigine şu ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al-Halifanyň arasynda geçirilen telefon gepleşikleri hem şaýatlyk edýär. Şonda häzirki eýýamda täze mazmuna eýe bolan döwletara gatnaşyklara ýokary baha berildi. Iki döwletiň Liderleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara ygrarlydyklaryny tassyklap, ozal gazanylan ylalaşyklar hem-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi babatda möhüm ugurlary anyklaşdyrdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň wajypdygy bellenildi. Şol hyzmatdaşlygyň çäklerinde şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerinde döwletara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça bilelikdäki çäreler görülýär.

Söhbetdeşler parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky däp bolan dostlugyň pugtalandyrylmagyna gönüden-göni hyzmat etjekdigini nygtadylar.

***

Şu gün Söwda-senagat edarasynda Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň Telekeçiler palatasynyň wekilleri bilen onlaýn duşuşyk boldy. Çärä döwlet we hususy düzümleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ilçiler gatnaşdylar.

Gazagystanyň işewürlik düzümine «Atameken» sebitleýin edarasynyň hem-de deňiz gämiçiligi, elektroenergiýa we telekommunikasiýalary üpjün etmek üçin paýlaýjy desgalaryň gurluşygyna ýöriteleşdirilen kompaniýalar wekilçilik etdiler. Olar nebit senagatyna we buraw geologiýa-gözleg işlerine degişli enjamlaryň, ammiak selitrasynyň, ammiagyň, azot kislotasynyň, tebigy gazyň we beýlekileriň önümçiliginde paýdarlar jemgyýetlerine hem-de kompaniýalara wekilçilik etdiler.

Olaryň hatarynda «EFKO Kazakhstan LLP» kompaniýasy, «Kaskor-Maşzawod», «KazAzot» paýdarlar jemgyýetleri, «Munaýtelekom», «Kazmortransflot» milli deňiz gämiçilik kompaniýasy, «Tauşyk» auyl şaruaşylygy», «Zhamal-ai LTD» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetler bar.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Gazagystanyň hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy, muňa köp babatda ähli derejede işjeňleşdirilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýardam berýändigi nygtaldy. Şol gatnaşyklaryň häzirki zaman tapgyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda giň gerimli ugurlar boýunça goňşy ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen ylalaşyklary döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.

Ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmeginiň möhümdigi bilen baglylykda, 2018-nji ýylyň aprel aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Balkan welaýatynyň we Mangistau oblastynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyklaryň oňyn netijeleri barada aýdyldy.

Şu çäräniň dowamynda senagatlaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän önümleriň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak ulgamynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi hem-de Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty we «Aýdyň gijeler» kompaniýasy öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.

Diýarymyzyň haryt öndürijilerini we daşary ýurtly maýadarlary döwlet derejesinde höweslendiriş çärelerine aýratyn üns berildi.

Öz nobatynda, gazagystanly işewürler kompaniýalary bilen tanyşdyryp, milli we sebit ähmiýetli bilelikdäki taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny nygtadylar.

Ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyň geljegi barada pikir alyşmalaryň çäklerinde ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, söwda, oba hojalygy, dokma, himiýa we azyk senagaty ulgamlarynda hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda anyk teklipler aýdyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar eksport-import amallarynyň möçberini artdyrmagyň, iberilýän harytlaryň hem-de birek-birege hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegiň hasabyna hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň zerurdygyny bellediler.

***

Şu gün Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinde Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş toparynyň (ESKATO) wekilleri bilen wideoduşuşyk geçirildi. Sebit onlaýn maslahatynyň çäklerinde ilat we ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýazuwynyň maglumatlaryny ulanmak meselelerine bagyşlanan wezipeler we ilatyň tebigy hereketini hasaba almagy görkezijileri we analitik ugurlary ölçemek üçin ulanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, ESKATO, tutuş BMG ýaly, Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýar we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän, Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasat ugruny goldaýar. Bu syýasat dünýäde we sebitde parahatçylygy hem-de durnuklylygy berkitmegiň möhüm ugry bolup çykyş edýär.

Bu duşuşykda netijeli hyzmatdaşlygyň we ony Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek ýaly ileri tutulýan ugurlary ilerletmegiň mümkinçilikleriniň meseleleriniň giň toplumy we beýlekiler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda DÖM-niň görkezijilerini, döwlet maglumatlaryny we ilatyň hem-de ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýazuwynyň maglumatlaryny döretmek üçin gurallary ulanmagyň meselelerini mundan beýläk-de işläp düzmek barada pikir alşyldy. Ahyrky netijede, DÖM-niň maglumatlarynyň kesgitlenmegine we hasaplamagyň usullaryna umumy düşünişmek gazanylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter