Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň we BMG-nyň ÝeYK-nyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň onlýan-duşuşygy boldy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň we BMG-nyň ÝeYK-nyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň onlýan-duşuşygy boldy

 

Şu gün Daşary işler ministrliginde göni wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge, hususan-da, sebitiň ulag-üstaşyr kuwwatyny pugtalandyrmak, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, ekologiýa howpsuzlygyny we energiýa netijeliligini üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarly bolup galýandygy nygtaldy.

Taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň köp ugurlar boýunça gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini nygtadylar. BMG-niň ÝYK-nyň Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda ulag, söwda, energetika, daşky gurşawy goramak ulgamlarynda gatnaşyklary utgaşdyrmakda möhüm orun eýeleýändigi aýdyldy.

Taraplar durnukly ulagyň wajypdygy barada aýdyp, Içerki ulag boýunça komitetiň (IUK) çäklerinde hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellediler. Türkmen tarapynyň IUK-nyň halkara ýol gatnawlary, ýük daşalmasyny hem-de ulag ýollaryny sazlaşdyrmak meseleleri boýunça iş toparynyň mejlisiniň işine işjeň gatnaşmak arkaly bu hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Şu ýyl Türkmenistan ulag ulgamynda möhüm ähmiýetli halkara-hukuk resminamalarynyň birnäçesine goşuldy. Şolaryň hatarynda BMG-niň halkara ýol hereketini kämilleşdirmäge gönükdirilen Konwensiýalarynyň altysy bar.

BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) çäklerinde hyzmatdaşlygyň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň 2019-njy ýylda SPEKA başlyklyk etmeginiň netijeliligi bellenildi. Aşgabatda iş toparlarynyň mejlisleri, hususan-da, «Arabaglanyşyk: SPEKA sebitinde durnukly ulag we ösüş hem-de söwdanyň ýeňilleşdirilmegi» mowzugy boýunça SPEKA — 2019 ykdysady forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi we onuň jemleri boýunça Aşgabat başlangyjy kabul edildi.

Türkmen tarapynyň sebitleýin bazaryň hem-de serhetüsti üpjünçiligiň pugtalandyrylmagy babatda SPEKA ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi. Munuň özi SPEKA ýurtlarynyň ählisiniň ykdysadyýetleriniň özara we beýleki sebitler bilen baglanyşyklylygyna oňyn täsirini ýetirmek arkaly täze maýa goýumlarynyň, tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň çekilmegine ýardam bermäge gönükdirlendir.

Taraplar BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň bilermenleriniň teklipleriniň nazara alynmagy bilen, hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini-de ara alyp maslahatlaşdylar. Mälim bolşy ýaly, bu düzümler maksatnamanyň işiniň umumy goldawyny üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, bu maksatnamanyň gurluşyny kämilleşdirmegiň we işini özgertmegiň, şol sanda SPEKA-nyň Maksatlaýyn gaznasynyň hem-de onuň Sekretariatynyň döredilmeginiň meselelerine garaldy.

BMG-niň ÝYK bilen, hususan-da, «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň» çäklerinde özara hereketleriň giňeldilmegi barada pikir alşyldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter