Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda

 

1-nji madda

Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 79 509,6 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 23 398,0 mln. manat möçberde tassyklamaly.

2-nji madda

Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 72 075,0 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 15 963,4 mln. manat möçberde tassyklamaly.

3-nji madda

Umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2021-nji ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:

goşulan peýdadan ýerasty baýlyklardan peýdalanmak
baha üçin salgytdan alynýan salgytdan üçin salgytdan
Aşgabat şäheri 3,4% 3,4% 3,4%
Ahal welaýaty 100,0% 100,0% 100,0%
Balkan welaýaty 18,0% 18,0% 18,0%
Daşoguz welaýaty 100,0% 100,0% 100,0%
Lebap welaýaty 100,0% 100,0% 100,0%
Mary welaýaty 100,0% 100,0% 100,0%

4-nji madda

2021-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 2 638,4 mln. manat möçberde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:

Ahal welaýaty 149,1 mln. manat
Daşoguz welaýaty 1 347,6 mln. manat
Lebap welaýaty 814,4 mln. manat
Mary welaýaty 327,3 mln. manat

5-nji madda

Ýerli býujetleri 10 073,0 mln. manat möçberde, şol sanda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:


Aşgabat şäheri 1 803,0 mln. manat
Ahal welaýaty 1 251,8 mln. manat
Balkan welaýaty 1 161,8 mln. manat
Daşoguz welaýaty 1 856,5 mln. manat
Lebap welaýaty 2 064,8 mln. manat
Mary welaýaty 1 935,1 mln. manat

6-njy madda

Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli.

7-nji madda

Býujet ýetmezçiliginiň emele gelen ýagdaýynda döwlet nesýe almalaryndan gelen serişdeler we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary maliýeleşdiriş çeşmeleri bolup durýar diýip bellemeli.

2021-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, birinji nobatda döwlet nesýe almalary we bank karzlary boýunça bergini üzmek üçin gönükdirilýär diýip bellemeli.

8-nji madda

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryndan, kararlaryndan we buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri.
2020-nji ýylyň 24-nji oktýabry.
№ 300-VI.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter