Birža täzelikleri 29-nji Awgust | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri 29-nji Awgust

опубликованно 29.08.2015 // 929 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Kiprden gelen telekeçiler “B” kysymly karbamidi, (“Türkmenhimiýa” DK), Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Eýrandan we Owganystandan gelen işewürler tehniki kükürdi (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna arasalanan pagta ýagy, nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Şweýsariýa, Owganystan, Täjigistan, Ukraina. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 9 million 927 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy 3 million 447 müň manatlykdan gowrak arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 366 müň manatlykdan gowrak polipropilen we pagta ulýugyny satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter