Resmi habarlar 4-nji Sentýabr | TDH
Resminamalar

Resmi habarlar 4-nji Sentýabr

опубликованно 04.09.2015 // 974 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Kerimguly Garowow Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň baş direktory wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýusup Gurbanberdiýewiç Baýramow Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň baş direktory wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Seýitnazarowiç Kakaýewiň üstüne ýüklenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter