Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 02.09.2015 // 847 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Jenap Prezident!

Jenap Helmut Wolfgang Brett Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi hökmündäki işini tamamlandan soň, men jenap Ralf Andreas Brete bu wekilçiligi ynanmak kararyna geldim. Onuň şahsy häsiýetleri öz üstüne ýüklenen beýik wezipäni ýerine ýetirmek ugrunda tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynam döredýär.

Oňa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi hökmünde Size ynanç hatyny gowşurmak hormaty ynanyldy.

Siziň Alyhezretiňiz, ony mähirli kabul edip, Size meniň adymdan we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Hökümetiniň tabşyrygy boýunça aýtjak zatlaryna doly ynynmagyňyzy haýyş edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize abadançylyk, Türkmenistana bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Size çuňňur hormat bilen,

Ýoahim Gauk,
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň
Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter