Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistan-ABŞ Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistan-ABŞ Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

опубликованно 03.09.2015 // 830 - просмотров
 

Aşgabat, 3-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan-ABŞ Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory jenap Erik Stýuarty kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen işewür gatnaşyklaryny berkitmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Türkmen döwleti bu gün ykdysady taýdan ösüp, ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmana mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlary bolan iri amerikan kompaniýalarynyň milli taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýandygyny nygtady. Türkmenistan deňhukuklylyk esasynda hyzmatdaşlyk etmäge hem-de gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen, şol sanda ABŞ-nyň işewürler düzümleriniň wekilleri bilen işjeň gatnaşyklary ösdürmek üçin açykdyr.

Döwlet Baştutanymyz we myhman ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny belläp, söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler hyzmatdaşlykda toplanan oňyn tejribäniň bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esas bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar. Işewürler maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmegi netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň amatly ýollaryny işläp düzmäge ýardam edýär diýlip bellenildi. Ulag ulgamy we oba hojalygy türkmen-amerikan işewür gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Maliýe ulgamynda özara gatnaşyklar we energetika hyzmatdaşygyny giňeltmek meseleleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda amerikan işewüri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitara gatnaşyklaryny berkitmäge we ösdürmäge gönükdirilen üstaşyr – ulag ulgamynda taslamalary amala aşyrmak boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berip, geografik taýdan amatly ýagdaýy eýeleýän Türkmenistanyň möhüm orun eýeleýändigini aýtdy. Türkmen döwletiniň netijeli teklipler bilen çykyş edýändigini we halkara ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak boýunça ähmiýetli taslamalaryň başyny başlandygyny belläp, jenap Erik Stýuart bu işleriň köp ýurtlara Ýewraziýa yklymynyň iri halkara bazarlaryna çykmaga uly mümkinçilikleri açjakdygyna, hem-de dünýä ykdysadyýetine we söwdasyna üstünlikli goşulmak üçin mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz Türkmenistan-ABŞ Işewürler geňeşiniň alyp barýan işleriniň ähmiýeti barada aýdyp, ikiý urduň işewürlik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegi uzak möhletleýin we özara bähbitli esasda guralýan döwletara gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam edýär diýip belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we myhman türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter