Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Sapardurdyýewiç Arabowy “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2020-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda çykaran 1-nji Karary tassyklanyldy.

* * *

Garaşsyz ýurdumyzda himiýa ylmy we tehnologiýalary boýunça ylmy barlaglary ýerine ýetirmek, şol esasda täze önümçilikleri döretmek, bu ugurda döwletimiziň innowasion syýasatyny durmuşa geçirmek, bäsleşige ukyply maddy we energiýa serişdelerini tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary işläp taýýarlamak, ýaşlary ylmy-tehnologik, taslama-konstruktorçylyk işlerine giňden çekmek, ylmy barlaglaryň hem tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

* * *

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter