Daşary işler ministrliginde brifing geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

Daşary işler ministrliginde brifing geçirildi

 

Şu gün Daşary işler ministrliginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň alyp barýan işlerine bagyşlanan halkara brifing geçirildi.

Duşuşyga brifingiň meselesine dahylly bolan ugurdaş düzümlerden başga-da, daşary syýasat edarasynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýerli hem-de daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çärä Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň Russiýadan, Germaniýadan, Şweýsariýadan, Italiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Eýrandan, Gruziýadan, Ukrainadan, Özbegistandan bolan daşary ýurtly agzalary wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Türkmen tarapynyň çykyşynda milli baýlyklarymyz, hususan-da, ahalteke bedewlerini we alabaý itlerini goramak boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen, ady agzalan assosiasiýalaryň işini kämilleşdirmek nukdaýnazaryndan şu günki duşuşygyň derwaýys ähmiýeti bellenildi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şeýle halkara meýdançalar diňe bu ugurdan işleýän hünärmenleri we atçylyk hem-de kinologiýa ulgamynyň muşdaklaryny däl-de, eýsem, medeni-ynsanperwer ulgamda dünýä halklaryny ysnyşdyrmaga we ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň we ÝUNESKO-nyň hyzmatdaşlyk etmegi netijesinde, ýurdumyzyň Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý ýaly taryhy-medeni ýadygärlikleri, «Görogly» şadessany, «Küştdepdi aýdym we tans dessury» hem-de Türkmen milli halyçylyk sungaty adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Häzirki wagtda Türkmenistan tarapyndan ahalteke atlaryny seýislemek sungatyny we türkmen alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlyklaryny ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek boýunça teklip öňe sürüldi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynda alabaýlaryň we ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň durmuşynda hem ykbalynda eýeleýän orny hakynda gürrüň berlip, bu eserlerde köpýyllyk barlaglar, oýlanmalar, taryhy we edebi maglumatlar getirilip, milli baýlyklarymyzyň medeni aýratynlygy açylýar.

Brifingde “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň adyndan çykyş edenler ýurdumyzda milli atçylygy we itçiligi ösdürmek boýunça görülýän çäreler, bu ulgamlaryň döwrebap düzümi hem-de olar üçin işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Ýakob türkmen hyzmatdaşlary bilen köpýyllyk özara gatnaşyklaryň aýratyn netijeli häsiýetini nygtady.

Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň agzasy, Russiýanyň Kinologik guramalar birleşiginiň kinolog bilermeni Irina Staşewskaýa gadymy kökleri bolan alabaý itleriniň tohumynyň özboluşlylygyny aýratyn belläp, hyzmatdaşlyk etmek boýunça pikirlerini we tekliplerini beýan etdi.

Çykyşlaryň barşynda ezber hünärmenleri, atşynaslary, kinologlary, şol sanda alymlary we bu özboluşly milli tohumlaryň muşdaklaryny, janköýerlerini özlerinde jemleýän abraýly guramalaryň asylly işi, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke atlarynyň we türkmen alabaý itleriniň dünýä derejesindäki şöhratyny has-da artdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini çözmegiň ugurlary beýan edildi.

Bellenilişi ýaly, zehinli we zähmetsöýer pederlerimiziň miras goýan maddy gymmatlyklaryny gorap saklamak biziň taryhymyzyň we nesillerimiziň öňündäki mukaddes borjumyz bolup durýar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter