Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

опубликованно 01.09.2015 // 1736 - просмотров
 

Aşgabat, 1-nji sentýabr (TDH). Şu gün, Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bilim ulgamynyň täze desgalarynyň we beýleki käbir desgalaryň açylyş dabarasy boldy.

...Ir säherden Görogly köçesiniň ugrunda gurlan ajaýyp binagärlik desgasynyň -- A.Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumynyň golaýynda hakyky ruhubelentlik we uly baýramçylyk ýagdaýy äşgär duýulýar.

Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanda işleýän diplomatiki wekilhanalaryň baştutanlary, şeýle hem hormatly ýaşulular we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köpsanly myhmanlar, işewürler, elleri baýdakly talyp ýaşlar ýygnandylar.

Mugallymçylyk mekdebiniň esasy girelgesine gelen döwlet Baştutanymyza milli lybasly gyzlar gül desselerini gowşurýarlar.

Toplumyň esasy binasynyň öňündäki baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançada paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplary baýramçylyk aýdym-saz maksatnamasy bilen çykyş edýärler.

Soňra hormatly Prezidentimiz münbere geçýär we ýygnananlaryň öňünde gutlag sözi bilen çykyş edýär.

Milli Liderimiz çykyşynyň başynda hemmeleri ýurdumyzda giňden hem-de dabaraly ýagdaýda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň täze, döwrebap binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmäge, bu ulgamy dünýä derejesine çykarmaga uly üns berilýär. Türkmenistanda ýaşlarymyzyň bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek maksady bilen, köp möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär.

Milli Liderimiz bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň netijesinde, eziz Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän çagalar baglarynyň, orta mekdepleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini nygtady. Ylmyň iň soňky gazananlary, öňdebaryjy tehnologiýalar, şol sanda interaktiw - muldimediýa we kompýuter tehnologiýalary bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Şu gün dabaraly açylyp ulanmaga berilýän Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumy hem Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň ajaýyp miwesidir.

Bu mugallymçylyk mekdebiniň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän binalar toplumy gözel paýtagtymyzyň görküne-görk goşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Alty gatdan ybarat bu toplumyň gurluşygy «Total Inşaat» türk kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy. Umumy meýdany 52 müň
600 inedördül metre barabar bolan bu toplumda 50 hem-de 80 orunlyk umumy okuw otaglarynyň 8-si, beýleki okuw otaglarynyň 40-sy, şeýle hem aýdym - saz we zähmet dersleri, şekillendiriş sungaty hem-de kompýuter tehnologiýalary boýunça okuw otaglary, lingafon we usulyýet otaglary bar.

Döwlet Baştutanymyz mugallymçylyk mekdebiniň okuw otaglarynyň Internet ulgamyna birikdirilendigini aýtdy. Bu ýerde beýleki okuw mekdepleri bilen göni aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän, wideomaslahatlary geçirmek üçin niýetlenen programma üpjünçilik ulgamy hem ornaşdyrylandyr. Merkezleşdirilen kompýuter ulgamyna birikdirilen şol okuw otaglarynda bilim alýan talyplaryň paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky bilim ojaklaryndan kitaphanalar tory arkaly özlerine gerek bolan maglumatlary almaga mümkinçilikleri bar.

Mekdebiň döwrebap binalar toplumynda zerur enjamlar bilen üpjün edilen muzeý, talyplara hyzmat etjek lukmançylyk otagy, 300 orunlyk mejlisler zaly, kiçi mejlisler zaly, şeýle hem resminamalary bildirilýän talaplara laýyklykda saklamaga mümkinçilik berýän arhiw ýerleşýär. Täze binalar toplumynda häzirki zaman kitaphanasy hem talyplara hyzmat eder. Döwlet Baştutanymyz bu 100 orunlyk kitaphanada 30 müň kitabyň saklanjakdygyny aýtdy. Kitaphananyň okalga zaly Internet ulgamy we beýleki elektron serişdeler bilen üpjün edilendir. Bu ýerde talyplar özlerine gerek bolan dürli kitaplardan, neşir önümlerinden we Internet ulgamyndan peýdalanyp bilerler.

Mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumynda 200 orunlyk üsti ýapyk sport zaly we üsti açyk sport toplumlary, şeýle hem beýleki sport meýdançalary bar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu desgalarda futbol, woleýbol, basketbol we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertleriň döredilendigini belledi.

Bulardan başga-da, mekdebiň binalar toplumynda 500 talyba niýetlenen dört gatly umumy ýaşaýyşjaýlarynyň ikisi, 400 orunlyk naharhana we suw howuzlary bu ýerde işlemek hem-de döwrebap bilim almak üçin ähli amatly şertleriň döredilendigine şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz bu okuw mekdebiniň täze binalar toplumynda döredilen şertleriň okuw-terbiýeçilik işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda has kämil derejede guramaga mümkinçilik berýändigini aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ykdysadyýetimizi ösdürmek, kabul edilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady. Şoňa görä-de, Türkmenistanda bilim ulgamyny düýpli özgertmäge, ylmyň soňky gazananlaryny ulanyp, milli hünärmenlerimizi taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda täze ýokary okuw mekdeplerini açmak, okuw meýilnamalaryna täze hünärleri girizmek, hünärmenleri taýýarlamagyň täze usullaryny ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany ýylyň-ýylyna artdyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz jemgyýetimizi özgertmekde, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde mugallymçylyk kärine aýratyn orun degişlidigini belledi. Milli Liderimiz mugallymçylyk käriniň ähli döwürlerde hem iň hormatly we jogapkärli hünär hasap edilendigini nygtady. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hünärmenlerini, başlangyç synp mugallymlaryny taýýarlamakda ýurdumyzyň mugallymçylyk mekdeplerine uly orun degişlidir. Aman Kekilow adyndaky bu mugallymçylyk mekdebinde hem türkmen dili hem-de edebiýaty, matematika, taryh, geografiýa, iňlis dili derslerini 5-nji we 6-njy synplarda okatmaga hukugy we ukyby bolan başlangyç synp mugallymlary, şeýle hem çagalar baglarynda iňlis dilini okatjak terbiýeçiler taýýarlanylýar.

Mugallymçylyk mekdeplerinde ýaş nesle döwrebap bilim hem-de terbiýe bermekde innowasion tehnologiýalary özleşdirmek, başlangyç synplaryň okuw we ýazuw sapaklarynda kompýuter tehnologiýalaryny giňden ulanmak arkaly okuwçylaryň bilimlerini artdyrmak hem-de kämilleşdirmek boýunça baý pedagogiki tejribe toplandy.

Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň netijesinde, döredijilik hyjuwly, giň dünýägaraýyşly, zehinli ýaşlaryň, ýokary başarnykly, häzirki zaman bilimlerini doly ele alan we öz zähmeti bilen ýurdumyzyň ösmegine mynasyp goşant goşjak hünärmenleriň täze nesliniň kemala gelyändigini belledi.

Garaşsyz döwletimizde ýaş nesliň kämil ylym - bilim, edep - terbiýe alyp, berkarar Watanymyza, mahriban halkymyza hyzmat etmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim edaralarynda dünýäniň iň döwrebap tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we netijeli ulanmak boýunça işler ýokary depginler bilen dowam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz milli bilim ulgamynda okuw-terbiýeçilik işleriň dünýä tejribesi bilen sazlaşykly alnyp barylýandygyny belledi. Türkmenistan ylym - bilim we medeni ulgamlarda Ýewropa Bileleşigi we dünýäniň beýleki ösen döwletleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlary bütindünýä Internet maglumatlar ulgamynyň hyzmatyndan giňden peýdalanmak mümkinçiligine eýe boldular. Netijede, häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze okuw mekdeplerinde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň milli tejribesi toplandy. Orta mekdeplerde berilýän bilimiň möhleti 12 ýyla ýetirildi. Bu bolsa, ýurdumyzyň bilim ulgamynda maksatnamalaýyn özgertmeleri amala aşyrmaga uly itergi berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, şu gün ýurdumyzyň orta mekdeplerine 1-nji synpa okuwa barýan ýaş nesilleriň ilkinji gezek bilim dünýäsine gadam urýandygyny belledi.

1-nji sentýabr olar üçin örän şatlykly wakalara baý we ýatdan çykmajak gündür. Türkmenistanda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylaryň ählisine täze kompýuter sowgat bermek indi asylly däbe öwrüldi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Munuň özi ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, olaryň kompýuter sowadyny ýokarlandyrmak üçin döwlet tarapyndan uly alada edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamyny ösdürmegiň ýurdumyzyň geljegini, jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşini kesgitleýän esasy şertleriň biri bolup durýandygyny nygtady. Şoňa görä-de, ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, dürli derejedäki bilim edaralarynda berilýän bilimiň hili yzygiderli kämilleşdirilýär. Bilim edaralaryny okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen doly üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar.

Biz geljekde hem ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlarymyzyň sazlaşykly ösmegi, olaryň dünýägaraýşynyň has-da giňelmegi üçin ähli şertleri döretmäge aýratyn üns bereris, Türkmenistany dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmäge mümkinçilik berýän özgertmeleri geçirmegi dowam ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary ýurdumyzda giňden we dabaraly bellenýän Bilimler we talyp ýaşlar güni, şeýle hem Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, mugallymlara we ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärlerine jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri, talyp ýaşlara bolsa, döwrebap bilim alyp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmagy arzuw etdi.

Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesýär we binanyň içine girip, mugallymçylyk mekdebiniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanşyp başlaýar. Bu ýerde talyplar milli Liderimizi goşgy okamak bilen mübärekleýärler. Olar şeýle hem örän hormatly we jogapkärli hünär bolan mugallymçylyk hünärini ele almak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Döwlet Baştutanymyz binanyň eýwanyny gözden geçirip, degişli ýolbaşçylara bu ýerde Aman Kekilowyň heýkelini oturtmak babatda tabşyryk berdi. Aşgabadyň mugallymçylyk mekdebi Aman Kekilowyň adyny göterýär.

Bu mugallymçylyk mekdebi ýurdumyzyň baýry okuw mekdepleriniň biridir. Onuň döredileninden bäri geçen 90 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda mugallymlaryň we terbiýeçileriň müňlerçesi taýýarlanyldy. Olaryň ýetişdiren köp nesilleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem ýokary hünärli mugallymlary taýýarlamak işini mynasyp dowam edýärler. Umumy meýdany 52,6 müň inedördül metre barabar bolan mekdebiň täze toplumy iň ýokary bilim ölçeglerine laýyk gelýär.

Okuw otaglaryndan başga-da, onuň düzümine zähmet okuw otaglary (biçimçilik we tikinçilik öwrenilýän otaglar, ussahana, tagamlar taýýarlanylýan otag), şekillendiriş sungaty, aýdym-saz, mugallymlaryň usulyýet birleşikleriniň otaglary bar.

Alty gatly okuw – edara binasynyň birinji gatynda muzeý, kitaphana, lukmançylyk otagy, mugallymlar otagy, 300 orunlyk mejlisler otagy ýerleşýär.

Häzirki wagtda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde bäşinji we altynjy synplarda türkmen dili we edebiýaty, matematika, taryh, geografiýa, zähmet, iňlis dili derslerini okatmak hukugy bolan başlangyç synplaryň mugallymlary, çagalar baglarynda iňlis dilini okatmaga hukugy bolan terbiýeçiler taýýarlanylýar.

Mundan başga-da, mugallymçylyk mekdebinde usulyýet birleşmeleriniň 7-si – türkmen dili we edebiýaty, matematika, jemgyýetçilik ylymlary, tebigaty öwreniş-geografiýa, mekdep hem-de mekdep ýaşyna çenli pedagogikasy we psihologiýasy, surat çekmek, zähmet, aýdym-saz hem-de bedenterbiýe, daşary ýurt dilleri we edebiýaty birleşikleri hereket edýär. Täze toplumda döredilen şertler okuwlary has ýokary derejede guramaga ýardam edýär hem-de geljekde bilim alýanlaryň kabul edilişini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz internet serişdelerine girmäge ýardam berýän döwrebap kompýuter tehnikalary bilen üpjün edilen otaglaryň birine barýar. Bu ýerde beýleki okuw mekdepleri bilen wideomaslahatlary geçirmek üçin şertler bar. Munuň özi ýaşlara bilim bermegiň öňdebaryjy usullaryny ulanmak mümkinçiligini açýar.

Şu gün, okuw ýylynyň birinji gününde, ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, bu otagda hem milli Liderimiziň bilim ulgamynda başyny başlan oňyn özgertmeler mowzugy boýunça sapak geçilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim we ylym ulgamyny döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde yglan edip, bu ulgamdaky özgertmeleri hemmetaraplaýyn bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli terbiýelemäge gönükdirdi. Eziz Watanymyzyň geljekki ykbaly, milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda gazanan üstünliklerini pugtalandyrmak we artdyrmak şol nesliň elindedir. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen halkynyň abadan durmuşynyň gözbaşy, ilkinji nobatda, döwletiň hem-de jemgyýetiň ykbalyny kesgitleýän ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek bilen baglanyşyklydyr.

Mugallym soňky ýyllarda Türkmenistanyň bilim ulgamyny ösdürmek boýunça geçirilen ägirt uly işlerde gazanylan üstünlikler barada gürrüň berýär. Ýurdumyzda okatmagyň öňdebaryjy tehnologiýalaryna eýe bolan täze, iň döwrebap okuw-terbiýeçilik edaralarynyň onlarçasy açyldy.

Olaryň gurluşygy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde alnyp barylýar, her ýyl täze bilim desgalarynyň ençemesi gurulýar. Olaryň hatarynda merkezi şäherlerde, şeýle hem alysdaky obalarda gurlan çagalar baglary we umumybilim berýän mekdepler bar. Orta hünär we ýokary okuw mekdepleri üçin döwrebap okuw şäherjikleriniň sany ep-esli artdy. Olarda her ýyl hünärmenleri taýýarlamagyň täze ugurlary açylýar.

Mugallymyň çykyşyny talyp dowam etdi. Ol täze binalary gurmak bilen birlikde, häzir hereket edýän okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak işiniň hem dowam etdirilýändigini aýratyn belledi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde okuwlar iň döwrebap tehniki serişdeleri ulanmak arkaly geçirilýär. Munuň özi ýaş nesliň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösmegine gönükdirilendir. Geljekki mugallym okuwçy ýaşlar barada edýän atalyk aladasy, türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň ukyplaryny hem-de zehinlerini açmak babatda iň gowy şertleriň döredilendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyk ýola goýuldy, teleköpri mugallymçylyk mekdebini ilki bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, soňra bolsa Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen birleşdirdi. Ýokary okuw mekdepleriniň adyndan mugallymlar we talyplar çykyş edip, täze binanyň açylmagy hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen gutladylar hem-de döwletimiziň ýakyndan goldaw bermeginde hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli bilim ulgamynyň ýurdumyzyň we dünýäniň iň gowy tejribesine, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna daýanyp, özüniň ylmy kuwwatyny şu günki günüň talaplaryna laýyklykda artdyrýandygyny nygtadylar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt döwrebaplaşdyrylmagyny işgärler bilen üpjün etmek, onuň täze, ylym bilen baglanyşykly pudaklaryny okgunly ösdürmek hem-de bilimlere esaslanýan jemgyýeti kemala getirmek zerurlygy bilen baglanyşykly iň täze bilim standartlarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak ulgamynyň düýpli üýtgedilmegini talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň eýýamymyz ylmy-tehniki ösüşiň okgunly häsiýete eýe bolan döwrüdir. Munuň özi bilimleriň, tehnologiýalaryň, aň-bilimiň hem-de döredijilik mümkinçilikleriniň derejesiniň ýokarlanmagy bilen şertlendirilendir. Hut şoňa görä-de, Türkmenistanda ýokary kompýuter tehnologiýalaryny, multimediýa ulgamlaryny, öňdebaryjy iş usullaryny ulanmak arkaly döwrebap okuw mekdepleriniň ulgamyny giňeltmäge, ýagny tutuş bilim ulgamynyň innowasion ösüşini üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumynyň enjamlaşdyrylyşy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz mugallymçylyk mekdebiniň talyplary bilen gürrüňdeş bolup, olaryň näme üçin hut şu hünäri saýlap alandyklary bilen gyzyklandy. Talyplaryň köpüsi özleriniň mugallymlar maşgalalarynyň kärini dowam etdirýändiklerini aýtdylar. Dowamatlylyk türkmen jemgyýetinde halypalygyň aýratyn häsiýetleriniň biridir. Häzirki wagtda bu ajaýyp däpleriň ýaş nesiller tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigi bellärliklidir.

Döwlet Baştutanymyz tanyşlygyny dowam edip, mekdebe çenli pedagogika we psihologiýa otagyna bardy. “Mekdebe çenli bilim ulgamynyň terbiýeçisi” hünäri örän jogapkärlidir, ol hünärmenden jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ulgamlarynda uly bilimleri talap edýär. Mekdep ýaşyna çenli çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny nazara almak bilen, çagalara bilim bermekde okatmagyň we terbiýelemegiň oýun usullary möhüm orun eýeleýär, çünki oýunda çaganyň pikirlenişiniň we işjeňliginiň aýratynlyklary ýüze çykýar. Psihologlar adaty sapaklardan tapawutlylykda, gyzykly oýnuň barşynda çagalaryň has çylşyrymly meseläni çözüp birljekdigini tassyklaýarlar. Çünki oýun mahalynda çaganyň akyl işjeňligi has ýokarlanýar.

Talyp gyz bular barada gürrüň bermek bilen, türkmen halypalarynyň öz işinde hormatly Prezidentimiziň görkezmelerinden ugur alyp, okuw we terbiýeçilik işinde halk mugallymçylyk mekdebiniň köpasyrlaryň dowamynda kemala gelen milli usullaryny ulanýandyklaryna, şeýle hem häzirki zaman mugallymçylyk ylmynyň öňdebaryjy tejribesini giňden peýdalanýandyklaryna aýratyn üns berdi.

Talyp gyz ekologiýa taýdan arassa serişdelerden öndürilen, çagalar üçin niýetlenen özboluşly okuw-oýun esbaplarynyň kömegi bilen körpelerde pikirlenmek, duýgurlyk, başarjaňlyk, hereket ediş we beýleki ukyplaryň ösdürilýändigini mysal hökmünde görkezdi. Ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet guşy” atly eseriniň mugallymlaryň we talyplaryň ýankitabyna öwrülendigini belledi.

Talyp tejribe derslerinde çagalar bilen oýun sapaklarynyň usullaryny ulanýandyklary barada hem gürrüň berdi. Şol usul bolsa özbaşdaklygy, gürleýşi, yzygiderli pikirlenmäni, dogry çözgüdi tapmagy başarmagy ösdürmäge, döredijilik başlangyçlaryny, çaganyň aň-paýhas ukybyny açmaga gönükdirilendir. Bu usullar meşhur alymlar tarapyndan işlenip taýýarlanyldy we dünýäniň köp ýurtlarynda meşhurlyga eýe boldy.

Bu mugallymçylyk ulgamy boýunça terbiýeçilik usulynyň düýp mazmuny çagany aýry-aýry maglumatlary kabul etmäge we ýatda saklamaga mejbur etmekden däl-de, oňa sazlaşykly durmuş tejribesini edinmäge ýardam etmekden ybaratdyr. Hünärmenleriň pikirine görä, bu serişdeleriň esasy wezipesi çaganyň ruhy taýdan ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr.

Başgaça aýdylanda, oýun täliminde ulanylýan modullar – bu ýörite gurallardyr, olaryň kömegi bilen çaga tejribe arkaly gurşap alan dünýä akyl ýetirýär, dürli oýunlar bilen, olary kadalşdyrýar, diýmek, özüniň içki dünýäsini kadalaşdyrmagy öwrenýär, durmuş tejribesini sazlaşdyrýar.

Körpeje gyzyň ýörite diwar tagtasynda şarjagazlary reňki boýunça aýyl-saýyl edip, bir ýere başarjaňlyk bilen jemleýändigini göreniňde hem, şeýle okuw oýunlarynyň körpeler üçin örän özüneçekijidigine göz ýetirmek bolýar. Reňkleriň her biriniň ýerleşişi boýunça şarjagazlary bir ýere jemlemegiň hasabyna bu meseläni çylşyrymlaşdyryp hem bolýar.

Beýleki bir diwar moduly gapylara oturdylan dürli gulplaryň we sürme kiltleriň toplumyndan ybaratdyr. Ol körpelere özbaşdak gapylary ýapmagy öwredýär, elleriň hereketiniň sazlaşygyny gowulandyrmaga ýardam edýär.

Beýleki bir esbabyň bezegi çaganyň harplary ýazanda dürli çyzgylary çyzmak başarnygyny ösdürmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy. Bu usul “ýönekeýden çylşyrymly” diýen ýörelge esasynda işlenip taýýarlanyldy. Çagalar bu okuw oýnunyň kömegi bilen ýazuw ýa-da basma harplary ýazanda elleriň hereketini oňat türgenleşdirýär. Oýun sapaklarynda çagalaryň eşidişini, pikir ýöredişini hem-de döredijilik ukyplaryny ösdürmek üçin jaňjagaz, dep ýaly saz gurallary hem işjeň ulanylýar.

Bu ýerde körpelere hojalyk işlerini ýerine ýetirmekde ululara kömek bermegiň usullary öwredilýär. Mysal üçin, körpe gyzjagaz ejesine kir ýuwmakda kömek bermek babatda öwrenen zatlaryny görkezdi. Ol özüniň hereketlerini jikme-jik düşündirip, uly bolmadyk hojalyk esbaplarynyň kömegi bilen kir ýuwmagyň, guratmagyň we ütüklemegiň tärlerini ýerine ýetirdi.

Mekdep ýaşyna çenli pedagogika we psihologiýa otagynda kämillik oýunlarynyň beýleki köp görnüşleri hem bar. Olaryň ählisi çaganyň herekete hem-de akyl ýetirmäge bolan isleglerine esaslanýar. Şeýle oýunlaryň netijesinde çagalar has ünsli we düşbi bolýar, olaryň hereketleri bolsa has sazlaşyklylygy hem-de takyklylygy bilen tapawutlanýar. Çaga didaktiki serişdeleriň ählisini özbaşdak ulanmak bilen, peýdaly tälimleriň köpüsini özleşdirýär hem-de ýerine ýetirilen wezipäniň dogrulygyny özi barlap bilýär. Körpe goýberen ýalňyşlyklaryny özi tapyp bilýär hem-de olary düzedýär. Bu meseläni çözendigine düşünmek üçin oňa mugallyma ýüzlenmegiň ýa-da ýene-de biraz pikirlenmegiň zerurlygy ýokdur.

Hormatly Prezidentimiz otagyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşlygyň barşynda häzir döwrüň ösendigini, ýurdumyzda gurulýan bilim-terbiýe ojaklarynyň döwrebap derejede enjamlaşdyrylýandygyny aýdyp, munuň täze taryhy eýýamyň möhüm talabydygyny belledi. Okuw otaglarynyň häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilmegi, ýokary tehnologiýaly tehniki enjamlaryň, kompýuterleriň ornaşdyrylmagy döwrüň talabyndan gelip çykýan möhüm wezipelerdir.

Indi birnäçe ýyl mundan ozal ulanylan enjamlar häzirki döwrüň talabyny ödemeýär, döwür bilen aýakdaş gitmek, ýaş nesilleriň dünýä ylmyna çuň aralaşmagy üçin gurulýan täze binalarda häzirki zaman enjamlarynyň, multimediýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi henm-de soňky ýyllarda ýurdumyzda gurulýan bilim ojaklarynyň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagynyň kanunalaýyklykdygyny aýtdy.

Şeýlelikde, ýaş hünärmen bu didaktiki serişdeleriň çaganyň ähli şahsy aýratynlyklaryny nazara almak bilen, şahsyýetiň ösmegine ýardam edýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar bilen gürrüňdeş bolup, olardan haýsy oýunlary halaýandyklaryny sorady, olaryň kompýuterden peýdalanyp bilişleri bilen gyzyklandy. Körpeler kompýuterde diňe bir gyzykly oýunlary oýnamak bilen çäklenmän, eýsem, onuň kömegi bilen täze bilimleri özleşdirip, mekdebe taýýarlyk görýändiklerini aýtdylar.

Döwlet Baştutanymyz hakykatdan hem, çagalaryň häzirki nesliniň maglumat tehnologiýalaryny ulularyň köpüsinden has gowy we çalt özleşdirýändigini aýdyp, çaganyň irki ösüşiniň wezipeleriniň mekdep ýaşyna çenli bilim ulgamynyň öňünde täze talaplary goýýandygyny nygtady. Mugallymçylyk mekdebi hem bu ulgam üçin hünärmenleri taýýarlamaga ýardam etmelidir.

Milli Liderimiz körpelere okuwda üstünlikler arzuw edip, tanyşlygyny dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow multiwediýa tehnologiýalar otagyna baryp gördi. Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary we talyplary çagalar bilen okuwlary guramakda olaryň mümkinçiliklerini görkezdiler.

Talyplar tarapyndan geografiýa sapaklarynyň mysalynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylyşy görkezildi. Bu ýerde ornaşdyrylan kompýuterlerde aýratynlykda hem-de toparlaýyn, ýagny simsiz ulgamlar arkaly birleşdirilen toparlarda işläp bolýar. Şol ulgamlaryň kömegi bilen çagalaryň bilimini baýlaşdyrmak hem-de olaryň sapaklara gyzyklanmalaryny höweslendirmek maksadynda interaktiw elektron kitaplary döredip bolýar.

Bu ýerdäki uly sensor stoly aýratyn gyzyklanma döredýär. Ol öwrenilýän mowzuk boýunça desgalary üç ölçegli nusgalar görnüşinde görkezmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem onuň monitoryna wideoýazgylary we beýleki sanly materiallary çykaryp bolýar. Şu tehnologiýadan peýdalanyp, geljekki mugallymlar kommunikasiýalaryň we maglumatlary bermegiň dürli serişdeleriniň kömegi bilen çagalary interaktiw usulda okatmagyň öňdebaryjy usullaryny özleşdirýärler.

Döwlet Baştutanymyz bu enjam bilen gyzyklanyp, onda Türkmenistanyň kartasyny görkezmegi haýyş etdi we mähriban ülkämizi öwrenmek babatda sapaklaryň has aýdyň bolmagy üçin nähili ugurdaş serişdeleri ulanyp boljakdygyny sorady.

Görkezme sapaklary astronomiki mowzuk boýunça dowam etdi. Türkmenistanyň ilkinji aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy çagalaryň kosmosa bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Munuň özi innowasion okuw maksatnamalarynyň mazmuny kemala getirilende hem nazara alyndy. Mysal üçin, olaryň biri özüne älem giňişligi baradaky maglumatlardan başga-da, kompýuter oýnuny birleşdirýär. Onuň kömegi bilen emeli hemrany orbita çykarmak üçin raketa göterijileriň esasy enjamlar bilen tanyşmak bolýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt dilleri otagyna bardy, şol ýerde interaktiw tagtanyň mümkinçiliklerini görkezmek arkaly görkezme sapagy geçirildi.

Mugallymlar häzirki zaman tehnikasynyň bu täsin ulgamyny görkezme – gollanma usuly, grammatiki trenažýor hökmünde ulanyp çagalary okuwa gatnaşmaga işjeň çekýärler. Okuwçylar bir wagtyň özünde görüp, diňläp, okap, sözleri aýdyp, ýazyp, oýnap, aýdym aýdyp, filmlere tomaşa edip, dürli diskler bilen işläp bilýärler. Multimediýa gurallary sapaklaryň gyzykly bolmagyny üpjün etmäge, okuwçylaryň geçen sapaklary özleşdirmegiň derejesini barlamaga mümkinçilik berýär. Munuň özi ýaşlykdan daşary ýurt dillerini öwrenmek işini düýbünden täze derejä çykarmaga ýadam edýär. Iňlis dilini öwrenmek boýunça bu maksatnama hut çagalar baglarynda ulanmak üçin niýetlenendir.

Soňra milli Liderimiz kitaphana bardy we şol ýerde döredilen şertler hem-de ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen tanyşdy. Bu ýerde işleýän hünärmen kitaphananyň gorlarynyň 30 müň kitaba niýetlenendigini aýtdy. Kitaphanada köpsanly döwürleýin neşirler üçin hem bölümler bar. Okyjylaryň 100-siniň ýerleşip biljek zalynda döwrebap kompýuterler ornaşdyryldy, olar arkaly internet ulgamyna hem girmek bolýar. Bu ýerde printerler, skanerler, nusgalary alýan enjamlar we beýleki tehnikalar hem bar. Mundan başga-da, ýörite enjamly dikeldiş otagy hem göz öňünde tutuldy.

Bitewi kitaphana elektron ulgamyndan islendik zerur bolan maglumaty monitora çykaryp bolýar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň döreden kitaplarynyň elektron görnüşleri, şeýle hem beýleki elektron kitaplaryň katalogy görkezildi. Şol katalogyň kömegi bilen okyjylar özlerine gerek bolan kitaplary tapyp bilýärler.

Ýurdumyzyň beýleki elektron kitaphanalarynda hem maglumatlary almaga mümkinçilik bar. Munuň üçin okyja kompýutere öz maglumatlaryny girizmek we biraz wagtdan isleg bildirilýän neşiri almak ýeterlikdir. Mundan başga-da, daşary ýurt edebi çeşmeler bilen tanşyp bolýar – öz islegi boýunça okyjy dünýäniň islendik nokadyndan kitabyň elektron nusgasyny alyp bilýär, ony özüniň planşetine girizip ýa-da çap edip bilmäge mümkinçiligi bardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtly diplomatlara ýüzlenip, Türkmenistanyň bitewi elektron giňişligine girmegi milli bilim ulgamyny özgertmek, ylym ulgamyny ösdürmek, işgärleri taýýarlamagy kämilleşdirmek ýaly möhüm maksatlara ýetmäge ýardam edýändigini aýtdy. Kitap hemişe-de aýratyn gymmatlyk bolupdy, häzirki günde bolsa biziň talyplarymyz we mugallymlarymyz “on-laýn” ýagdaýynda ylmy we okuw edebiýatynyň giň ulgamy bilen tanşyp bilýärler.

Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň wekilleri täze taryhy eýýamda türkmen ýaşlaryna hem-de olaryň halypalaryna kämilleşmek, ýokary hünär tejribesini we tälimlerini almak, öňdebaryjy ylmy-tehniki gazananlary iş ýüzünde ulanmak babatda giň mümkinçilikleriň döredilendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyz okuw binasyndan çykyp, mugallymçylyk mekdebiniň aýratyn binada ýerleşen sport merkezine bardy. Milli Liderimiz onuň birnäçe otaglaryny, şol sanda atletika zalyny gözden geçirdi. Bu ýerde dürli trenažýorlar, dürli zerur bolan enjamlar, şeýle hem toparlaýyn oýunlar üçin niýetlenen zal bar. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde gyzlar toparlarynyň woleýbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygyna tomaşa etdi.

Milli Liderimiz ýakyn wagtda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda täze sport toplumynyň açyljakdygyny aýtdy. bu toplum dünýä ülňüleriniň derejesinde ýurdumyzda döredilýän sport we saglyk düzümine girer. Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtly gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň myhmanlarynyň bu köpsanly merkezlerde meşgullanyp, saglygyny berkidip biljekdigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 500 orunlyk umumyýaşaýyş jaýyna bardy we iki adama niýetlenen otaglaryň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Ähli amatlyklardan başga-da, bu ýerde özbaşdak sapaklar hem-de taýýarlyk üçin oňaýly şertler döredildi. Noutbuklar, okuw edebiýatlary we beýleki serişdeler ýaşlaryň hyzmatyndadyr.

Şeýle hem medeniýetli dynç alyş otaglary bar, bu ýerde kitap okamak, kompýuterde işlemek, wideoşekillere tomaşa etmek, dürli dynç alyş çärelerini geçirmek üçin şertler döredildi. Şeýle hem hojalyk – durmuş serişdeleri üçin otag göz öňünde tutuldy.

Döwlet Baştutanymyz umumyýaşaýyş jaýyndan Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler zalyna bardy we ony gözden geçirip bolandan soň, hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrdy. Milli Liderimiz daşary ýurtly ilçilere şu baýramçylyk dabarasyna, umuman, ýurdumyzda geçirilýän şeýle iri we ähmiýetli çäreleriň ählisine gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, myhmanlara bu okuw mekdebiniň taryhy barada gysgaça gürrüň berdi. Öz döwründe ýurdumyzda meşhur bolan adamlaryň köpüsi bu okuw mekdebini tamamlanlardyr.

Döwlet Baştutanymyz mugallymçylyk mekdebine ady dakylan ajaýyp türkmen şahyry Aman Kekilow barada gürrüň berdi. Milli Liderimiz häzirki wagtda başlangyç synp mugallymlaryny we terbiýeçileri taýýarlamakda bu bilim ojagynda möhüm ornuň degişlidigini belledi. Çünki çagalaryň irki döwürde alan bilimleri hem-de terbiýesi olaryň geljekde okuwda we durmuşda gazanjak üstünlikleriniň kepili bolar.

Hormatly Prezidentimiz mugallymçylyk mekdebiniň müdirine awtoulaglaryň açaryny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz täze binalar toplumynyň açylmagy mynasybetli mugallymlary we talyplary ýene-de bir gezek gutlap, ýurdumyzyň mugallymlar jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde olara uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra milli Liderimiz bu okuw mekdebiniň gapdalynda täze gurlan “Aşgabadyň ýalkymy” söwda merkezine tarap ugrady.

Täze söwda toplumynyň öňündäki owadan bezelen meýdançada baýramçylyk ýagdaýy äşgär duýulýar. Dabara mynasybetli onuň çägini howa şarlary, toý baglary we baýdaklar bezedi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň ilçileri, telekeçiler, köpsanly aşgabatlylar garşylaýar. Aýdym-sazly çykyşlar şu günki waka aýratyn öwüşgin çaýdy.

Döwlet Baştutanymyz söwda toplumynyň merkezi girelgesine barýar we el çarpyşmalar bilen toý bagyny kesip, paýtagtymyzda gurlan täze söwda merkezini açýar.

Milli Liderimiz binanyň zalyny gözden geçirýär, bu ýerde maglumat berýän enjam oturdylypdyr. Onuň kömegi bilen her bir alyjy söwda merkezinde bar bolan harytlaryň görnüşleri, dükanlaryň ýerleşişi, ugurdaş hyzmatlar barada maglumat alyp bilýär.

Söwda merkezi 44,5 müň inedördül metre golaý meýdany eýeläp, onuň içinde 17 dükan, 550 orunlyk restoran we “Altyn açar” ulgamynyň garbanyşhanasy, gözellik salony ýerleşdirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew hormatly Prezidentimize toplumyň işiniň guralyşy hem-de bu ýere gelýänler üçin döredilen şertler barada gürrüň berýär.

Döwlet Baştutanymyz merkeziň birinji gatynda ýerleşýän dükanlar toplumy, olarda hödürlenýän önümleriň görnüşleri bilen tanşyp başlady. Bu ýerde ýurdumyzyň telekeçileriniň öndürýän dürli görnüşli azyk önümleri ilata hödürlenýär.

Merkeziň çörek we çörek önümleri satylýan dükanynda türkmeniň ak bugdaýyndan öndürilen dürli görnüşdäki çörek önümleri bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär.

Hormatly Prezidentimiziň indiki baran bölüminde türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilen gök we miwe önümleriniň dürli görnüşleri satuwa çykarylypdyr.

“Aşgabadyň ýalkymy” söwda merkezinde ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatyna degişli önümleriň köp görnüşi, şol sanda gawun kaky, gawun toşaby, miwe suwlary we beýleki alkogolsyz içgileri, pomidor goýaltmasy, şeýle hem konditer önümleri ilata hödürlenilýär. Bu önümleriň we olaryň gaplarynyň ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilýändigi has-da guwandyryjy ýagdaýdyr.

Milli Liderimiz harytlar bilen tanyşýar, olaryň görnüşleri gündelik islegleri nazara almak bilen, dürli ugurlar boýunça düzülipdir we önümleriň müňlerçesini: gök we bakja önümlerinden başlap, şöhlat we ýarym fabrikatlara, et we balyk, süýji-köke önümlerine çenli görnüşleri öz içine alýar.

Döwlet Baştutanymyz söwda merkeziniň ikinji gatyna baryp “Altyn açar” kafesine barýar. Onda alyjylara ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň öndürýän süýji tagamlary hödürlenýär. Kafeniň eko-nusgada bezelen özboluşly görnüşi wagtyňy gowy geçirmäge ýardam edýär. Bu ýerde özüňi tebigatyň gujagynda, palmalaryň boýnunda, tropiki ösümlikleriň arasynda ýaly duýýarsyň. Kafeniň eýwanynda bolsa, açyk howada oturyp, bir käse çaý içip bolýar.

Söwda merkeziniň ikinji gatynda uly dokma önümleri bölümi hem bolup, bu ýerde alyjylara ýurdumyzda öndürilen matalardan taýýarlanan ýokary hilli önümleriň dürli görnüşleri, şol sanda ýorgan—düşek, daşlyklary, desmal we beýleki zatlar hödürlenýär. Jinsi matasyndan tikilen zatlar uly islegden peýdalanýar. Olar türkmen dizaýnerleriniň tagalallary netijesinde moda meýillerine, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda meşhur bolan biçüwlere gabat gelýär.

Türkmen telekeçileriniň öndürýän mebelleri we öý goşlary satylýan dükanda öý üçin, edara we jemgyýetçilik ýerleri üçin niýetlenen mebeller, aşhana enjamlary, hojalyk esbaplary bar.

Hormatly Prezidentimiz merkez bilen tanyşlygyň barşynda çaga egin-eşikleriniň dükanyny synlady. Bu ýerde Türkmenistanda öndürilen owadan we ekologik taýdan arassa önümleri satyn almak bolýar. Olaryň hatarynda dürli ýaşdaky çagalar üçin, körpelerden başlap mekdep okuwçylaryna çenli niýetlenen gelşikli egin-eşikler, sport lybaslary, gündelik we toýa geýmek üçin niýetlenen geýimler bar.

Elde ýasalan sowgatlyklaryň we milli önümleriň dükany dürli reňkli tekjeleri bilen ünsüňi özüne çekýär. Onuň harytlary halk döredijiliginiň muzeý sergisini ýadyňa salýar. Bu ýerde hödürlenýän harytlaryň hatarynda dürli haly önümleri, bezeg şaý-sepleri, şeýle hem milli lybaslar bolan telpekler, donlar, owadan nagyşlanan tahýalar bar. Bu ýerde şeýle hem keteni matasyndan dokalan sowgatlyklary, Aziada-2017-si nyşanly torbalary, kädiden ýasalan zatlary, etniki mowzuga degişli sowgatlyklary görmek bolýar. Elbetde, bu zatlaryň hemmesi sap nah önümlerden: ýüplükden, keçeden, ýüpekden, agaçdan ýasalyp, olaryň her biri gözüň dokundyrýar, öz owadanlygy bilen ajaýyp sowgat bolup bilýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kitap önümleri we okuw esbaplary satylýan bölüme bardy. Bu ýerdi milli Liderimizi täze neşirler, mekdep okuwçylary üçin harytlar, dürli çap önümleri bilen tanyşdyrdylar—bu zatlaryň hemmesi, inlis dilindäki edebiýatdan, daşary ýurt dillerindäki goldanmalardan başgasy ýurdumyzda öndürilen harytlar bolup, olar öz owadanlygy bilen ünsüňi özüne çekýär. Döwlet Baştutanymyza täze önümleriň ýene-de biri – ýurdumyzyň telekeçileriniň öndürip başlan ýokary hilli hat ýazylýan ak kagyzy görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem gül satylýan dükany gözden geçirdi. Bu ýerde özüniň gözelligi we hoşboý ysy bilen haýran galdyrýan gülleriň köp görnüşleri bar.

Döwlet Baştutanymyz söwda merkezi bilen tanyşlygy tamamlap, binanyň birinji gatyna düşýär we Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrýar.

Merkeziň işgärleri bu ýerde döredilen ajaýyp mümkinçilikleriň nyşany hökmünde we sowgat berlen döwrebap söwda merkezi üçin hormatly Prezidentimize ajaýyp halyny sowgat berdiler.

Milli Liderimiz bu ýerden golaýda ýerleşen, täze gurlan köp gatly awtodularga tarap ugrady. Bu desga ilata gije-gündiziň dowamynda hyzmat eder. Onuň içinde bir wagtda 300 sany awtoulag ýerleşýär.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz iň ýokarky gata çykyp, onuň eýwanyndan paýtagtymyzyň gözel keşbini synlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň ýol ulag düzüminiň çalt depginler bilen döwrebaplaşdyrylýandygyny, täze ýollaryň çekilýändigini, bar bolan ýollaryň durkunyň täzelenýändigini, estakada köprüleriniň, ýerasty we ýerüsti pyýada geçelgeleriniň çalt depginlerde gurulýandygyny belläp, paýtagtymyzda awtoulaglaryň hereketiniň artmagy bilen baglylykda degişli ýolbaşçylara awtoduralgalaryň sanyny artdyrmak, olary oýlanyşykly ýerleşdirmek, aýratyn-da ýaşaýyş jaý toplumynlarynda we iri söwda merkezleriniň golaýynda ýerleşdirmek boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz awtomobil duralgasyndan çykyp, indiki açyljak desga tarap ugrady.

Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanylyp, ýene-de bir ajaýyp desga - paýtagtymyzyň Köşi ýaşaýyş toplumynda gurlan umumybilim berýän mekdep ulanmaga berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy täze mekdebiň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde uly baýramçylyk öwüşgini äşgär duýulýar, aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar.

Dabara gatnaşyjylar—116-njy mekdebiň mugallymlary we okuwçylary hormatly Prezidentimizi ruhubelentlik bilen garşyladylar. Olar üçin bu gün ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Çagalar milli Liderimizi köp öwüşginli aýdym-saz çykyşlary bilen garşylaýarlar.

Dabaraly pursat gelip ýetýär. Oglanjyk we gyzjagaz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa täze mekdebi açyp bermek haýyşy bilen ýüzlenýärler. Ýygnananlaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz däp bolan toý bagyny kesýär we Türkmenistanyň täze bilim syýasatynyň nyşany bolan mekdep çagalar hem-de dabaranyň myhmanlary üçin gapylaryny giňden açýar.

Hormatly Prezidentimiz mekdebiň ak mermerli binasynyň içine girýär. Binanyň eýwanynda döwlet Baştutanymyzy mekdep okuwçylary mähirli garşylaýarlar. Ýaş türkmenistanlylar milli Liderimize ösüp gelýän nesil baradaky aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça Türkiýäniň “Total Inşaat Sanai we Tijaret LTD ŞTI” gurluşyk şereketiniň bina eden täze mekdep bilen tanyşýar.

600 orunlyk mekdep 2,84 gektar meýdanda ýerleşýär. Bu ýerde okuw sapaklaryny, terbiýeçilik işlerini geçirmek, bedenterbiýe – sport we medeni çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Synp otaglary döwrebap multimediýa we kompýuter enjamlary, dürli dersler boýunça okuw gollanmalary bilen üpjün edildi. Amaly sapaklary, fizika, himiýa we beýleki dersler boýunça tejribeleri geçmek üçin laboratoriýalar, kitaphana, tans bilen meşgullanmak üçin niýetlenen ýörite otaglar, drama we beýleki gyzyklanma bildirilýän gurnaklar üçin otaglar bar. Mundan başga-da, döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan çaga lukmanynyň we diş lukmanynyň otaglary, 200 orunlyk naharhana, baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin uly mejlisler zaly ýerleşýär. Uly we kiçi sport zallary hem-de futbol, woleýbol, basketbol, ýeňil atletikanyň dürli görnüşleri üçin niýetlenen sport meýdançalary bar. Bu ýerde dürli sport ýaryşlaryny geçirip bolýar.

Mekdep okuwçylaryny hemmetaraplaýyn terbiýelemek üçin zähmet okuwy otaglary hem göz öňünde tutulypdyr, bu ýerde gyzlar tikin tikmegi, keşde etmegi, milli tagamlary taýýarlamagy öwrenýärler, oglanlar bolsa ussaçylygyň inçe tärlerini öwrenýärler, şeýle hem milli şaý-sepleri ýasap, zergärçilik sungatyny özleşdirýärler.

Mundan başga-da, mekdebiň okuw-tejribe zolagynda howa gözegçilik etmek üçin meteorologiki stansiýa we meýdany 250 inedördül metre barabar bolan ýyladyşhana guruldy. Şol ýerde okuwçylar tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda dürli agaçlaryň nahallaryny, gök we bakja ekinlerini hem-de gülleri ýetişdirmegiň usullaryny özleşdirýärler.

Döwlet Baştutanymyz täze mekdep bilen tanyşlygy başlangyç synp otaglaryndan başlady. Otagda sapak geçip oturan birinji synpyň mugallymy we okuwçylar hormatly Prezidentimizi uly ruhubelentlik, şatlyk bilen garşyladylar. Başlangyç synp mugallymy milli Liderimize 1-nji synpa gelen alty ýaşly okuwçylar bilen ilkinji sapaklara girişilendigini aýdyp, işlemek, körpe nesillere hemmetaraplaýyn bilim-terbiýe brmek ugrunda ähli zerur mümkinçilikler döredilen döwrebap mekdebi sowgat edendigi üçin hormatly Prezidentimize sagbolsun aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz çagalara gowy okamagy hem-de olaryň ähli sapaklar boýunça diňe 5-lik bahalary almagy arzuw edip, asylly däbe görä, 1-nji synp okuwçylarynyň her birine noutbuklary gowşurdy. Mekdep okuwçylary ajaýyp sowgat hem-de okamak babatda döredilen mümkinçilikler üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi oňat okajakdyklaryna hem-de bilimleri birkemsiz ele aljakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz oýun otagyna bardy, şol ýerde 6 ýaşly çagalaryň sapagy geçýärdi. Mugallym döwlet Baştutanymyza bu ýerde döredilen şertler, çagalaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek üçin ulanylýan döwrebap interaktiw tehnologiýalar barada gürrüň berip, ösüp gelýän nesil barada atalyk aladasyny edýändigi üçin mähriban Arkadagymyza sagbolsun aýtdy.

Täze döwrebap mekdebiň 1-nji synpyň okuwçylarynyň hormatly Prezidentimiziň elinden noutbuklary sowgat almagy şu günki dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Döwlet Baştutanymyz çagalaryň “üçem” halk oýnuny synlap, bu oýnuň çagalara sanamagy öwredýändigini, matematikanyň, başlangyç bilimlerini özleşdirmegine ýardam edýändigini belledi. Şoňa görä-de, 6 ýaşly çagalar bilen geçilýän sapakda şeýle peýdaly oýunlaryň ulanylmagy olaryň okuwyna ýardam edýär. Şeýle oýunlaryň kömegi bilen çagalaryň özbaşdak pikirlenmegini ösdürmäge, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge mümkinçilik döreýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýratyn nygtady. Çagalar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sowallaryna uly höwes bilen jogap berip, özleriniň oňat taýýarlygyny görkezdiler. Hormatly Prezidentimiz çagalara okuwda üstünlikler arzuw edip, geljekde olaryň halan kärlerini saýlap alyp, eziz Watanymyz üçin gerek bolan hünärmenler bolup ýetişjekdiklerine ynam bildirdi.

Şu günki dabara mynasybetli döwlet Baştutanymyz täze döwrebap mekdebiň 1-nji synp okuwçylaryna noutbuklary sowgat berdi.

Hormatly Prezidentimiz çagalara okuwda üstünlikler arzuw edip we olar bilen ýadygärlik üçin surata düşdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mekdepden çykyp barýarka, hemmeleri täze mekdebiň açylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady, mugallymlara jogapkärli işinde üstünlikler, okuwçylara bolsa bilimleri özleşdirmekde tutanýerlilik arzuw etdi. Mekdebiň mugallymlary döwlet Baştutanymyza täze umumybilim berýän mekdebiň ajaýyp döwrebap binasy hem-de ýurdumyzyň ýaş nesli barada yzygiderli edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

***

Ýurdumyzda täze okuw ýylynyň başlanmagy ähli welaýatdarda we Aşgabat şäherinde gurlan bilim ulgamynyň onlarça edaralarynyň açylmagy bilen alamatlandyryldy. Hususan-da, şü gün ýurdumyzda umumybilim berýän mekdepleriň 25-si, çagalar baglarynyň 14-si şeýle hem sport mekdepleriniň ikisi öz gapylaryny giňden açdylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter