Türkmenistanyň oňyn gender syýasatynyň dünýä ykrarnamasy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň oňyn gender syýasatynyň dünýä ykrarnamasy

опубликованно 01.09.2015 // 886 - просмотров
 

Türkmen wekiliýetiniň wekiline şu günler Nýu-Ýork şäherinde (Amerikanyň Birleşen Ştatlary) Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda geçirilýän Parlamentiň Baştutanlarynyň 4-nji Bütindünýä maslahatynyň münberinden çykyş etmek mümkinçiliginiň berilmegi Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiliginde barha ýokarlanýan ornunyň, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda gender deňligi babatda netijeli syýasaty durmuşa geçirýän täze garaýyşly lider hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belent halkara abraýynyň nobatdaky ajaýyp subutnamasyna öwrüldi.

Ozal habar berilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça türkmen wekiliýeti 2015-nji ýylyň 28-nji awgusty-3-nji sentýabry döwründe Parlamentleriň zenan ýolbaşçylarynyň 10-njy halkara hem-de Parlamentleriň Baştutanlarynyň 4-nji Bütindünýä maslahatyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine ugradyldy.

Maslahatyň münberinden çykyş edip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa kärdeş parlamentarilerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Şol strategiýa halkara syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine işjeň ýakynlaşmaga tarap ugur alyp, hemişelik oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan syýasaty yzygiderli alyp barýar.

Biziň bu syýasatymyz 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň 50-nji ýubileý sessiýasynda ykrar edildi we Baş Assambleýa «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly ýörite rezolýusiýasyny kabul etdi. Şu ýylyň dekabrynda bu şanly waka 20 ýyl dolýar. Şoňa görä-de 2015-nji ýyl Türkmenistanda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi diýip, Mejlisiniň Başlygy aýtdy hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň we Parlamentiniň adyndan türkmen bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp şu ýylyň dekabrynda Watanymyzyň paýtagty Aşgabatda geçiriljek halkara maslahatynyň işine gatnaşmaga çagyrdy.

Birleşen Milletler Guramasy bilen milli parlamentleriň we Parlamentara birleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň, şeýle hem BMG-niň çäklerinde her ýylky parlament diňlemeleriniň tejribelerini peýdalanmagyň ähmiýeti nygtaldy. Bu bolsa global strategiýalara we maksatnamalara garalanda parlament nukdaý nazarynyň göz öňünde tutulmagyny üpjün edýär.

Türkmenistanda global ösüşiň häzirki zaman tapgyryna durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde tagallalary birleşdirmek üçin maksatlara täzeden akyl ýetirmegiň dowri hökmünde garalýar diýip, Mejlisiň ýolbaşçysy belledi.

Turkmenistan Parlamentara birleşigine parlamentleriň öz kanun çykaryjylyk we wekilçilikli ornuny ýerine ýetirmek işinde mümkinçiliklerini pugtalandyrmak ýoly bilen, şeýle hem olara Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň esasy ugurlary barada maglumatlary bermek arkaly ýurt derejesinde global borçnamalaryny amala aşyrmaklary üçin esasy gurallaryň biri hökmünde garaýar.

Turkmenistan özbaşdak döwlet ösüşiniň ýyllary içinde ykdysadyýetde, durmuş çygrynda, medeniýetde, milleti ruhy taýdan galkyndyrmakda uly üstünlikler gazandy diýip, A.Nurberdiýewa aýtdy.

Ykdysadyýetiň düzüminiň netijeli üýtgedilip guralmagy,onuň güýçli depginler bilen ösdürilmegi netijesinde ilatyň jan başyna düşýän jemi içerki önümiň (JIÖ) derejesi boýunça Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Turkmenistan 2001-nji ýylda pes girdejili ýurtlaryň toparyndan ortaça girdejili ýurtlaryň hataryna, 2011-nji ýylda bolsa girdejileri ortaça derejeden ýokary geçýän ýurtlaryň toparyna geçirildi. Türkmenistanda hatda dünýä maliýe-ykdysady çökgünlik döwründe hem ýokary ykdysady ösüşiň depginlerini saklap galmak başartdy. Soňky ýyllarda jemi içerki önümiň ösüş depginleri on göterim derejesinde saklanýar.

Döwletiň durmuş ugruna gönükdirilen möhüm wezipesi - bazaryň netijeliliginiň we durmuş adalatlylygynyň arasyndaky deňagramlylygy üpjün etmek diýip, Mejlisiň Başlygy sözüni dowam etdi. Türkmenistanda her bir raýatyň, her bir maşgalanyň, aýratyn hem köp çagaly maşgalalaryň durmuş taýdan goralmagy üçin gin maddy ýeňillikler ulgamy, artykmaçlyklar döredilendir.

Ýurtdaky durmuş kepillikleriniň ulgamy bir tarapdan, köp ugurly bolup durýar. Çünki ol jynsyna, önümçilik çygryna gatnaşygyna, hal-ýagdaýyna garamazdan ilatyň ähli gatlagyny öz içine alýar (mysal üçin, raýatlar bellenen ölçegiň çäklerinde tebigy gazdan, elektrik togundan, agyz suwundan mugt peýdalanýarlar, maşgalalar bolsa, çagalaryna döwlet kömek puluny alýarlar) başga tarapdan bolsa - her kime aýratynlykda, çünki aýry-aýry adamyň anyk islegleri göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyn Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, ýurduň Hökümeti döwletimiziň öňünde duran wezipeleriň köpdürlüligine we çylşyrymlylygyna garamazdan, aýallaryň meselelerine, olaryň konstitusion ýagdaýyna, eneligiň goldanylmagyna we maşgalanyň goralmagyna aýratyn üns berýär diýip, Mejlisiň Başlygy nygtady. Aýallaryň we maşgalanyň jemgyýetiň möhüm düzüm bölegi hökmündäki ornunyň ýokarlandyrylmagynyň göwnejaý hukuk esasynyň üpjün edilmeginiň zerurlygyna, aýallar babatda haýsy-da bolsa bir kemsitmelere ýol berilmezligine barha giňden düşünilmegi Türkmenistanyn kanunçylyk ulgamynda öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanda strategiki taýdan wajyp we döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryň biri zenanlar hakdaky aladadan, jemgyýetde olaryň derejesini ýokarlandyrmakdan, Türkmenistanyn Konstitusiýasyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda hakyky gender deňligini üpjün etmekden ybarat bolup durýandygy bellenildi.

Ýurdumyzda zenanlaryň ykdysady we işewürlik taýdan işjeňliginiň örän ýokarydygynyň mysaly hökmünde aşakdaky sanlar getirildi: ykdysadyýetde zenanlaryň tutýan orny 2013-nji ýylda 44 göterimden gowrak, döwlete degişli bolmadyk bölekde bolsa – 47 göterimden gowrak boldy.

Ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň hem-de halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalarynyň düzgünnamalaryna laýyklykda erkekler we aýallar üçin deň hukuklary we azatlyklary döretmegiň ýörelgesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasyny ykrar edip we halkara borçnamalaryna yzygiderli eýerip, Türkmenistan adam hukuklary hakyndaky esasy halkara namalaryna, şol sanda aýallaryň hukuklary hakyndaky jarnamalara we konwensiýalara goşuldy.

Şahsyýetiň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramak maksatlaryny ýerine ýetirmäge netijeli hukuk binýady, ýurdumyzyň birnäçe partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işleri ýardam berýär. Milli kanunçylygy kämilleşdirmäge, öňdebaryjy halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleri bilen netijeli, özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.

Şu ýerde şu ýylyň iýun aýynyň ortalarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň Aşgabada bolan resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisine baryp görendigini bellemek ýerlikli bolar. Şol ýerde söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşikleriň aýratyn wajyp bolandygyny nygtap, belent mertebeli myhman BMG bilen Türkmenistanyň arasyndaky barha artýan hyzmatdaşlygyň depginini kanagatlanma bilen belledi. Türkmenistanyň başlangyçlary döwrüň düýpli meselelerini çözmekde dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar.

BMG-niň Baştutany türkmen parlamentiniň kanun çykaryjylyk we halkara işlerine oňyn ýagdaý hem-de Türkmenistanyň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak we şahsyýetiň hukuklaryny ileri tutmak ýörelgelerine ygrarlydygynyň şaýatnamasy hökmünde garap, Mejlisiň alyp barýan uly işlerine ýokary baha berdi. Milli kanunçylyga adam hukuklary babatda halkara kadalarynyň implementirlenmegi, şeýle hem ýurdumyzyň birnäçe wajyp halkara konwensiýalaryna goşulmagy Mejlisiň geçirýän işleriniň möhüm ugry bolup çykyş edýär.

Şol gün sapary mahalynda ýanynda bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň aýaly hanym Pan Sun-Taek Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary merkezine baryp görüp, ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşinde duşuşyk geçirdi.

Milli parlamentiň häzirki hereket edýän düzüminde zenanlaryň möçberi 26,4 göterimden ybarat, ýagny 125 deputatyň 33-si aýallar bolup durýar. Munuň özi dünýäniň ortaça derejesinden we dünýäniň ençeme ösen ýurtlarynyň görkezijilerinden geçýär. Zenanlaryň ýüzlerçesi welaýat, etrap, şäher wekilçilikli häkimiýet edaralary bolan Halk maslahatynyň düzüminde, müňlerçesi ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bolan Geňeşleriň düzüminde işleýärler.

Zenanlaryň köp sanlysy hökümetiň ýokary edaralarynyň düzümine girýärler, mysal üçin, hökümetiň wise-premýeri, ministrler, şeýle hem welaýat, şäher, etrap dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, gazetleriň we žurnallaryň baş redaktorlary, ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy edaralaryň ýolbaşçylary bolup durýarlar. Zenanlar merkezi we ýerli derejelerde saýlaw toparlarynyň ýolbaşçy düzümine wekilçilik edýärler. Zenanlar erkekler bilen deň hatarda döwlet işlerini dolandyrmaga bolşy ýaly, daşary syýasat işlerine hem gatnaşýarlar. Mysal üçin, diplomatik işgärleriň hatarynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili, şeýle hem Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçisi zenanlardyr.

2015-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň BMG-niň “BMG-Aýallar” gender deňliginiň hem-de aýallaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň meseleleri boýunça gurluş düzüminiň Ýerine ýetiriji Geňeşine saýlanmagy Türkmenistanyň ýurdumyzda BMG bilen ysnyşykly özara hereketde gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen ýörelgesini tassyklaýan nobatdaky ädime öwrüldi.

Türkmenistanyň BMG-niň ilat gaznasy bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda, şol sanda gender deňhukuklylygy ulgamynda anyk wezipeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. ÝNFPA bilen netijeli özara hereketleriň çäklerinde birnäçe bilelikdäki taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. BMG-niň şu düzüminiň maslahatlar bilen goldaw bermeginde “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasynyň” işlenip düzülendigini bellemek wajypdyr. Ol şu ýylyň ýanwarynda Ministrler Kabinetiniň mejlisinlde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanyldy.

Gender deňligi babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary kesgitlenen bu resminamanyň kabul edilmegi, zenanlaryň erkekler bilen deň hatarda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-gümanitar ulgamlarynda amala aşyrylýan işlere gatnaşmaklaryny giňeltmek üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilendir. Munuň özi Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygynyň, şeýle hem zenanlaryň hukuklarynyň anyk berjaý edilýändiginiň we olaryň öz hukuklaryndan peýdalanmak mümkinçiliginiň artýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Nýu-Ýorka saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň gender deňligi hem-de Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça aýallaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň (BMG-Aýallar) giňeldilmegi meseleleri boýunça düzüminiň direktory hanym Ingibjorg Solrun Gisladottir hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary üçin “BMG-Aýallar” sebit merkeziniň ýolbaşçysy hanym Elaine Konkiýewiç bilen duşuşygy geçirildi.

“BMG-Aýallar” düzüminiň ýokary wezipeli wekilleriniň ýurdumyzyň bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli maslahata gatnaşmak üçin 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistana sapar bilen geljekdikleri habar berildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter