Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

 

Şu gün “Turkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda “Gazagystan demir ýoly» milli kompaniýasynyň” Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyň barşynda döwletara hem-de sebit ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgelerini işjeňleşdirmegiň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäk taýdan amatly ýagdaýy eýeläp, sebit we sebitara ýollaryň strategik çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan örän uly üstaşyr, ulag kuwwatyna eýe bolup, ony has netijeli amala aşyrmaga çalyşýar.

Döwlet pudaklaýyn maksatnamalar hem-de Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek arkaly netijeli söwda geçelgelerini ösdürmek babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren halkara başlangyçlary hut şoňa gönükdirilendir.

Duşuşykda hökümetara ylalaşyklary durmuşa geçirmek, üstaşyr-ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem dowam etdirmek barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Ýewropa bilen Aziýany baglaýjy möhüm halka hökmünde Türkmenistan — Gazagystan — Eýran transmilli ulag geçelgesiniň işlemegi, şeýle hem “Demirgazyk — Günorta” demir ýolunyň hereket etmegi bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi, şol sanda ony ulanmak boýunça bilelikdäki çäreleriň birnäçesi kabul edildi.

Taraplar halkara ulag-üstaşyr ýollaryň geçirijilik ukybyny netijeli peýdalanmak, demir ýol konteýnerleriniň daşalýan mukdaryny has-da artdyrmak hem-de olaryň çäklerini giňeltmek maksady bilen nyrh syýasatyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dürli ugurlarda durnukly ýük daşalmagyny üpjün edýän, ýurtlarymyzyň ykdysadyýetleriniň hem-de halklarymyzyň durmuş derejesiniň ösüşi bilen bagly logistika ulgamynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigi aýratyn nygtaldy.

Mundan başga-da, türkmen hünärmenleri Türkmenbaşy — Aşgabat — Mary — Türkmenabat demir ýol bölegini döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek taslamasyny amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek meselesi hakynda-da durup geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu ugurda hyzmatdaşlygyň täze meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

***

Şu gün ýurdumyzyň DIM-inde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasarynyň wideomaslahat görnüşindäki duşuşygy geçirildi.

Taraplar mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler. Iki ýurduň konsullyk hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegi bilen birlikde, hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Diplomatlar syýasy-diplomatik ugur boýunça özara hereketlere seredip, sebit we halkara gün tertibi boýunça nukdaýnazarlarynyň gabat gelýändigini nygtadylar. Taraplar halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar hem-de parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça özara gatnaşyklaryň dowam etdirilmegi babatynda pikirlerini beýan etdiler.

Duşuşygyň barşynda häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna, hususan-da, COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow koronawirusyň ýaýramagy bilen baglanyşykly dünýäde emele gelen ýagdaýa uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirildi.

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek üçünji mejlisine taýýarlyk görmek, şol sanda duşuşygyň gün tertibi babatda pikirleri alyşmak maslahatyň esasy temalarynyň biri boldy.

Diplomatlar nobatdaky duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, hususan-da, söwda, maýa goýumlary, nebitgaz pudagy, energetika, gurluşyk, oba hojalygy, ekologiýa, azyk howpsuzlygy, bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

***

Şu gün Halkara tennis federasiýasynyň prezidenti, Halkara Olimpiýa komitetiniň agzasy Dewid Haggerti onlaýn görnüşde Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň, Tennis federasiýasynyň, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, şeýle hem daşary syýasat edarasynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara tennis ýaryşynyň tapgyrlaýyn duşuşyklarynyň guralmagyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ýaryşyň çäklerinde Dewid Haggertiniň Türkmenistana sapary bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda sportuň ähli görnüşleriniň ösdürilmegine hem-de wagyz edilmegine, şeýle hem ýokary derejeli türgenleriň taýýarlanmagyna uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, Halkara tennis federasiýasynyň, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň we Tennis federasiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Iş meýilnamasyny işläp taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter