Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

опубликованно 31.08.2015 // 844 - просмотров
 

Aşgabat, 31-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişiniň, Milli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça sebitlerde ýaýbaňlandyrylan çäreleriň barşyna, şeýle hem döwlet durmuşynyň ileri tutulýan beýleki meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz ilki bilen göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradowy çagyrdy. Ol welaýatdaky işleriň ýagdaýy, obasenagat pudagynda alnyp barylýan işler, şol sanda güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem welaýatyň häkimi Milli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy barada, hususan-da, bu welaýatda dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy, olary ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyna çenli ulanmaga bermäge, şeýle hem täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk barada aýtdy. Häkim Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz milli senenamamyzyň şanly wakalaryna bagyşlanan çäreleriň, şol sanda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli desgalaryň açylmagyna bagyşlanyp guralýan çäreleriň ýokary derejesini üpjün etmegiň möhümdigi barada aýdyp, täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek meselelerine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişine, hususan-da, bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň barşyna nägilelik bildirip, ekişde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegini, şeýle hem pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek boýunça ähli çäreleriň berk berjaý edilmegini talap etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýewi çagyrdy. Häkim sebitde geçirilýän işler, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişiniň barşy barada hasabat bermek bilen, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy we olaryň depginini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän çäreler, Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralara ykjam taýýarlyk görmek hem-de welaýatyň ähli etraplarynda bu çäreleri ýokary derejede guramagy
üpjün etmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ulanmaga berilmegi göz öňünde tutuýlan täze binalardaky işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, olary hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz häzirki wagtda amala aşyrylýan oba hojalyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belläp, welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça geçirilýän çäreleriň netijelliligini ýokarlandyrmakda mundan beýläk-de tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny ünsi çekdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada degişi guramalar bilen bilelikde işleri utgaşykly alyp barmak babatda häkime anyk görkezmeleriň birnäçesini berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Ol welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri, hususan-da, bugdaý ekişiniň barşy, pagta ýygymy möwsümine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Welaýatyň çäklerrinde bina edilýän desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly çäreler barada hem habar berdi.

Hasabatyň çäklerinde welaýatda gurulýan täze desgalardaky işleriň ýagdaýy, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň öňde boljak maslahatyna hem-de Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk baradaky habar aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, şeýle hem ýurdumyzda bellenilýän beýleki şanly senelere, şol sanda Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp geçiriljek dabaraly çärelere ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda geçirilmegi üçin ähli tagallalary birleşdirmegi tabşyrdy we welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça çäreleri göz öňünde tutmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz gurluşyk işleriniň ýokary hilli hem-de möhletinde ulanylmaga berilmegi bilen bagly çäreleri işjeňleşdirmek boýunça anyk tabşyryklara berdi hem-de welaýatda bina edilýän desgalardaky işleriň ýagdaýyny hemişe gözegçilikde saklamak babatda häkime degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işleriň barşy baradaky gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, gowaçalara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek boýunça çäreleriň geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi we pagta ýygymyna öz wagtynda girişilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew welaýatda amala aşyrylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmek, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyny garşylamaga görülýän taýýarlyk, şeýle hem şanly baýramçylyk mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Täze okuw ýylynyň başlanmagyna gabatlanyp, ulanmaga berilýän desgalarda taýýarlyk işleriniň barşy, şeýle heim Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatyna görülýän taýýarlyk barada-da habar aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň sebitleriniň ekin meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möhüm möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky meseläňiň üstünde durup geçmek bilen, pagta ýygymynyň hem-de güýzlük bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan täze desgalaryň ählisiniň ýokary hil görkezijilerine laýyk gelmelidigini belläp, olaryň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanmagyna berk gözegçiligi ýola goýmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Mundan başga-da, mlli Liderimiz Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda häkime görkezmeleri berdi.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň—güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň barşy we welaýatda bina edilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Häkim şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada habar berdi. Mundan başga-da, häkim Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ähli ýerlerde geçirlmegi meýilleşdirilýän dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Oba milli maksatnamasynda bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň welaýaty hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bir hatarda, onuň ilatynyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň esasy şertidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz dürli maksatly gurluşyk desgalaryndaky işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz häkime güýzlük bugdaý ekişini we pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek hem-de Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyna göwnejaý taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly birnäçe görkezmeleri berdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahaty Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilowyň hasabaty bilen dowam etdi. Paýtagtymyzda geçirilýän işler, bina edilýän desgalar, ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtmak bilen, häkim Ýaşulularyň maslahatyna hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyna görülýän toplumlaýyn taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Mundan başga-da, täze okuw ýyly mynasybetli birnäçe desgalaryň açylmaga taýýar edilendigi barada habar berildi.

Milli Liderimiz ak mermerli Aşgabat şäheriniň dünýäniň iň gözel şäherleriniň hatarynda mynasyp orun almagynyň şähergurluşyk maksatnamasynyň yzygiderli amala aşyrylmagyna baglydygyny nygtap, häkime şäher düzümini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, onuň durmuş gurşawyny kämilleşdirmek barada birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky işleriň ýagdaýyny hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna häkimiň ünsüni çekip, gurluşyk işleriniň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda döwlet durmuşynyň käbir beýleki möhüm meselelerine hem garaldy.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilen maslahatynyň jemini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine, türkmen halkynyň abadançylygyna gönükdirilen jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikler arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter