Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine sürüm we bejergi traktorlary hem-de oba hojalyk gurallary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, çalgy ýaglaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyza halkara ölçeglere laýyklykda innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap ýöriteleşdirilen ýanyk şikeslerini bejeriş kömegini bermegi guramak, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezini netijeli dolandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagynda býujetden maliýeleşdirilýän hem-de tölegli hyzmatlary ýerine ýetirýän 130 orunlyk Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezini bellenen tertipde döretmek bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 2021-nji ýylda öndüriljek bugdaý ununyň düzümine goşmak üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen “Premiks” azyk goşundysyny satyn almak barada goşmaça ylalaşygy baglaşmaga ygtyýar bermek hakyndaky Çözgüde gol çekdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter