Türkmenistan — BMG: adam hukuklary ulgamynda hyzmatdaşlyk | TDH
Jemgyýet

Türkmenistan — BMG: adam hukuklary ulgamynda hyzmatdaşlyk

 

Şu gün Daşary işler ministrliginde BMGÖM-niň ýurdumyzdaky wekilhanasy bilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň arasynda adam hukuklary boýunça 2020-nji ýyl üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine ýardam etmek boýunça taslamanyň iş meýilnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

Taslamanyň esasy maksady ýurdumyzda adam hukuklary babatda halkara şertnamalara laýyklykda hem-de Türkmenistanda 2016 — 2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça adam hukuklarynyň goralmagyny üpjün etmekden ybarat bolup durýar.

Bu taslamanyň çäklerinde ýokarda agzalan meýilnamanyň ýerine ýetirilmegine hem-de adam hukuklary babatda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasyny işläp düzmekde ýardam bermek göz öňünde tutulýar.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyna laýyklykda ýurdumyzda jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, döwletiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk çäreleriň görülýändigi bellenildi.

Kanunçylyk binýadyna seljerme bermäge hem-de ony hukuk taýdan iş ýüzünde ulanmakda hereket edýän kadalar bilen sazlaşdyrmak, adamyň syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni hukuklary we azatlyklary babatda ýurdumyzyň halkara borçnamalaryny amala aşyrmagy boýunça teklipleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýär.

Adam hukuklary ulgamynda halkara şertnamalaryň düzgünleriniň iş ýüzünde amala aşyrylmagy baradaky meseleler yzygiderli seljerilýär. Umumylaşdyrylan maglumatlar degişli konwensiýalaryň düzgünlerini ýerine ýetirmek, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň milli hasabatlary üçin teklipleri taýýarlamak işinde peýdalanylýar.

Şu babatda kabul edilen iş meýilnamasy adam hukuklary boýunça BMG-niň milli döwürleýin hasabatlaryny taýýarlamak babatda halkara tejribäni öwrenmäge, hereketleriň täze Meýilnamasynyň taslamasyny işläp düzmäge, şeýle hem döwlet işgärleriniň, talyplaryň we ilatyň arasynda adam hukuklary barada habarlylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter