Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halk hojalygynyň ähli pudaklarynda guwandyryjy netijeler gazanylýan Garaşsyz Watanymyzda kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Durmuşa geçirilýän giň gerimli bu işlere ýurdumyzyň zenanlary hem işjeň gatnaşýarlar. Olar ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekip, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýarlar. Agzybir jemgyýetimizde jebisligi has-da berkitmäge saldamly goşant goşýarlar.

Ýurdumyzyň durmuşyna işjeň gatnaşyp, ogul-gyzlaryna, agtyk-çowluklaryna milli däplerimiz esasynda edep-terbiýe bermekde, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmakda, maşgala ojagynyň mukaddesligini gorap saklamakda uly işleri bitirýän zenanlar sylag-hormata mynasypdyr.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşantlary, giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmekde, bilim we saglygy goraýyş ulgamyny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmekde, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, hünärmenleri taýýarlamakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde, ilata lukmançylyk hyzmatlaryny etmekde gazanan uly üstünlikleri üçin, aýratyn önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerini, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny
Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamaly:

Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Ejegyz Garajaýewna Rahmanowany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap hassahanasynyň maşgala lukmanlary bölüminiň maşgala lukmany Annajemal Geldiýewany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Annasoltan Nyýazdurdyýewany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky 28-nji orta mekdebiniň mugallymy Ogulboldy Allabaýewany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 3-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany Miwegül Berdiýewany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Mary welaýatynyň Mary etrap hassahanasynyň maslahat beriş we anyklaýyş bölüminiň lukmany Amantäç Muhammetorazowany.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri,
2020-nji ýylyň 25-nji sentýabry.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter