Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

 

Şu gün Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde wideomaslahat görnüşinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyp, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar, ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdüler.

Şunuň bilen baglylykda, ýokary döwlet derejesinde emele gelen dostlukly, açyk we oňyn syýasy gatnaşyklar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň strategik hyzmatdaşlygyny berkitmegiň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň yzygiderli özara saparlary, duşuşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlardaky ikitaraplaýyn özara gatnaşyklary ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň halkara giňişliginde ynanyşmagyň we özara goldawyň ýokary derejesine eýedigi bellenildi.

Şunda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryna we tekliplerine hormat goýmak bilen garalýandygyny bellemek gerek.

Mysal üçin, özbek tarapy ençeme gezek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika howpsuzlygy, durnukly ulag, ekologiýa we ählumumy gün tertibiniň beýleki möhüm meseleleri boýunça ara alyp maslahatlaşylmagyna hödürlän başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň rezolýusiýalarynyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Öz gezeginde Türkmenistan Özbegistanyň halkara ähmiýetli tekliplerini ilerletmäge işjeň gatnaşýar, goňşy döwletiň BMG-niň dürli düzümlerine agzalyga saýlanmagyny hemişe goldaýar.

Duşuşyga gatnaşyjylar köptaraplaýyn görnüşlerde netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyny aýdyp, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygy, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bellenilýän ýylynda iki döwletiň hem BMG-niň çäklerinde, şol sanda birnäçe gün mundan öň açylan Baş Assambleýanyň maslahatynda ileri tutulýan garýyşlar hökmünde beýan edilen täze taglymlary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak arkaly hyzmatdaşlygy giňeltjekdiklerine ynam bildirdiler.

Geňeşmeleriň barşynda sebit meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy Aral deňziniň hem-de Merkezi Aziýanyň suw-energetika meseleleriniň çözülmegine öz garaýyşlaryny ýene-de bir tassyklady.

Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birek-biregiň garaýyşlaryna özara hormat goýmagynyň hem-de olaryň kanuny bähbitleriniň hasaba alynmagy zerurdyr.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň suw hojalygy ulgamynda, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerinde köpýyllyk oňyn hyzmatdaşlygy munuň mysalydyr.

Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň (türkmen tarapynyň Aral deňziniň ýakasyndaky ýurtlar üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak hakyndaky we özbek tarapynyň BMG-niň Aralýaka sebiti üçin adam howpsuzlygy boýunça Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk trast gaznasyny döretmek baradaky) başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtap, olary iş ýüzünde ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdiler.

Goňşy Owganystana ýardam bermek meselelerinde hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Türkmenistan bilen Özbegistanyň Owganystan Yslam Respublikasyna parahatçylygyň we raýat ylalaşygynyň emele gelmegi boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşýandyklary hemmelere mälimdir.

Iki ýurt hem owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri energetika we düzümleýin taslamalarynyň birnäçesini durmuşa geçirýärler. Mysal üçin, Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan TOPH gaz geçirijisiniň taslamalaryny durmuşa geçirmekde, Türkmenistan –Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamlary we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmekde, OYR ugry boýunça demir ýollarynyň gurluşygynda ep-esli ösüş gazandy.

Syýasy-diplomatik meseleler bilen bir hatarda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmeginiň mümkinçiliklerine hem garaldy, gaz, elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa pudaklarynda, söwda, obasenagat we beýleki ulgamlarda alnyp barýlan bilelikdäki işler şeýle hyzmatdaşlygyň baş ugry bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy durnukly ösüş meýillerine eýedir. Diňe 2019-njy ýylyň görkezijileri boýunça onuň möçberleri takmynan 80 göterim ýokarlandy.

Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek hem-de şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli meseleleriň birnäçesini oňyn çözmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medengi hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini taýýarlamak wem ony geçirmek baradaky pikiri aýtdylar.

Ýakyn ynsanperwer gatnaşyklary döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar. Umumy medeniýete, däp-dessurlara eýe bolan Türkmenistanyň we Özbegistanyň doganlyk halklary gatnaşyklaryň köpasyrlyk taryhyna daýanyp, häzirki wagtda döredijilik we ylmy işgärleriň yzygiderli duşuşyklaryny, medeniýet günlerini, sergileri, konsertleri, festiwallary geçirmek arkaly bu ugry ösdürýärler. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri yzygiderli esasda guramagyň zerurdygyna berk ynam bildirilip, hyzmatdaşlaryň netijeli guraly hökmünde olaryň möhümdigi bellenildi.

***

Şu gün “Türkmendemirýollary” agentliginiň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Ulaglar ministrliginiň demir ýol ulaglary edarasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Taraplar duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ulag-üstaşyr ulgamda geljekki hyzmatdaşlyk babatynda pikir alyşdylar.

Akina-Andhoý we Turgundy-Hyrat demir ýoluň gurluşygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylan möhüm ugur boldy.

Bellenilişi ýaly, strateriki ulgamlarda, şol sanda ulag ulgamynda iri düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagy Owganystanda syýasy durnuklylygy kemala getirmegiň, onuň durmuş-ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmeginiň, sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynyň esasy şerti bolup durýar.

2019-njy ýylyň sentýabrynda “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Owganystanyň demir ýol ulaglary edarasynyň arasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 21 million dollaryna barabar bolan şertnama baglaşyldy, oňa laýyklykda, uzynlygy 30 kilometre deň bolan Akina – Andhoý demir ýoly çekiler. Şu güne çenli şertnamanyň çäklerinde “Türkmendemirýoltaslama” instituty tarapyndan zerur işler geçirildi.

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Mary şäherindäki ýol maşyn şahamçasynda demir ýoluň ýokarky gurluşy üçin 17 kilometrden gowrak rels-şpal gözenekleri ýygnaldy. Demirbeton şpallary we balkalar “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan getirildi, bu desganyň buýrujysy bolsa şertnamadan daşgary relsleri, geçirijileri we berkidijileri iberdi. Mundan başga-da, ýokarda agzalan AGPJ tarapyndan ýörite tehnikalaryň 11-si berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurda hemmetaraplaýyn dostluk goldawyny bermek meselelerine uly üns berýär. Mysal üçin, demir ýoly gurmak işleri Owganystanyň çäginde türkmen we owgan gurluşykçylarynyň bilelikdäki tagallalary bilen alnyp barylýar.

Hususan-da, “VICC VENCO-IMTIAZ Construction Company” kompaniýasy bilen umumy bahasy 10,5 million amerikan dollaryndan gowrak bolan kömekçi-potratçy şertnamasy baglaşyldy. 16 kilometr aralykda ýer düşegini we çäge-çagyl garyndysyny düşemek işleri ýerine ýetirildi. Demir ýoluň taýýar edilen ýer düşeginiň üstüne ballast daşyny düşemek we rels-şpal gözeneklerini gurnamak işine girişildi.

1,5 kilometr aralyga rels-şpal gözenekleri gurnaldy. Mundan başga-da, taslamada göz öňünde tutulan suw geçiriji desgalaryň 33-sinden 16-synyň gurluşygy tamamlandy.“VICC VENCO-IMTIAZ Construction Company” kompaniýasy tarapyndan dürli görnüşli tehnikalaryň 72-si ulanylýar.

Geljekde Akina-Andhoý demir ýol şahasyny Täjigistanyň serhedine çenli uzaltmak meýilleşdirilýär. Soňra ol Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryna çykar. Şeýlelikde, “Lapis-Lazuli” (Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe) ulag geçelgesine birikdirmegiň hasabyna döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikler açylar.

Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar Turgundy-Hyrat demir ýolunyň gözleg işlerini geçirmek, taslamalaşdyrmak, gurmak we tehniki-ykdysady taýdan esaslandyrmak hem-de maliýeleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu işler “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Owganystanyň demir ýol ulaglary edarasynyň arasynda geçen ýylyň iýun aýynda gol çekilen Ähtnama laýyklykda alnyp barylýar. Bu resminama milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hyrat şäherine iş saparynyň barşynda kabul edildi.

Täze polat ýoluň umumy uzynlygy 173 kilometre barabar bolar. Ýoluň ugrunda 4 sany demir ýol menzillerini, aragatnaşyk hem-de habardar ediji ulgamlaryny, beket meýdançasyny we beýleki desgalar gurmak meýilleşdirilýär. Halkara maliýe guramalary, şol sanda Aziýanyň ösüş banky we Yslam Ösüş banky bilen uzakmöhletleýin karz serişdelerini bermek hakynda gepleşikler geçirilýär.

“Türkmendemirýoltaslama” instituty tarapyndan bu ulag ýolunyň Türkmenistanyň çäginden geçýän bölegi bolan Serhetabat bekedinden türkmen-owgan serhedine çenli bolan 6 kilometrlik böleginiň taslamasy taýýarlanyldy. “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 4,420 kilometr aralykda toprak we çäge-çagyl galyndylaryny düşemek işlerini ýerine ýetirdi. Şeýle hem 11 müňden gowrak demirbeton şpallary taýýarlanyldy.

Mundan başga-da, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň Mary gidrogeologiýa ekspedisiýasy tarapyndan inženerçilik taslama-gözleg işleri tamamlandy. Munuň özi Serhetabat bilen Turgundy demir ýolunyň guryýer portunyň arasynda demir ýol köprüsiniň gurluşygy üçin zerur bolup durýar. Umumy uzynlygy 176,8 metre deň bolan bu desganyň gurluşygy “Demirýollary” AGPJ-niň köpri gurluşygy boýunça şahamçasy tarapyndan ýerine ýetiriler. Onuň taslama-nyrh resminamalaryny taýýarlamak işlerine girişildi.

Taraplar Akina-Andhoý we Turgundy-Hyrat polat ýollarynyň ähmiýeti barada aýdyp, olara täze logistiki ugurlaryň goşulmagy bilen Hazardan Hindi ummanyna çenli aralykda halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegi hökmündäki ornunyň pugtalanjakdygyna ynam bildirdiler.

Demir ýol geçelgeleriniň ösmegi Owganystanyň sebitleýin ykdysady ulgama goşulyşmagyna ýardam edýär. Ol owgan halkynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirer. Şol birwagtyň özünde Ýewropanyň, Kawkazyň, Ýakyn Gündogaryň, Merkezi we Günorta Aziýanyň ýurtlary, Türkiýe, Pakistan, Eýran, Hytaý y döwletleri öz harytlaryny Owganystanyň üstünden geçirmek arkaly bähbit gazanar. Munuň özi logistik nukdaýnazardan täze bazarlara çykmak üçin has amatly mümkinçiligi üpjün eder.

Duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, tutuş sebitiň halklarynyň we ýurtlarynyň bähbidine laýyk gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine gönükdirilen bilelikdäki işleriň möhüm ugurlarynyň ylalaşylmagyna kömek berýän wideomaslahatlaryň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

***

Şu gün Italiýanyň paýtagty Rimde BMG-niň Ýakyn Gündogar ýurtlary üçin Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) 35-nji mejlisi öz işine başlady.

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly guralan duşuşyga türkmen tarapyndan birnäçe düzümleriň, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Daşary işler ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Üç günlük forumyň gün tertibine GOVID-19 ýokanjynyň azyk we oba hojalyk howpsuzlygyna edýän täsiri bilen baglanyşykly birnäçe sebitleýin meseleleri girizildi.

Koronawirus ýokanjy zerarly dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ählumumy ýagdaý bilen bagly kynçylyklaryň bardygyna garamazdan, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasaty netijesinde, bökdençsiz önümçiligi ýola goýmak, ýurdumyzyň ilatyny zerur azyk önümleri bilen üpjün etmek üçin ähli zerur çäreler amala aşyrylýar.

Onlaýn-duşuşyga gatnaşyjylar yzygiderli tejribe alyşmagyň wajypdygyny nygtap, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gyzyklanmalaryny mälim etdiler. Şeýle hem emele gelen ýagdaýyň öňüni almak we COVID-19 ýokanjy zerarly emele gelen ýagdaýlaryň ýaramaz täsirini peseltmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň ýola goýulmalydygy bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter