Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 112-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýadan we Özbegistandan gelen telekeçiler polietileni satyn aldylar, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosini bolsa ABŞ-dan we Şweýsariýadan gelen täjirleriň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Bulardan başga-da daşary ýurt puluna takiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümler, jinsi matasy, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, ABŞ, Türkiýe, Azerbaýjan, Ermenistan, Gyrgyzystan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 6 million dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Şweýsariýadan, BAE-den, Pakistandan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan gelen işewürler toparlarynyň wekilleri el halylaryny we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 7 million 68 müň manatdan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 60 million 643 müň manatlykdan gowrak ýokary dykyzlykdaky polietileni («Türkmengaz» DK) hem-de el halylaryny satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter