Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi

 

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Feýsal Bin Farhan Al-Saud sanly wideoaragatnaşyk arkaly geňeşmeler geçirdiler.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derwaýys ugurlaryny, şonuň ýaly-da halkara we sebit ähmiýetli wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki döwletiň DIM-niň ýolbaşçylary dürli derejelerde yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam edýändigini bellediler. Bu ugurda gatnaşyklaryň giňeldilmegine hem-de dünýäde häzirki epidemiologik ýagdaýlar kadalaşandan soň iki ýurduň wekilýetleriniň saparlarynyň guralmagyna taraplaryň taýýardygy beýan edildi.

Gepleşikleriň çäklerinde taraplar söwda-ykdysady ulgamyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, nebit-gaz, gazhimiýasy pudaklarynda, şeýle hem oba hojalygy, dokma we gurluşyk senagatlarynda gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň zerurlygyna ünsi çekdiler.

Türkmenistanyň senagat düzümlerini ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge maýa goýumlarynyň çekilmegi söhbetdeşligiň aýratyyn temasy boldy. Bu ugurda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň wekilleriniň pudagara duşuşyklarynyň dikeldilmeginiň möhümligi nygtaldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter