Daşoguzly ekerançylar pagta ýygymyna girişdiler | TDH
Ykdysadyýet

Daşoguzly ekerançylar pagta ýygymyna girişdiler

опубликованно 16.09.2020 // 139 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, howa şertlerine görä, «ak altyn» möwsümine ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz gijräk badalga berilýän Daşoguz welaýatynyň ekerançylary pagta ýygymyna başladylar.

Welaýatyň häkimliginde geçirilen iş maslahatynda ýygym möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça wezipeler, ähli degişli gulluklaryň takyk işlemegi we sazlaşykly hereket etmegi baradaky meseleler esasy ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boldy.

Demirgazyk sebitde gowaça meýdany 155 müň gektary eýeleýär. Şonça ýerden «ak altynyň» 275 müň tonnasyny ýygnap almak maksat edinilýär. Welaýatyň ekerançylary gowaçanyň «Daşoguz-120», «Daşoguz-144», «Serdar», «C-4727», «Jeýhun», «149F» ýaly orta süýümli görnüşlerini we beýlekileri ösdürip ýetişdirýärler.

Döwrebap oba hojalyk tehnikalary meýdan işleriniň bökdençsiz depginini üpjün eder. Ýygym möwsüminiň dowamynda meýdanlarda «John Deere» kysymly ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň 300-e golaýy işlediler. Şu günler bu tehnikalaryň üsti täze kombaýnlar bilen ýetirilýär. Möwsümde Özbegistanyň önümi bolan MX-1,8 kysymly pagta ýygyjy maşynlaryň hem ulanylmagy meýilleşdirilýär.

Pagta daşamakda ýük awtoulaglarynyň hem-de tirkegli traktorlaryň 1835-si hereket eder. Kabul ediş harmanhanalaryň 43-si we «Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy zawodlarynyň 9-sy gije-gündizleýin işlemäge doly taýýar edildi.

Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanalarda «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri tabşyrylýan çig malyň hilini barlaýarlar.

Pagta ýygymyna başlanylmagy mynasybetli geçirilen dabaralara welaýat we etrap häkimlikleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, oba hojalykçy alymlar, tejribeli agronomlar, kombaýnçylar, sürüjiler we kärendeçi pagtaçylar gatnaşdylar.

Hormatly ýaşulular Watanymyzyň gülläp ösmegini, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de ähli türkmen halkynyň abadançylygyny Beýik Biribardan dileg edip, «Harmanyňyza bereket!» diýen sözler bilen pagta ýygymy möwsümine başlamaga ak pata berdiler.

Soňra baýdaklar bilen bezelen, üsti doly «ak altynly» awtoulaglar hem-de tirkegli traktorlar Köneürgenç etrabyndaky pagta arassalaýjy zawoda tarap ugradylar.

Oba hojalyk tehnikalarynyň we sebitiň obasenagat toplumy tarapyndan öndürilýän önümleriň sergisi guraldy. Welaýatyň artistleri hem-de tans-döredijilik toparlary ajaýyp konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter