Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň garaýşyny beýan etdi | TDH
Syýasat habarlary

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň garaýşyny beýan etdi

опубликованно 12.09.2020 // 245 - просмотров
 

Şu gün Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde 30-a golaý ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, halkara guramalarynyň hem-de “Talyban” hereketiniň wekilleriniň gatnaşmagynda Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça gepleşikler başlandy.

Türkmen wekilýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň baştutanlygynda gepleşikleriň açylyş dabarasyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasynda sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmäge gönükdirilen parahatçylygy ilerletmek boýunça hereketleri goldaýandygyny belledi.

Türkmenistanyň hemişe ýüze çykýan meseleleriň diňe diplomatik we syýasy gurallar arkaly çözülmeginiň tarapdarydygy we gepleşiklere, şol sanda gepleşikleri geçirmek üçin özüniň syýasy giňişligini bermek arkaly ýardam etmäge taýýardygy nygtaldy.

Şeýle hem dürli ugurlardaky, hususan-da energetika, ulag, aragatnaşyk we senagat ulgamlarynda iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi arkaly Owganystanyň ykdysady ösüşine goşant goşmagyň ähmiýeti babatynda bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan TOPH we TOP taslamalarynda, bu ýurtda demirýol gatnawlarynyň ösdürilmegine we ynsanperwer kömeginiň möhüm orny nygtaldy.

Duşuşykda Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de ykdysady ösüşi üpjün etmekde beýleki hyzmatdaş ýurtlar we halkara guramalary bilen gatnaşyklara taýýardygy bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter