“Ak kerweniň” ak ýoly | TDH
Ykdysadyýet

“Ak kerweniň” ak ýoly

 

9-njy sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna girişildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda bu möhüm oba hojalyk möwsümi badalga aldy. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 16-njy sentýabrda başlanar.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda ýurdumyzda “ak altynyň” bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Häzir oba zähmetkeşleriniň baş wezipesi ýetişdirilen hasyly öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almakdan ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň 27-nji awgustda geçirilen mejlisinde bu barada aýtmak bilen, pagtaçylara we ähli daýhanlara ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan yhlasly zähmetlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Pagtaçylyk Türkmenistanyň daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi we milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanylan döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşandy üpjün edýän ähmiýetli pudakdyr. Ýurdumyzyň toprak-howa şertleri gowaçanyň orta we inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin amatly ýagdaýy döredýär.

Täzeçil tehnologiýa esaslanýan häzirki zaman önümçiliginiň guralyşynda pagta süýümi Diýarymyzyň dokma senagaty üçin örän gymmatly çig maldyr. Dokma senagatymyzyň önümlerine dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär.

Oba hojalygynda düýpli özgertmeleriň geçirilmegi netijesinde, bu ulgamyň kuwwaty barha artýar. Pudagyň häzirki zaman önümçilik hem-de hyzmat düzümini döretmek, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak şol özgertmeleriň möhüm ugurlarydyr.

Ekerançylyk ýerlerinde meliorasiýa we suwaryş işleriniň geçirilişine, oba hojalyk toplumynyň tehniki binýadynyň täzelenilmegine köp mukdarda maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Döwletimiz dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden oba hojalyk tehnikalaryny yzygiderli satyn alýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň “John Deere Walldorf GmbH & Co. KG” kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasynyň çäklerinde geçen ýyl “John Deere 9970” kysymly kombaýnlaryň 300-si gelip gowuşdy. Pagta ýygymynyň başyna çenli bolsa şeýle maşynlaryň ýene-de 300-si getirildi, olar Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde synagdan üstünlikli geçdiler. Döwlet Baştutanymyz 8-nji sentýabrda täze oba hojalyk tehnikalaryny gözden geçirip, degişli ýolbaşçylara pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnamak üçin olaryň netijeli peýdalanylmagyna gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

“John Deere 9970” kysymly kombaýn döwrebap tehnika bolup, ol ýokary amatlykly kabinasy, ulanyşda aňsatlygy, tygşytlylygy, ýokary öndürijiligi, şol sanda bunkeriniň uly göwrüminiň hasabyna öndürijiligi bilen tapawutlanýar. Ýeri gelende ýatlasak, 2017-2018-nji ýyllarda ýurdumyza şeýle kombaýnlaryň 400-si getirildi.

Şular bilen bir hatarda, ylmy seçgiçilige, gowaçanyň tiz ýetişýän, ýokary hasylly hem-de täze etraplaşdyrylan görnüşleriniň döredilmegine uly ähmiýet berilýär. Oba hojalygyny sanly ulgama geçirmek, takyk ekerançylyk ulgamlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, daýhan birleşikleriniň düşewüntliligini artdyrmak, kärende gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, anyk çäreler görülýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesine laýyklykda, sebitlerde pagta-dokma toplumlaryny kemala getirmek ugrundaky işler dowam edýär. Häzir Ahal welaýatynda täze senagat toplumlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Şol toplumlaryň her biri inçe süýümli pagtanyň 5 müň tonnasyny gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurulýan kärhanalar “kompakt-penýe” kysymly nah ýüplügi, matalary we taýýar tikin önümlerini öndürer.

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, şu ýyl gowaça ekiljek ýerleriň umumy meýdany 620 müň gektara çenli giňeldildi. Bahar paslynda şunça ýere gowaçanyň “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Daşoguz-144”, “Serdar”, “C-4727”, “Ýolöten-39”, “Jeýhun”, “C-2606”, “Ýolöten-14” orta we inçe süýümli görnüşleri ekildi.

Bu ekini ösdürip ýetişdirmäge hususy oba hojalyk önümlerini öndürijiler hem gatnaşýarlar. Olar oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini aldylar.

Umuman, ýurdumyz boýunça “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Şonuň 280 müň tonnasy Ahal welaýatynda, 10 müň tonnasy Balkan welaýatynda, 275 müň tonnasy Daşoguz welaýatynda, 320 müň tonnasy Lebap welaýatynda, 365 müň tonnasy bolsa Mary welaýatynda taýýarlanylar.

Ýygym möwsüminde “John Deere 9970” pagta ýygyjy kombaýnlaryň 1 müňüsi we “MX-1.8” tirkegli pagta ýygyjy maşynlaryň 500-si, çig maly daşamak üçin ýük awtoulaglarynyň 2 müňüsi, traktorlaryň 2 müň 370-si we traktor tirkegleriniň 3 müň 714-si ulanylar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýerlerde pagta ýygymynyň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin ulanylýan tehnikalara gije-gündiziň dowamynda tehniki-hyzmat ediş işleri guraldy, mehanizatorlaryň, sürüjileriň we pagtany el bilen ýygmakda ussatlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin zerur şertler döredildi.

Pagtany maşyn bilen ýygmaga girişilmezden öň, gowaçanyň ýapragyny düşürmek üçin defoliant zerur bolan mukdarda satyn alyndy. Hemişe bolşy ýaly, bu işde diňe bir ýöriteleşdirilen traktorlar däl, eýsem, raýat awiasiýasynyň ýörite uçarlary hem ulanylar.

Täze hasyly kabul etmek üçin harmanhanalaryň 157-si, pagta arassalaýjy kärhanalaryň 39-sy taýýarlanyldy. Şolaryň ýanyndaky barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri hasylyň hiliniň düýpli barlagyny üpjün ederler.

Öňdebaryjy pagtaçy kärendeçileriň, mülkdarlaryň, ekerançylaryň, kombaýnçylaryň hem-de mehanizatorlaryň zähmetini höweslendirmek üçin 2020-nji ýylyň pagta ýygymy möwsüminde Agrar partiýanyň Merkezi Geňeşi, Demokratik partiýanyň Syýasy geňeşi we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edaralary, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky hem-de “Galkynyş”, “Nesil” we “Bereketli toprak” gazetleriniň redaksiýalary däbe öwrülen bäsleşigi geçirýärler.

Şu gün Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky, Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky we Balkan welaýatynyň Serdar etrabyndaky harmanhanalara we pagta arassalaýjy zawodlara üsti “ak altyndan” doly, Döwlet baýdagymyz bilen bezelen awtoulaglaryň we tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleri geldi.

Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulularymyz pagta ýygymynyň başlanmagyna ak pata berdiler. Olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda berkarar Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň mundan beýläk-de abadançylygyny we gülläp ösmegini Beýik Biribardan dileg etdiler.

Ahalteke bedewlerine atlanan ýigitleriň ugratmagynda pagtaly çuwallar ýüklenen düýeler “ak kerweniň” başyny çekdi. Munuň özi halkymyzyň gowaça ýetişdirip gelýän köpasyrlyk taryhynyň özboluşly beýany boldy.

Pagta ýygymynyň başlanmagy mynasybetli guralan çärelere welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň bölümleriniň, daýhan birleşikleriň, jemgyýetçilik guramalaryň we ylmy-barlag institutlaryň wekilleri, hünärmenler, tejribeli kombaýnçylar, sürüjiler hem-de pagtaçy kärendeçiler gatnaşdylar.

Bu dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän we dokma senagatynyň önümleriniň sergisi guraldy. Welaýatlaryň artistleri, sazandalary, aýdymçylary, tans we folklor toparlary çykyş edip, dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdylar. Sportuň milli görnüşleri boýunça ýaryşlar guraldy. Önümçiligiň öňdebaryjylaryna — “ak altynyň” bol hasylyny ýetişdiren ussat pagtaçy kärendeçilere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter