Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

 

Öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak, gowulandyrmak we gorap saklamak bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmek, şeýle hem peýdalanylýan öri meýdan ýerlerini peýdalanyjylaryň we kärendeçileriň hukuklaryny goramak babatda ýer gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, öri meýdanlaryny peýdalanmaga we kärendesine bermegiň Tertibi, öri meýdanlarynyň peýdalanylandygy üçin tölegiň möçberi hem-de tölegi almagyň Tertibi tassyklanyldy.

Welaýatlaryň häkimlikleri öri meýdanlarynyň peýdalanylandygy üçin tölegleriň doly möçberde we öz wagtynda alnyşyna gözegçilik etmäge borçly edildi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri iki aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligine wideomejlis aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin zerur bolan enjamlary, programma üpjünçiligini we ygtyýarnamalary satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň «Vialex FZE» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gowşudow Merdan Arslanowiç işde goýberen düýpli kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, bilim ministriniň mekdep we mekdebe çenli çagalar edaralary boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter