Söwda we maliýe ulgamlarynyň wekilleri BSG-a goşulmak boýunça halkara tejribesi bilen tanyşýarlar | TDH
Ykdysadyýet

Söwda we maliýe ulgamlarynyň wekilleri BSG-a goşulmak boýunça halkara tejribesi bilen tanyşýarlar

 

Türkmen paýtagtynda ÝHHG-nyň guramagynda «Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) azgalygyň hukuklarynyň we borçlarynyň deňagramlylygy» temasyndan üç günlük onlaýn-seminar öz işine başlady.

Çäre BSG-a agza bolmak üçin gepleşikleri geçirmekde ÝHHG gatnaşyjy döwletleriň tejribesi bilen tanyşdyrmagy, şeýle hem milli söwda syýastyny kämilleşdirmäge ýardam etmegi maksat edinýär.

Çärä ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň işgärleri, şeýle hem maliýe edaralarynyň hem-de ugurdaş beýleki pudaklaýyn edaralaryň wekilleri gatnaşýarlar.

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd seminary açyp, Türkmenistana Bütindünýä söwda guramasyna synçy derejesi berilmegi bilen gutlady.

«Biz Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, şeýle hem daşary söwdany işjeňleşdirmek we amatlaşdyrmak hem-de maýa goýum şertlerini gowulandyrmak ugrunda amala aşyrýan yzygiderli tagallalaryna goldaw bermek maksady bilen şu seminary geçirmek başlangyjyny öňe sürdük» - diýip hanym Drozd belledi.

Webinaryň barşynda BSG-a goşulmak boýunça işiň ugurlary, onuň düzümi, wezipeleri we Guramada çözgütleri kabul etmegiň ýörelgeleri barada Bütindünýä söwda guramasynyň wekili, şeýle hem Gruziýadan we Çernogoriýadan bilermenler gürrüň bererler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter