Türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

 

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň Gyrgyzystan Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Çingiz Aýdarbekow bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikler wideomaslahat aragtanaşygy görnüşinde geçdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ugurlary, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitiniň döwlet baştutanlarynyň III Geňeşmeler duşuşygyna taýýarlyk boýunça pikir alşyldy, ony Bişkekde geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň ugurlaryny kesgitlediler. Halkara düzümlerinde özara goldawy dowam etmegiň wajyplygy bellenildi. Şeýle hem sebitleýin goşulyşma meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter