Edara binasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasy döredildi | TDH
Jemgyýet

Edara binasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasy döredildi

опубликованно 31.08.2020 // 206 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzda edara binasy Aşgabatda ýerleşen Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň esaslandyryjy mejlisi geçirildi.

«Arçabil» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçirilen foruma wekilleriň 200-e golaýy — ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri, şeýle-de wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ermenistandan, Belgiýadan, Belarusdan, Gruziýadan, Eýrandan, Hytaýdan, Russiýadan, Türkiýeden, Özbegistandan Ukrainadan, Fransiýadan we beýleki ýurtlardan kinologiýa federasiýalarynyň, assosiasiýalarynyň, klublarynyň, ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny üýtgedip guramak we onuň binýadynda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasyny döretmek bilen bagly meseleler girizildi. Hususan-da, bu assosiasiýanyň Tertipnamasynyň taslamasyna garaldy hem-de tassyklanyldy, onuň daşary ýurtly agzalary Ýerine ýetiriji komitetiniň, gözegçilik-derňew toparynyň we ýolbaşçy düzüminiň agzalary saýlanyldy. Bulardan başga-da, assosiasiýanyň welaýatlar hem-de Aşgabat şäheri boýunça bölümleri döredildi we onuň başlyklary saýlanyldy, beýleki guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu ýere ýygnananlaryň belleýşi ýaly, milli gymmatlyklary gorap saklamak we dünýä ýaýmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen alabaýynyň seçgi tohumçylygyny has-da gowulandyrmak hem-de baş sanyny artdyrmak bu ugurda geçirilýän giň gerimli işleriň möhüm ugruna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly çuň manyly kitaby alabaý itleriniň türkmen halkynyň durmuşynda we ykbalynda eýeleýän orny barada gürrüň berýär. Bu kitapda dünýäde giň meşhurlyga eýe bolan alabaý tohumynyň gelip çykyşy barada köp ýyllaryň dowamynda geçirilen barlaglar, oýlanmalar, taryhy we edebi maglumatlar getirilýär.

2020-nji ýylyň maýynda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Onuň esasy maksady türkmen alabaýlaryny yzygiderli köpeltmek, halk seçgiçilik usulyny hem-de milli itşynaslyk mekdebini giňden peýdalanyp, halkara derejä ýetirmek bolup durýar.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumy hem-de Änew şäherinde weterinariýa bejerişhanasy we öý haýwanlaryny saklaýan dünýä ölçeglerine gabat gelýän toplum gurlup, ulanylmaga berildi. Toplumda haýwanlara keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny geçirmek, keselini anyklamak we bejermek boýunça hyzmatlaryň dürli görnüşleri alnyp barylýar.

Häzirki wagtda assosiasiýa tarapyndan ýurdumyzyň Ahal welaýatynda türkmen alabaý itleriniň Karantin merkeziniň, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde türkmen alabaý itleriniň Tohumçylyk merkezleriniň hem-de Aşgabat şäherinde Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Munuň özi halkymyzyň wepaly ýoldaşy, milli buýsanjy hasaplanylýan alabaý itleri hakynda edilýän aladanyň ýurt derejesinde özüniň oňyn netije berýändigini aýdyňlygy bilen subut edýär.

Ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek, bu ugurda gazanylan üstünlikleri halkara derejede giňden wagyz etmek maksady bilen, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» žurnaly döredildi. Onda çap ediljek makalalarda alabaýlary köpeltmegiň taryhy we däpleri, milli hem-de dünýä tejribesi hakynda gürrüň berler.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk bölüminiň weterinar lukmançylygy kafedrasynda täze hünär — kinologiýa hünäri açyldy. Şu ýyl bu ugur boýunça ilkinji talyplar saýlap alan hünärleri boýunça bilimleri özleşdirer.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda türkmen alabaýlaryny köpeltmek we olaryň tohumyny gowulandyrmak merkeziniň binalarynyň täze toplumy ulanylmaga berildi.

Bu işler bilen bir hatarda, halkara hyzmatdaşlyga ähmiýetli orun berilýär. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birligi bolan Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) hem-de başga-da birnäçe iri abraýly guramalar, şol sanda bu ugurda iş alyp barýan daşary ýurt assosiasiýalary, ýuridik şahslar we dünýäniň dürli künjeklerinden hususy itşynaslar bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar.

Geljekde ýurdumyzda türkmen alabaý itlerine bagyşlanan maslahatlary, sergileri, alabaý itleriniň gözellik bäsleşiklerini we beýleki halkara çäreleri yzygiderli geçirmek hem-de ylmy işleri alyp barmak meýilleşdirilýär.

Soňky ýyllarda dünýäniň dürli künjeklerinde türkmen alabaý itleriniň muşdaklarynyň sany barha köpelýär. Şeýle uly gyzyklanmany nazara almak bilen, ýurdumyzda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň döredilmegi itleriň tohum arassalygyny saklamak we köpeltmek boýunça ähli hünärmenleriň, türkmen alabaýlarynyň muşdaklarynyň dünýä belli Orta Aziýa itleriniň taryhy mesgenine birleşmegine ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu saýlama tohum itleriň baş sanynyň has-da artmagyna, itçilik babatda tejribe alşylmagyna hem-de netijeli halkara başlangyçlarynyň ýola goýulmagyna ýardam eder.

Edara binasy Aşgabatda ýerleşen Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasyny döretmek hakynda başlangyçlary goldamak barada daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem çykyş etdiler.

Russiýa Federasiýasynyň «Кинологический клуб Хазар» Astrahanyň sebit jemgyýetçilik guramasynyň prezidenti Stanislaw Iwanow wideoaragatnaşyk boýunça mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen alabaýlarynyň tohumynyň saklanmagy we dünýäde ýaýylmagy babatynda bitirýän hyzmatlaryna ýokary baha berdi. Döwlet Baştutanynyň tagallalary netijesinde bu tohumyň genofonduny gowulandyrmaga we ösdürip ýetişdirilmegine, şeýle hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen uly işler amala aşyrylýar.

Halkara assosiasiýa agza hökmünde kabul etmek baradaky çözgüt üçin minnetdarlyk bildirip, S.Iwanow onuň özi üçin uly hormatdygyny belledi we türkmen Liderine hoşallygyny beýan etdi.

Soňra Fransiýanyň milli ylmy-barlag merkeziniň hünärmeni, Hulio Bendezu-Sarmiento wideoaragatnaşyk arkaly maslahata gatnaşyjylara ýüzlendi.

Alym itleri eldekileşdirmegiň taryhy barada düýpli gürrüň etdi, soňky barlaglara görä, olary eldekileşdirmek 15 müň ýyldan gowrak wagt öň başlanypdyr. Ol ýörite suratlarda bu işiň tapgyrlaryny görkezdi. Fransuz alymy Türkmenistanyň çäklerinde geçirilen arheologiýa barlaglarynyň netijelerine salgylanyp, alabaýlaryň tohumynyň gadymydygy baradaky netijäni we türkmenleriň bu tohuma aýratyn gatnaşyklaryny tassyklady.

Ýeňşe bolan erki, beden we ruhy güýji, rehimliligi bilen tapawutlanýan alabaýlar türkmen halkynyň buýsanjy bolan ahalteke bedewleri, şonuň ýaly-da, arheologiýa ýadygärlikleri hem-de beýleki gymmatlyklary bilen bir hatarda, milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir. Türkmenler bedewde öz arzuwlaryny, alabaýda bolsa bagtyny görüpdirler. Şeýlelikde, alabaý «Üstünligiň we ýeňşiň nyşanydyr» diýip, Hulio Bendezu-Sarmiento belledi.

Soňra wideoaragatnaşyga Özbegistan Respublikasynyň «Узбекский волкодав» it tohumlarynyň goralyp saklanylmagy boýunça jemgyýetiniň başlygy Akobir Şukurow çykyp, ol tohumyň ýagdaýy boýunça maglumatlary ýygnamagyň we alyşmagyň, ony ösdürip ýetişdirmegiň, baş sanyny saklamagyň we köpeltmegiň meseleleri boýunça esasy ugurlaryň kesgitlenilmeginiň möhüm ähmiýetini nygtady. Bilelikdäki dürli hünär çäreleriniň, şol sanda usulyýet maslahatlarynyň, sergileriň, bäsleşikleriň, okuwlaryň, simpoziumlaryň, leksiýalaryň, «tegelek stollaryň» geçirilmeginiň möhümdigi bellenildi.

Akobir Şukurow çykyşynyň ahyrynda türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň bu ajaýyp itleriň arassa ganly wekilleriniň geljekki nesiller üçin genofonduny saklamak hem-de sanyny artdyrmak boýunça işleriň netijeliligini we hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Soňra Türkiýe Respublikasynyň It tohumlary we kinologiýa federasiýasynyň Dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysy Ümit Özkanala söz berildi.

Halkara assosiasiýanyň agzalygyna kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, FCI-niň işine gatnaşmakda uly tejribesiniň bardygyny, türkmen alabaýlarynyň tohumynyň gymmatyny dünýäde giňden wagyz etmek we halkara derejede ykrar edilmegi üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanjakdygyny aýtdy.

Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň weterinar professory Wang Ženşan çykyş edip, HHR-niň toparynyň adyndan Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň döredilmegi we Serdar Berdimuhamedowy onuň Başlyklygyna saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen halkara assosiasiýa ajaýyp waka bolmak bilen dünýä kinologiýa pudagyny ösdürmäge hyzmat eder, onuň taryhynda bolsa türkmen alabaýlary seçgi işiniň we gaýtalanmajak ussatlygyň nusgasy hökmünde aýratyn hormatly orny eýeleýär.

Çykyşda bellenilişi ýaly, itler edil bedewler ýaly adamyň syrdaşy hasaplanylýar. Alabaýlar ahalteke bedewleri bilen bir hatarda, Hytaýda hem oňat tanalýar we söýülýär. Şunuň bilen baglylykda, HHR-niň wekilleriniň Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirildi. Şunda birleşigiň işine geljekde işjeň gatnaşmaga we türkmen alabaýlarynyň tohumynyň şöhratyny dünýä ýaýmaga, ylmy hem-de medeni gatnaşyklary ösdürmäge, Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

Wang Ženşan alabaýa bagyşlanan, bu meşhur tohumyň ýaýradylmagyny giňeltjek çäreleriň geljekde HHR-de guraljakdygyna ynam bildirip, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň Başlygyna işinde uly üstünlikler, dostlukly türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Soňra Belarus Respublikasynyň «Трайпл» atly alabaýlaryň tohumçylyk merkeziniň ýolbaşçysy Lýudmila Butkewiç çykyş etdi. Hünärmen kinologyň nygtaýşy ýaly, ol 20 ýyla golaý wagt bäri tapawutly häsiýetleri hünärmenleriň ýokary bahasyna mynasyp bolan Orta Aziýa tohumyndan bolan itleri ösdürip ýetişdirmegiň meseleleri bilen gyzyklanýar.

Türkmen alabaýlary uzak döwrüň dowamynda wepalylyk, mähribanlyk, çakganlyk, dürli howa şertlerine uýgunlaşmak, ukyplylyk ýaly häsiýetlerini görkezip gelýär. Hanym Lýudmila Butkewiç birnäçe ýyl mundan ozal Belarusda ýörite it ösdürilip ýetişdirilýän ýeriň döredilendigini aýdyp, itleri ösdürip ýetişdirmek we terbiýelemek işlerine gönüden-göni gatnaşýandygyny belledi.

Belarus Respublikasynyň wekili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasyny döretmek baradaky başlangyjy hem-de onuň işine berýän aýratyn ünsi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän merkeziniň türkmen hyzmatdaşlary bilen bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.

Soňra Gruziýanyň Kinologiýa federasiýasynyň prezidenti jenap Giýe Giorgadzä söz berildi.

Ol ýygnananlary we türkmen halkyny şanly sene — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen mähirli gutlap we şu maslahata gatnaşmagyň özi üçin uly abraýdygyny belläp, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň hem-de hut öz adyndan hemmeleri Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň döredilmegi bilen gutlady.

Nygtalyşy ýaly, Gruziýada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan milli itşynaslyk däplerini saklamaga we ösdürmäge, ady şöhrata beslenen türkmen alabaý itleriniň tohumyny dünýäde giňden ýaýmak işlerine uly üns berýändigini bilýärler. Jenap Giýe Giorgadze öz ýurdunda bu tohumyň uly söýgüden peýdalanýandygyny belläp, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň işinde üstünlikleri arzuw edip, munuň gruzin we türkmen kinologlarynyň işjeň hyzmatdaşlygy üçin gowy boljakdygyna ynam bildirdi.

Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň itşynasy Garaja Masud Haliaga çykyş edip, şu günki çärä gatnaşmaga döredilen mümkinçilik we onuň örän gowy guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. EYR-nyň wekili bu assosiasiýa halkara derejesiniň berilmeginiň ähmiýetini belläp, türkmen alabaýlarynyň bütin dünýäde meşhur tohum hökmünde bellidigini we ajaýyp häsiýetleri netijesinde meşhurlykdan peýdalanýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, jenap Garaja Masud Haliaga döredilen Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň işiniň esasy ugurlarynyň biriniň bu tohumyň taryhyna, şu günki ýagdaýyna we geljegine degişli maglumatlary toplamaga gönükdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Şunda alabaýlara mahsus düşbülik, edermenlik, duýgurlyk, çydamlylyk, ajaýyp gorag başarnyklary hem-de wepalylyk häsiýetleri aýratyn bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milletiň gadymdan gelýän däplerine yzygiderli üns berilýändigi nygtaldy. Ahalteke bedewleri, halylar we alabaýlar şol mirasyň aýrylmaz bölegidir.

EYR-nyň wekili türkmen halkynyň taryhy mirasyny öwrenmek bilen bir hatarda, itşynaslygyň baý milli däplerini täzeden dikeltmäge, gorap saklamaga we dowam etdirmäge, bu tohumy geljekde has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen Halkara assosiasiýanyň işine uly üstünlikleri arzuw etdi. Çykyşynyň ahyrynda jenap Garaja Masud Haliaga bu assosiasiýanyň işine ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.

Soňra çykyş eden Ermenistanyň it söýüjileriniň assosiasiýasynyň prezidenti, ekspert-kinolog jenap Wanik Akopýan Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçylaryna mejlise gatnaşmaga döredilen mümkinçilik, şonuň ýaly-da, ermenistanly bilermenleriň bu birleşigiň agzalygyna kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Wanik Akopýan şu gün itşynaslyk ulgamynda, şol sanda dürli halkara çärelerinde we hünär sergilerinde türkmen-ermeni hyzmatdaşlygyna badalga berlendigini belledi.

Ermenistan Respublikasynyň wekili arassa tohumly türkmen alabaýlaryny köpeltmek bilen hünär derejesinde meşgullanmaga we itleriň bu täsin tohumyny giňden ýaýmaga gönükdirilen jemgyýetiň döredilmegi bilen assosiasiýanyň Başlygyny we agzalaryny mähirli gutlap, hemmelere uly üstünlikleri arzuw etdi.

Mejlise gatnaşyjylar edara binasy Aşgabat şäherinde ýerleşen Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasyny döretmek hakyndaky Karary biragyzdan kabul etdiler. Mesele ara alnyp maslahatlaşylandan soň, assosiasiýanyň Tertipnamasynyň hödürlenen taslamasy tassyklanyldy.

Soňra ýygnananlar Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasyna daşary ýurtly agzalary kabul etmek üçin ses berdiler. Döredilen assosiasiýa 11 ýurtdan, şol sanda Gruziýadan, Russiýa Federasiýasyndan, Fransiýadan, Ermenistandan, Hytaýdan, Eýrandan, Türkiýeden, Belarusdan, Özbegistandan, Ukrainadan we beýleki döwletlerden 25 adam agza boldular.

Mejlise edara binasy Belgiýa Patyşalygynda ýerleşýän Halkara kinologiýa federasiýasynyň wekili hem gatnaşdy.

Ýerine ýetiriji komitetiň, gözegçilik-derňew toparynyň we ýolbaşçy düzüminiň agzalary, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary hem-de Aşgabat şäheri boýunça bölümleriniň başlyklary saýlanyldy.

Assosiasiýanyň başlygy wezipesine Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri — dürli ýokary jogapkärli wezipelerde işläp, baý tejribe toplan, esasan hem, türkmen itşynaslygyny ösdürmäge uly goşant goşan Serdar Berdimuhamedow teklip edildi. Serdar Berdimuhamedow ses bermegiň jemleri boýunça bu wezipä biragyzdan saýlanyldy.

Assosiasiýanyň başlygynyň orunbasarlygyna hususy itşynas Annageldi Ýazmyradow saýlanyldy.

Foruma gatnaşyjylar her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hem-de şol gün Aşgabatda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň mejlisini geçirmek baradaky teklibi goldadylar.

Forumyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň arap dilinde neşir edilen «Türkmen alabaýy» diýen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çykyş edenler geçen ýyl çap edilen hem-de halkymyzyň baý milli mirasyna bagyşlanan eserler tapgyryny dowam eden bu kitabyň ynsanperwer ähmiýetini nygtadylar. Arheologik we etnografik ylmy-barlaglaryň maglumatlary bilen utgaşýan baý many-mazmunly eserde ady rowaýata öwrülen türkmen seçgiçileriniň ýüze çykaran tohumlarynyň gymmatlyklary barada gyzykly gürrüň berilýär. Bu bolsa kinologlar we birnäçe pudaklaryň hünärmenleri üçin bolşy ýaly, giň okyjylar köpçüligine hem aýratyn gymmatlydyr.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden Birleşen Arap Emirlikleriniň «Orient Сonsulting and Legal Translation» kompaniýasynyň eýesi, baş menejeri Safa Mahmud Al Janabi türkmen alabaý tohumlaryny ösdürmäge berýän aýratyn üns-aladasy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, häzir dünýäniň dürli künjeklerinden agzalaryň 200-e golaýyny özünde birleşdirýän «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyna halkara derejesiniň berilmegi hem-de onuň ilkinji mejlisiniň barşynda kabul edilen çözgütler dünýä ösüşinde iň gadymlarynyň biri bolan bu meşhur tohum itlerini hemmetaraplaýyn wagyz etmek ýolunda ähmiýetli ädim boldy. Alabaý tohumlarynyň ýaşy, ylmy maglumatlara görä, üç müňden alty müňe çenli ýyl aralygyndadyr.

Häzir Türkmenistan asyrlaryň iň baý gymmatlygyna aýawly garaýar we sarpa goýýar. Kitabyň arap dilinde terjime edilmegi arap dünýäsiniň örän giň okyjylar köpçüligine Türkmenistany açýar. Indi arap dünýäsiniň halkyna türkmen halkynyň baý taryhy we täsin medeniýeti, ruhy gymmatlyklary baradaky bilimlerini artdyrmaga ajaýyp mümkinçilik döreýär.

Ahalteke bedewi, türkmen halylary we beýleki milli gymmatlyklar, medeni özboluşlyklar bilen bir hatarda, türkmen alabaýy dünýä derejesindäki şöhrata eýe bolup, türkmen halkynyň sazlaşyk, gözellik, dostluk we söýgi baradaky hakyky düşünjelerini beýan edýär. Türkmenleriň ata-babalary ýyndamlylygy we aýratyn wepalylygy bilen tapawutlanýan itleriň ajaýyp tohumyny döretmegi başardylar.

Täze neşiriň çap edilmegi Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm wakadyr. Şol gatnaşyklar ynanyşmagyň we özara hormat goýmagyň ýokary derejesi bilen häsiýetlenýär. Jenap Safa Mahmud Al Janabi biziň döwletlerimiziň özara gyzyklanma döredýän giň gerimli ugurlar, şol sanda BMG, Goşulyşmazlyk hereketi hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy. Söwda-ykdysady gatnaşyklary hem-de ýokary tehnologiýalar, şähergurluşyk, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda tejribe alyşmak babatda özara gatnaşyklar ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýar.

2019-njy ýylyň noýabr aýynda Dubaýda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Baş konsullygynyň açylmagy örän uly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşinde täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrdy.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurtlarymyzyň umumy dünýä gymmatlygy bolan taryhy-medeni baýlyklary, halk döredijiligini gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça ileri tutýan ugurlary meňzeşdir. Işewür şu günki çäräniň hem dostlugy pugtalandyrmak, iki doganlyk halkyň medeniýetlerini baýlaşdyrmak, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek işinde aýratyn ähmiýetlidigini nygtady.

Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda halkymyzyň baý medeni mirasynyň bölegi hökmünde milli itşynaslyk däplerini gorap saklamak baradaky aladalary üçin milli Liderimize hoşallyk bildirilip, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň bu täsin tohumyň bütin dünýäde mundan beýläk-de ýaýradylmagyna ýardam etjekdigi nygtalýar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter