Hünärmenleri taýýarlamagyň täze ugurlary | TDH
Jemgyýet

Hünärmenleri taýýarlamagyň täze ugurlary

 

Elektroenergetika

Ýakynda ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerine kabul ediş möwsümi tamamlandy. 1-nji sentýabrda 15 müňden gowrak talyplar ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň okuw jaýlaryna dolarlar. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça bu institutda “Elektrik we ýylylyk energiýasynyň önümçiliginiň tehnologiýasy” atly täze hünär açyldy. Munuň özi degişli düzüme ýokary hünärli işgärleriň zerurlygy netijesinde kabul edilen çözgütdir.

Häzirki döwürde baý tebigy serişdelerine eýe bolan we “açyk gapylar” syýasatyny işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň gerimini ynamly giňeldýär. Milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginleri ýokarlanýar. Elektroenergetika pudagy onuň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Senagat pudagynyň kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagy ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, onuň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň oňyn çözgüdinde bu ulgamyň möhüm paýy bardyr.

“Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna” we “2013-2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda ýurdumyzyň sebitlerinde häzirki zaman gazturbina elektrik beketleri, gaz geçiriji ulgamlar, paýlaýjy elektropodstansiýalar gurulýar. Aşgabadyň we ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň, obalarynyň elektrik üpünçilik ulgamy döwrebaplaşdyrylýar.

Şeýlelikde, 2013-2014-nji ýyllarda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gazturbinaly elektrik beketleriniň 4-si gurlup, ulanmaga berildi. Häzirki döwürde Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda we Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy etrabynda häzirki zaman gazturbinaly elektrik beketleriniň gurluşygy alnyp barylýar.

Pudaklaýyn düzümiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we onuň köpugurly esasda ösdürilmegi netijesinde ýurdumyzyň elektroenergetika kuwwatlyklary birnäçe esse artdy. Bu bolsa diňe bir içerki sarp edijileri üpjün etmek däl, eýsem, elektroenergiýany goňşy ýurtlara, hususan-da, Eýrana we Owganystana eksport etmek mümkinçiligini emele getirdi.

Häzirki döwürde Owganystan Yslam Respublikasyna eksport edilýän elektroenergiýanyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, 500 kilowolt kuwwaty bolan howa elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, türkmen elektrik energiýasyny Pakistana we Täjigistana ugratmak üçin tehniki mümkinçilik emele geler. Şu ýerde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly iri möçberli taslamany ýatlamak ýerlikli bolar. Bu ugruň ýany bilen kuwwatly elektrik geçirijisini gurmak zerurlygy ýüze çykýar. Munuň özi bu ugruň düzümleýin desgalaryny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek bilen bir hatarda, ony Owganystanyň üsti bilen beýleki ýurtlara ugratmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistan energetika pudagynda iri sebitleýin we sebitara ähmiýetli taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşýändigini äşgär edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, şeýle hem şu ýyl Ýaponiýada geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda we Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda öňe süren halkara başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak baradaky teklip bar.

Parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak baradaky halkara bileleşiginiň tagallalaryny goldamak bilen, ýurdumyz “ýaşyl ykdysadyýete”, senagatda, şol sanda nebitgaz, elektroenergetika we ulag pudaklarynda häzirki zaman ekologiýa taýdan howpsuz we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ulanylmagyna maksatnamalaýyn esasda girişýär. Pudaga täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, häzirki döwürde elektrik beketleri üçin iň netijeli hem-de ekologiýa taýdan howpsuz hasaplanýan ýangyç bolan tebigy gazyň ýurdumyzda bar bolan ägirt uly gorlary ykdysadyýetiň möhüm pudagynyň öňünde durýan wezipeleriň netijeli çözülmegini şertlendirýär.

Ýurdumyzda şu ýyl durmuşa geçirilmegine badalga berlen ilkinji 1574 megawat kuwwaty bolan kombinirlenen bug-gaz elektrik bekediniň gurluşygynyň iri maýa goýum taslamasy düzümiň mundan beýläk-de ösdürilmegine we ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyndaky eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, ol Marynyň Döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde gurlar. Taslama ABŞ-nyň dünýä belli “General Electric” kompaniýasy bilen Türkiýäniň “Çalik Enerji” kompaniýasynyň bilelikdäki tehniki kuwwatlyklaryny çekmek arkaly durmuşa geçiriler.

Bu elektrik bekedi her ýylda 12,6 milliard kWt / sagat elektrik energiýasynyň önümçiligine niýetlenendir we ol häzirki zaman inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalara degişlidir. Bu ýerde elektrik togunyň önümçiligi üçin ýangyç hökmünde diňe bir gaz däl-de, eýsem, bug hem ulanylar. Şunlukda, “General Electric” kompaniýasynyň dört gaz we iki sany bu turbinalary oturdylar. Netijede, elektrik bekediniň hereketi 1,5 esseden gowrak artar. Mundan başga-da, ýangyç hökmünde ulanylýan tebigy gazyň harçlanylyşy düýpli peseler. Bug gaz elektrik beketleri diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, ekologiýa taýdan örän bähbitlidir. Onda ýangyç ýakylanda howa goýberilýän galyndylar 2-3 esse azalýar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda açylan täze bölümiň uçurymlary şunuň ýaly häzirki zaman elektroenergetika desgalarynda işlärler. Mary şäherinde ýerleşýän bu ýokary okuw mekdebi Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň edaralary we kärhanalary üçin inžener-tehniki hünärmenleri taýýarlaýar.

Okuw döwründe talyplar matematika, fizika, elektrotehnika, tehnologik işi we önümçiligi awtomatlaşdyrmak, ýokary netijeli elektron ulgamlaryny dolandyrmak we beýleki anyk ylymlar hem-de ugurdaş dersler boýunça bilim alarlar. Aýratyn-da, bu ýerde ýaş hünärmenlerde hasaplaýyş-taslama, konstruktorçylyk, elektroenergetika we ýylylyk tehnikasy ulgamyndaky önümçilik-tehnologik we ylmy-barlag işleri, şeýle hem energetika toplumynyň kärhanalarynda guramaçylyk-dolandyryş işleri boýunça ýörite okuwlar geçilýär.

Umuman aýdanyňda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze ugurlaryň açylmagy Türkmenistanda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän we ýurdumyzyň uzak geljegi nazarlaýan üstünlikli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen dolandyryş pudagynyň hünärmenlerini taýýarlamagyň bitewi ulgamyny döretmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter