Ýoluň ak bolsun, “ak kerwen”! | TDH
Ykdysadyýet

Ýoluň ak bolsun, “ak kerwen”!

опубликованно 28.08.2015 // 1215 - просмотров
 

29-njy awgustda Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi—pagta ýygymy başlanýar. Mälim bolşy ýaly, 14-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pagta ýygym möwsüminiň başlanýan senesini tassyklady. Ine, 29-njy awgustda bolsa döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary pagta ýygymyna girişerler.

Birneme soňra – 6-njy sentýabrda ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň—Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary pagta ýygymyna başlarlar.

Pagta ýygym möwsümini ak kerwenler bilen açmak türkmen pagtaçylarynyň öňden gelýän däbi bolup, ol täze taryhy döwürde hem dowam edýär. Häzir daýhanlaryň baş wezipesi ýetişdirilen bereketli pagta hasylyny meýdanlardan öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almakdan we Watan harmanyna tabşyrmakdan ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, gowaça ýurdumyzyň oba hojalygynyň wajyp ekini bolup, ony ösdürip ýetişdirmegiň öňden gelýän baý däpleri bar. “Ak altyny” öndürmek we gaýtadan işlemek milli oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu toplumda geljegi uly pudagy tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga, öňdebaryjy ylmy işläp düzmeleri we innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga, oba hojalyk önümlerini öndürmegi ykdysady taýdan höweslendirmäge uly ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan hem-de oba hojalyk pudagyny, şol sanda pagtaçylygy hil taýdan täze sepgitlere çykarmagy ugur edinýän giň gerimli özgertmeler degişli ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Hususan-da, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan, ýurdumyzyň her bir welaýatynyň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen işlenip taýýarlanan usullaryny peýdalanmak, oba hojalyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen düýpli işler geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, ylmy seçgiçilik, gowaçanyň täze etraplaşdyrylan,çalt ýetişýändigini, hasyllylygy we süýüminiň ýokary hili bilen tapawutlanýan sortlaryny döretmek babatda işler giň gerime eýe boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň oňyn özgertmeler maksatnamasy netijesinde soňky döwürde bu ugurda uly üstünlikler gazanyldy. Geçen ýyl türkmen pagtaçylary Watan harmanyna pagta çig malynyň 1 million 100 müň tonnadan gowragyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý etdiler.

Türkmenistanyň eksport sanawynyň saldamly esasyny düzýän pagta sazlaşykly ösýän milli dokma senagatynyň kärhanalary üçin çig mal bolup durýar. Bu kärhanalar ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň bazarlarynda uly islege eýe bolan, halkara ölçeglerine laýyk gelýän önümleri çykarýar. Pagtaçylyk pudagynyň kuwwatyny doly peýdalanmak, “ak altyn” hasylynyň möçberini has-da artdyrmak babatda ýokary hilli tohum taýýarlamak möhümdir.Şu maksatlarda pagtany gaýtadan işleýän düzüm yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.

Şu ýylyň iýunynda tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän, her biriniň ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna barabar bolan döwrebap pagta arassalaýjy kärhanalar Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda we Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň merkezinde ulanylmaga berildi. Geçen ýyl şonuň ýaly kärhana Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda işe girizildi. Görogly etrabynda ýerleşýän pagta arassalaýjy zawodda bolsa ýene-de bir bölüm açyldy.

Döwletimiz tarapyndan pagtaçylygyň tehniki üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmaga uly möçberli serişdeler goýberilýär. Şonuň netijesinde häzir belli daşary yurt önüm öndürijilerden satyn alynýan ýokary öndürijilikli pagta ýygyjy kombaýnlar, traktorlar we beýleki ýöriteleşdirilen tehnikalar, enjamlar tehniki parkyň esasyny düzýär. Şunda tehniki taýdan hyzmat etmek, egrotehniki kadalara laýyklykda tohum, mineral dökünler, suw bilen üpjün etmek we hyzmatlaryň beýleki görnüşleri kärendeçilere we daýhan birleşiklerine ýeňillikli şertlerde ýerine ýetirilýär.

Obada döwrebap ykdysady gatnaşyklary ornaşdyrmak, pagtaçylar bilen özara hasaplaşyklaryň usulyny kämilleşdirmek maksady bilen netijeli çäreler görülýär. Türkmenistanda orta we inçe süýümli pagtanyň, şeýle hem gowaçanyň ýokary netijeli sortlarynyň satyn alyş nyrhlary yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Pagtaçylara çig mala döwlet buýurmasyndan daşary öndürilen pagtany senagat taýdan gaýtadan işlemekden alnan süýümi, übtügi, ulýugy ýerlemek, şol sanda daşary ýurtlara satmak üçin mümkinçilik döredildi. Olar pagtany Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda ýa-da bellenilen döwlet nyrhlaryndan artdyrylan 30 göterim bilen “Türkmenpagta” döwlet konsernine satyp bilýärler. Bu bolsa daýhanlaryň zähmet öndürijiligini, pagtanyň has bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmäge bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaga nobatdaky itergi berýär.

"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen Milli maksatnamasynda" kesgitlenen, oba ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasaty hem bu babatda uly ähmiýete eýedir.

Şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň pagta önümleriniň V halkara sergi-ýarmarkasyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen esaslandyrylan bu forumyň esasy maksady pudagyň eksport kuwwaty, ykdysadyýetimiziň möhüm böleginde ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmakdan, pagta süýümini gaýtadan işlemekden, enjamlary öndürmek babatda ýöriteleşdirilen dünýäniň iri kompaniýalary bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan we giňeltmekden ybaratdyr.

Şu ýylyň pagta ýygym möwsüminiň barşynda Türkmenistanda 545 müň gektardan “ak altynyň” 1 million 50 müň tonnasyny, şol sanda Ahal welaýatynda 207 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 230 müň tonna, Lebap welaýatynda 300 müň tonna, Mary welaýatynda 313 müň tonna pagta taýýarlamak meýilleşdirilýär. Geçen ýaz paslynda pagtanyň orta we inçe süýümli “149F”, “133F”, “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Serdar”, “S-4727”, “Ýolöten-39”, “Ýolöten-14”, “Ýolöten-32” sortlary ekildi.

Umuman, möwsümde pagta ýygyjy kombaýnlaryň 500-si, awtoulaglaryň tehnikasynyň 3027 birligi, traktorlaryň 2340-sy we pagtany daşamak üçin niýetlenen traktor tirkegleriniň 3558-si işlediler. Ýerlerde pagta ýygymynyň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin tehnikalara gije-gündiziň dowamynda tehniki hyzmat ýola goýlar, mehanizatorlaryň, sürüjileriň hem-de ýygymçylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin zerur şekrtler dörediler. Pagtany kombaýn bilen ýygmak üçin gowaçalaryň ýapragyny düşürýän zerur bolan möçberde defoliant satyn alyndy. Hemişe bolşy ýaly, bu işde diňe ýöriteleşdirilen traktorlar däl-de, eýsem, raýat awiasiýasynyň ýörite uçarlary hem ulanylar.

Pagtanyň täze hasylyny kabul etmek üçin harmanhanalaryň 155-si we pagta arassalaýjy zawodlaryň 39-sy taýýar edildi. Şolaryň ýanyndaky barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň hünärmenleri pagtanyň hiline berk gözegçiligi ýola goýarlar. Şonda pagta hasyly “Ak altyn” söwda kärhanasynyň wekilleriniň we pagtaçylaryň gatnaşmagynda kabul ediler.

Öňdebaryjy pagtaçy kärendeçileriň, mülkdarlaryň, daýhanlaryň, kombaýnçylaryň we sürüjileriň pagta ýygym möwsümi—2015-de zähmete höweslerini artdyrmak üçin Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edaralary, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky, “Türkmenpagta” döwlet konserni, şeýle hem “Galkynyş”, “Nesil” we “Bereketli toprak” gazetleriniň redaksiýalary däbe öwrülen bäsleşigi geçirýärler.

29-njy awgustda Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň, Lebap welaýaynyň Garabekewül etrabynyň we Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň harmanhanalaryna we pagta arassalaýjy zawodlaryna üsti “ak altynly”, Döwlet baýdaklary, halylar we şygarlar bilen bezelen awtoulaglaryň hem-de tirkegli traktorlaryň kerwenleri ýola düşer.

Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular we din wekilleri pagta ýygymynyň başlanmagyna ak pata bererler. Olar Beýik Biribardan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Watanymyzyň, ähli türkmen halkynyň abadançylygyny we gülläp ösmegini
dileg ederler.

Däp bolşy ýaly, ak kerwenleriň başyny üstüne içi pagtaly çuwallar ýüklenen düýeler çeker. Olaryň ýany bilen türkmen halkynyň gowaçany ösdürip ýetişdirmegiň köpasyrlyk taryhynyň janly şaýady bolan ahalteke bedewlerine atlanan ýigitler ýörär.

Pagta ýygymynyň başlanmagy mynasybetli geçirilýän dabaralara welaýat we etrap häkimlikleriniň, Oba hojalyk ministrliginiň edara-kärhanalarynyň, “Türkmenpagta” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de pudak ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri, esasy agronomlar, tejribeli kombaýnçylar, sürüjiler we kärendeçi pagtaçylar gatnaşarlar.

Şol dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän we dokma senagatynyň önümleriniň sergisi guralar. Welaýatlaryň artistleri, aýdymçylary we sazandalary tans hem-de döredijilik toparlary konsert maksatnamalary bilen çykyş ederler. Şeýle hem sportuň milli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçiriler. Önümçiligiň öňdebaryjylaryna—pagtanyň bereketli hasylyny ýetişdirýän ussat kärendeçi pagtaçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter