Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň ýollary | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň ýollary

опубликованно 28.08.2015 // 1022 - просмотров
 

TOPH – Aziýa sebitiniň durnukly ösüşiniň energetika ugry

TOPH söz toplumy soňky döwürde Aziýa sebitinде durnukly ösüş baradaky garaýyşlar bilen deňeşdirilýär. Hut şu babatda ol halkara maglumatlar ulgamynda hem-de dürli derejedäki duşuşyklarda barha köp aýdylýar. 27-nji awgustda Kabulda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-owgan gepleşikleri hem munuň aýdyň mysalydyr. Şol gepleşikleriň barşynda iki ýurduň Liderleri diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş yklymda hem parahatçylykly geljegi döretmegiň ähmiýetli ugry hökmünde bu ägirt uly taslama aýratyn üns berdiler.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna gatnaşyjylar gaz geçirijisiniň gurluşygynyň başlanmagyna has golaýlaşdylar. Çünki, mälim bolşy ýaly, taslama boýunça deslapky işleriň ählisi diýen ýaly tamamlandy. Hususan-da, türkmen tebigy gazyny satyn almak-satmak boýunça şertnamalar baglaşyldy, taslamanyň tehniki – ykdysady esaslandyrmasy gutarnykly işlenildi, Tranzaksion Geňeşçi (Aziýanyň ösüş banky) bilen Ylalaşyga gol çekildi, “TAPI Ltd.” konsorsiumy döredildi. “Türkmengaz” döwlet konserni konsorsiumyň öňbaşçysy hökmünde saýlanandan soň, taraplar ýakyn wagtda paýdarlar ylalaşygyny ylalaşarlar, onda Direktorlar geňeşiniň agzalarynyň borçnamalary kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 14-nji awgustda geçirilen mejlisinde: “TOPH gaz geçirijisiniň ähmiýeti geljekki transmilli gaz geçirijisiniň geografiki ugrundan örän giňdir. Eýýämden ol barada hakyky birleşdiriji we durnuklaşdyryjy ýagdaýlar diýip aýdyp bolar. Ol taslama geljekde Merkezi we Günorta Aziýadaky we umuman, sebitdäki ýagdaýlara oňyn täsir etmäge, yklymda syýasy we ykdysady aragatnaşyklaryň tutuş ulgamyna goşmaça durnuklylyk bermäge ukyply bolar” diýip nygtady.

Gaz geçirijisiniň gurluşygyna şu ýylyň ahyryna çenli başlamak göz öňünde tutulýar, başlangyç tapgyrda iri “Galkynyş” gaz käni serişdeler binýady bolmalydyr. Konsorsiumyň öňbaşçysy hökmünde “Türkmengaz” döwlet konserni TOPH gaz geçirijisini gurmak, maliýeleşdirmek, eýeçilik etmek we ulanmak boýunça özara gatnaşyklara ýolbaşçylyk eder.

Türkmen gazy Hindistanyň we Pakistanyň “mawy ýangyja” bolan artýan isleglerini kanagatlandyrar. Şol döwletlerde bu islegler 2030-njy ýyla çenli iki esse artyp biler. Mundan başga-da, üstaşyr geçirýän Owganystanda energiýa serişdeleriniň ýetmezçiligini azaldar. Bangladeş hem bu taslama gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi. TOPH taslamasy durmuşa geçirilenden soň, Hindistan ilkinji transmilli gaz geçirijisine eýe bolar. Häzirki wagtda bu ýurt gazy suwuklandyrylan görnüşde satyn alýar we ony tankerler bilen getirýär.

Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” duşuşygynyň barşynda TOPH transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyny iş ýüzünde amala aşyrmagyň başy başlandy. Bu taryhy waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen energiýa strategiýasy şol syýasatyň esasy ugrudyr.

Ýokary derejedäki duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň ýerasty känlerinde tebigy gazyň ägirt uly gorlarynyň bardygy bu taslamanyň ykdysady taýdan esaslydygyny tassyklaýandygy bellenildi. Ýurdumyzyň ägirt uly gorlara eýedigi hemmeler, şol sanda abraýly halkara bilermenleri tarapyndan tassyklanyldy. Munuň özi ýurdumyza “mawy ýangyjy” islendik ugur, şol sanda TOPH ugry boýunça uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

2012-nji ýylyň maý aýynda III halkara gaz kongresiniň çäklerinde Hindistanyň we Pakistanyň milli kompaniýalary bilen tebigy gazy satyn almak - satmak hakyndaky Ylalaşyga, ýolbaşçy komitetiň 2013-nji ýylyň 9-njy iýulynda geçirilen 17-nji mejlisinde “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Owganystanyň gaz korporasiýasynyň arasynda gazy satyn almak-satmak hakyndaky şertnama, 2013-nji ýylyň 19-njy noýabrynda bolsa türkmen paýtagtynda halkara nebitgaz kongresiniň çäklerinde Tranzaksion Geňeşçi bilen Hyzmat ediş ylalaşygyna gol çekildi. Aziýanyň ösüş banky Tranzaksion Geňeşçi hökmünde çykyş etdi.

Taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyna laýyklykda, uzynlygy 1800 kilometre barabar bolan TOPH gaz geçirijisi Türkmenistanyň iri gaz ýataklary ýerleşýän günorta-gündogar sebitinden badalga alar hem-de Owganystanyň we Pakistanyň çäginden geçip, pakistan-hindi serhedindäki Fazilka (Hindistan) diýen ilatly ýere baryp ýeter. Gaz geçirijisi boýunça ýylda 33 milliard kub metre çenli türkmen tebigy gazy uzakmöhletleýin esasda iberiler.

Şeýlelikde, TOPH taslamasynyň oňa gatnaşýan ýurtlar, şeýle hem tutuş sebit üçin durnukly ösüşiň esasy energetika ugry bolup durýandygyny eýýäm häzirden tassyklamak bolar. Häzirki döwürde bu sebit dünýäniň täze keşbini kemala getirmekde möhüm orun eýeleýär.

Abadançylygyň ösüşiň bähbidine ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, XXI asyryň ählumumy ulag strategiýasy – bu döwletleriň we sebitleriň okgunly goşulyşmagynyň, geografiki we düzümleýin mümkinçilikleriniň, tehniki we tehnologiki kuwwatynyň birleşdirilmeginiň strategiýasydyr. Geljek iri halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil, demir ýol we howa ýollaryna çykmak arkaly ulag gatnawlarynyň utgaşdyrylan ulgamy, olaryň her biriniň artykmaçlyklaryndan sazlaşykly peýdalanmak bilen baglanyşyklydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan täze sebit we sebitara ulag – aragatnaşyk düzümini kemala getirmekde möhüm orun eýeleýär, bu düzüm ählumumy durmuş-ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň başany başlan we häzirki wagtda hereket edýän Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýoly hem-de hyzmatdaş döwletler bilen bilelikde durmuşa geçirilýän Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoluny gurmak baradaky taslama hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Golaýda Kabulda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-owgan gepleşiklerinde bellenilişi ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýoly Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasynda halkara ulag gatnawlarynyň möhüm bölegi bolup hyzmat eder. Bu täze polat ýoly sebitiň dostluk we hyzmatdaşlyk ýoluna, ygtybarly ulag geçelgesine öwrüler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýoly döretmek baradaky başlangyjy daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Owganystanyň dostlukly halky tarapyndan ruhubelentlik bilen kabul edildi, sebäbi bu demir ýol ugry ykdysady bähbitden başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň deňhukukly hyzmatdaşlyk şertinde dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna giň mümkinçilikleri üpjün eder. Üç döwletiň üstaşyr - aragatnaşyk düzümini birleşdirýän ulag geçelgesi haryt dolanyşygyny birnäçe esse artdyrmaga ýardam berer.

Ýolda relsleri goýmak işinden başga-da, ätiýaçlyk we gapdal ýollary, düzümleýin desgalar, lokomotiw depolary hem-de beýleki kömekçi desgalar gurulýar. Täze demir ýol bilen birlikde, serhetýaka etraplara suwuň we elektrik togunyň geljekdigini, aragatnaşyk ulgamynyň çekiljekdigini, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de durmuş maksatly desgalaryň guruljakdygyny ynamly aýtmak bolar.

Bu ugur Hindi ummanynyň kenaryndaky deňiz portlaryna tarap goşmaça polat ýollar arkaly dünýä bazarlaryna çykmak babatda ýene-de bir täze geçelgäni açar.

Türkmenistan milli ulag ulgamyny günorta we gündogar ugurlarda halkara ulgamy bilen birleşdirmek üçin ulag düzümini geljekde hem işjeň ösdürer. Munuň özi Hytaý, Hindistan, Pakistan ýaly ykdysady taýdan kuwwatly merkezlere hem-de Aziýa – Ýuwaş ummany sebitiniň beýleki ýurtlaryna çykalgany üpjün eder.

Häzir gurluşygy güýçli depginde dowam edýän Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz menzili hem sebit we sebitara ulag-üstaşyr düzümi üçin uly mümkinçilikleri açýar. Ol Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny täze derejä çykarar hem-de Ýewraziýa kontineniniň iki bölegine-de bazarlarynyň özara elýeterliligini ýeňilleşdirer. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen Türkmenbaşydaky halkara deňiz menzili arkaly Hytaýdan, Ýaponiýadan, Koreýadan, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelýän ýükleri Eýranyň Bender Abbas deňiz menziline ýa-da Baku şäheriniň deňiz menziline, şol ýerden bolsa Gruziýanyň Poti deňiz menziline ugratmaga ýardam berer. Munuň özi dünýä ummanyna, ýagny dünýäniň islendik ýurduna çykalgany açar.

Şunuň bilen baglylykda, sebitiň multimodal logistiki ulgamyny ösdürmekde köptaraplaýyn dünýä hojalyk gatnaşyklarynda möhüm halka hökmünde Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoluna aýratyn, strategiki ähmiýet berilýär.

Elektrik energetikasy senagatlaşdyrmagyň we durmuş taýdan gülläp ösmegiň esasydyr

Türkmenistany çalt depginler bilen senagatlaşdyrmak, ählumumy ykdysadyýete işjeň goşulyşýan ýurdumyzy okgunly ösdürmek hem-de eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan maksatnamalarda elektrik energetikasy pudagyna aýratyn orun degişlidir.

Häzirki hereket edýän hem-de bina edilýän täze senagat we durmuş maksatly desgalaryň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi üçin ýurdumyzda yzygiderli işler alnyp barylýar. Onuň çäklerinde häzirki zaman gaz turbina elektrik beketleri, elektrik geçirijileri, paýlaýjy kiçi elektrik beketleri gurulýar, paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň hem-de ilatly ýerleriň elektrik üpjünçilik we yşyklandyryş ulgamy täzelenilýär. Bu çäreleriň netijesinde energetika senagatynyň kuwwatlyklary birnäçe esse ýokarlandy, munuň özi diňe bir ýurdumyzyň sarp edijilerini üpjün etmek bilen çäklenmän, elektrik energiýasyny daşary ýurtlara: Türkiýä, Eýrana, Owganystana ibermäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan energetika pudagynda sebit we sebitara ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak bilen, daşky gurşawy goramak ýaly halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry boýunça meseleleriň çözgüdine örän jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär. Muňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynda hem-de BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” Bütindünýä maslahatynda, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça şu ýyl Ýaponiýada geçirilen Bütindünýä III maslahatynda we Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw maslahatynda eden çykyşlarynda öňe süren tekliplerini görkezmek bolar. Olaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky başlangyç hem bar.

Biziň ýurdumyz gaz buglarynyň galyndylaryny azaltmak boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryny goldamak bilen, yzygiderli ýagdaýda “ýaşyl ykdysadyýete” geçýär. Senagatda häzirki zaman ekologiýa taýdan howpsuz we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalara, şol sanda nebitgaz, elektrik energetikasy we ulag pudaklarynda bu usuly ugur edinýär. Ykdysadyýetimiziň strategiki pudagynyň öňünde durýan wezipeleri netijeli çözmekde bu pudaga ornaşdyrylýan innowasiýalar, ýurdumyzyň tebigy gazynyň – häzirki wagtda elektrik beketleri üçin iň netijeli we ekologiýa taýdan howpsuz ýangyç bolan tebigy gazyň ägirt uly möçberleriniň ähmiýeti uludyr.

Mary welaýatynda durmuşa geçirilmäge taýýarlanylan täze maýa goýum taslamasy – utgaşdyrylan elektrik bekediniň taslamasy hem düzümi mundan beýläk-de ösdürmäge, türkmen elektrik energetikasynyň eksport kuwwatyny giňeltmäge gönükdirilendir. Ol inžener-tehniki işläp taýýalamalaryň täze nesline degişlidir we dünýädäki şeýle desgalaryň iň gowularynyň biridir. Ýurdumyzda ozal gurlan beýleki DES-lerden tapawutlylykda, elektrik energiýasyny işläp taýýarlamak üçin bu ýerde ýangyç hökmünde diňe bir tebigy gaz däl, eýsem, bug hem ulanylar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taslama bilen tanyşdyrylyşyň çäklerinde belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda umumymilli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Olaryň hatarynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmagyň maksatnamasy ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şol maksatnamanyň çäklerinde ABŞ-nyň onlarça milliard dollaryna barabar bolan iri senagat toplumlarynyň birnäçesini bina etmek meýilleşdirilýär. Bu maksatnamany durmuşa geçirmek, şeýle hem elektroenergiýanyň eksport möçberlerini artdyrmak üçin bu pudagy ösdürmäge kuwwatly goldaw bermegi üpjün etmek zerurdyr. Umuman, häzirki zaman energetika ulgamyny kemala getirmek tutuşlygyna halk hojalyk toplumyny üstünlikli ösdürmegiň möhüm şertidir, ýurdumyzda bu ulgamy döwrebaplaşdyrmakda iň gowy dünýä tejribesi ulanylýar.

Energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça Türkmenistan iň baý döwletleriň biridir we mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda elektrik energiýasyny öndürmek dünýäde iň girdejili önümçilik hasaplanýar. Şundan ugur alnyp, bu möhüm pudaga goýberilýän maýa goýumlarynyň möçberli yzygiderli artdyrylýar. Netijede Türkmenistanyň energetika senagaty birsydyrgyn ösüşiň ýokary depginlerini görkezýär we dünýä bazaplarynda uly islegden peýdalanýan elektrik energiýasyny eksport etmegiň möçberlerini artdyrmaga ukyplydyr. Munuň özi bolsa “ýaşyl” tehnologiýalaryň esasynda senagat taýdan diwersifikasiýalaşdyrmagyň umumy maksatlaryna hem-de wezipelerine, geljekki durmuş-ykdysady ösüşe hyzmat eder.

Milletiň jebisligi arkaly haklaryň ýakynlaşmagyna tarap

Dünýäniň türkmenleri bilen köptaraply gatnaşyklary giňeltmek özygtyýarly türkmen döwletiniň syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şol syýasat bolsa hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hem-de işjeň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar we ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de abadançylyk maksatlaryna kybap gelýär.

Häzir dünýä türkmenleri Watanymyz bilen ysnyşykly aragatnaşyk saklap, onuň gazanýan üstünliklerine, ýurdumyzyň hem-de milli Liderimiziň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň barha artýan halkara abraýyna buýsanýarlar hem-de ata-babalarymyzyň topragynyň gülläp ösmegine saldamly goşant goşýarlar. Häzir dünýäniň 14 ýurdunda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 bölümi hereket edýär. Birleşigiň düzümine toparlaýyn agzalaryň üç ýüzden gowragy hem-de beýleki döwletlerden şahsy agzalaryň dört ýüze golaýy girýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň many-mazmuny we ugurlary ep-esli giňeldi. Ylym we bilim, medeniýet hem-de sungat, telekeçilik ýaly ulgamlarda gatnaşyklar işjeňleşdi. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi garaşsyz hem-de Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we oňyn syýasatyny, täze taryhy eýýamda gazanýan uly üstünliklerini, halkymyzyň medeniýetini, däp-dessurlaryny bütin dünýäde wagyz etmekde hem-de onuň taryhyny we dilini öwrenmekde, Türkmen döwletiniň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek işinde möhüm orun eýeleýär. Birleşigiň dürli döwletlerde geçirýän çäreleri watandaşlarymyzyň jebisleşmegine, milletiň ruhy taýdan birleşmegine, türkmenleriň özboluşly däp-dessurlaryny aýawly saklamaga, milli medeniýeti wagyz etmäge ýardam edýär.

Biziň ýurdumyz sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak ugruna ygrarly hem-de öz üstüne alan halkara borçnamalaryny takyk ýerine ýetirýän döwlet hökmünde uly abraýya eýedir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda biz hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan, diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, dünýä bileleşiginiň bähbitlerine, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän oňyn daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýäris. Dürli döwletler, şol sanda türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýurtlary bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ulgamlarda hemmetaraplaýn hyzmatdaşlygy ýola goýýarys.

Döwlet Baştutanymyzyň ýaňy-ýakynda Owganystan Yslam Respublikasyna bolan sapary hem munuň nobatdaky subutnamasydyr. Bu saparyň çäklerinde milli Liderimiz goňşy ýurtda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary has-da berkitmeginiň ähmiýetini nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda bu ugurda Türkmenistanda uly tejribäniň toplanylandygyny, munuň bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milletimiziň has-da jebisleşmegine ýardam edýändigini belleýär.

***

Aýdylanlary jemläp, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar syýasatynyň esasynda Ýewraziýanyň günorta guşaklygynda strategiki durnuklylygyň ygtybarly daýanjy, yklym ähmiýetli iri energetika we ulag-üstaşyr halkasy hökmünde Merkezi Aziýa sebitine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtamak bolar. Türkmenistan netijeli daşary syýasat başlangyçlarynyň, şol sanda ulag-aragatnaşyk ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmek boýunça başlangyçlaryň başyny başlap, dünýä ösüşiniň häzirki ýagdaýlaryna kybap gelýän hyzmatdaşlygyň täze geoykdysady giňişliginiň gurluşynyň kemala getirilmegine uly goşant goşýar.

Maksim PAPANOWYŇ kollažy

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter