Türkmen-gazak işewürler maslahaty | TDH
Ykdysadyýet

Türkmen-gazak işewürler maslahaty

опубликованно 25.08.2015 // 878 - просмотров
 

Aşgabat, 25-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda türkmen-gazak işewürler maslahaty geçirildi, oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar.

Ýygnananlar duşuşygy açyp, soňky ýyllarda türkmen-gazak gatnaşyklarynyň hil taýdan täze mazmun bilen doldurylýandygyny, muňa soňky döwürde ähli derejelerde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň köp babatda ýardam berýändigini bellediler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew tarapyndan gazanylan ylalaşyklar döwletara hyzmatdaşlygynyň häzirki tapgyrynyň ösüşine kuwwatly itergi berdi we hyzmatdaşlygyň ähli mümkinçiliklerini doly derejede herekete getirmek boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirdi. Okgunly ösýän türkmen-gazak hyzmatdaşlygy babatynda maslahatyň uly ähmiýetini nygtap, çykyş edenler şunuň ýaly işewürlik duşuşyklarynyň ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli guraly bolup durýandygyny bellediler.

Işewürler maslahatynyň barşynda, Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýeten sepgitleri barada çykyşlar ýaýbaňlandy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän döredijilikli syýasat ýurdumyzyň ýokary derejede ösen döwletleriň hataryna goşulmagyna, türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Anyk mysallarda türkmen döwletiniň barha artýan ykdysady mümkinçilikleri görkezildi, ol mümkinçilikler çalt depginler bilen geçirilýän ýurdumyzyň ähli halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak bilen baglydyr.

Telekeçilik işini ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmegi Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda türkmen işewürleri daşarky bazarlarda dürli harytlary ýerlemek we hyzmatlary etmek ulgamynda uly mümkinçiliklere eýedirler. Şunuň bilen baglylykda, hususy telekeçilik derejesinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk uly mümkinçilikleri açýar. Bellenilişi ýaly, yzygiderli esasda geçirilýän halkara sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary, işewürler forumlary telekeçilik düzümleriniň ýakyn hyzmatdaşlygy üçin täsirli guraldyr.

Kosmos tehnologiýalary ulgamynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak duşuşygyň aýratyn meselesi boldy. Bu ulgamda hyzmatdaşlyk şu ýyl Türkmenistanyň ilkinji emeli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylandygy hem-de ýene bir milli hemranyň uçurylmagy göz öňünde tutulýandygy nukdaýnazaryndan has möhüm ähmiýete eýedir.

Geljegi uly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde belent halkara abraýyna eýe bolan Türkmenistan bilen doly derejeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini belläp, myhmanlar şu gezekki işewüürler maslahatynyň baş maksadynyň Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleri bilen tanyşmakdan hem-de milli ykdysadyýetiň hususy böleginiň wekilleri bilen netijeli uzakmöhletleýin gatnaşyklary ýola goýmakdan, şeýle hem Gazagystanda işewürligi alyp barmak üçin bar bolan mümkinçilikler hem-de şertler bilen tanyşdyrmakdan ybaratdygyny bellediler.

Netijeli işlemek üçin ähli şertler dörediler türkmen bazarynyň örän amatly taraplary barada aýtmak bilen, Gazagystanyň kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen amala aşyrylýan milli we sebit derejeli taslamalary durmuşa gesçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny aýtdylar. Özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alyşmalaryň barşynda netijeli gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berýän anyk teklipler beýan edildi. Hazmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde gurluşyk serişdeleriniň öümçiligi, gurluşyk, elektrotehnika, himiýa, derman, lukmançylyk, azyk senagatlary we beýlekiler görkezildi.

Maslahata gatnaşyjylara ýörite taýýarlanan wideofilm görkezildi, onda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek strategiýasyny durmuşa geçirmegiň barşy, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän öňyn özgertmeler syýasatynyň ähmiýeti barada gürrüň berilýär.

Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary we bilelikdäki taslamalar has anyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter