Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 14.08.2020 // 502 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bugdaýyň öndürilişini has-da artdyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny öndürmekde daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary we eýeleri bilen şertnamalary baglaşmak esasynda welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde 2021-nji ýylyň hasyly üçin ýurdumyz boýunça bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek tabşyryldy.

***

Teleradioýaýlymlaryň alyp barýan işleriniň hilini ýokarlandyrmak, döwrebap teleradio enjamlaryny satyn almak, olaryň tehniki binýadyny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine döwrebap teleradio enjamlaryny satyn almak, gurnamak we ulanyşa girizmek barada Birleşen Arap Emirliklerindäki “Sony Professional Solutions MEA FZ-LLC” kompaniýasy (Ýaponiýa) bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter