Türkmenistan — Tatarystan Respublikasy: hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistan — Tatarystan Respublikasy: hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi

опубликованно 13.08.2020 // 276 - просмотров
 

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasarynyň senagat we söwda ministriniň arasynda onlaýn görnüşinde gepleşikler geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösüşini, ony mundan beýläk-de durmuşa geçirmek üçin bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri bellediler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ähli döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmak bilen türkmen-russiýa strategiki gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegiň çäklerinde RF-niň sebitleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýär.

Biziň ýurdumyz indi köp ýyllaryň dowamynda RF-niň Tatarystan Respublikasynyň «KAMAZ» JPJ, «Tatneft» JPJ, «KER-Holding» JÇJ, «Kazan dikuçar zawody» JPJ, «Ak bars» Gämigurluşyk korporasiýasy» PJ ýaly öňdebaryjy kompaniýalary we bu sebitiň beýleki işewürlik düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Ygtybarly hem-de ynanyşmak häsiýetine eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde döwlet we işewürler düzümleri tarapyndan nebitgaz senagaty, maşyngurluşyk, gämigurluşyk, awtoulag tehnikasy, serwis hyzmatlary, gurluşyk hem-de dürli maksatly iri senagat desgalaryny düýpli abatlamak ýaly we beýleki ileri tutulýan ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar.

Söhbetdeşler şol sanda derman senagaty ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösüşine kanagatlanma bildirdiler. Dünýä möçberinde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen baglanyşykly häzirki ýagdaýy göz öňünde tutmak bilen, bu ugurdaky hyzmatdaşlyk aýratyn möhüm häsiýete eýe bolýar.

Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli başlangyçlaryny belläp, taraplar Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň bu ugurda işleýän alymlarynyň, hünärmenleriniň we lukmançylyk ulgamynyň işgärleriniň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagy baradaky pikiri aýtdylar. Nygtalyşy ýaly, bu ylmy diplomatiýanyň usullaryny doly derejede herekete girizmäge, şeýle hem taraplaryň pandemiýa garşy göreşde tagallalaryny hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge ýardam eder.

Duşuşygyň barşynda şeýle hem özara gyzyklanma bildirýän ähli ugurlar boýunça netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek we berkitmek barada ylalaşyk gazanyldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter