Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

опубликованно 28.08.2015 // 864 - просмотров
 

Aşgabat, 28-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna hem-de ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, 2016-njy ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada habar berdi. Bu resminamanyň üstünde degişli ministrlikler, pudak edaralary, ylmy institutlar, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenildi.

Deslapky hasaplamalara görä, umuman, ýurdumyz boýunça 2015-nji ýylda özleşdiriljek maýa goýumlaryň möçberiniň 51,5 milliard manat bolmagyna garaşylýar. Meýilleşdirmegiň ähli serişdeleriniň hasabyna 2016-njy ýyl üçin milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny ösdürmäge 56,2 milliard manat goýbermek meýilleşdirilýär. Geljek ýylda maýa goýum serişdeleriniň 65,5 göterimini önümçilik ähmiýetli desgalaryň gurluşygy üçin, 34,5 göterimini bolsa durmuş-medeni ähmiýetli binalary gurmak üçin sarp etmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz serişdelerini gaýtadan işlemek, hususyýetçiligiň dürli görnüşlerine esaslanan ösen gaýtadan işleýän senagat pudaklaryny döretmek boýunça iri desgalaryň gurluşygyny üpjün etmek maksady bilen, Maýa goýum maksatnamasynda toplumlaýyn çäreleri geçirmegi göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belledi. Şonuň bilen birlikde, resminama daşary ýurtdan getirilýän önüimleriň ýerini tutup biljek hem-de daşary ýurtlara ibermäge niýetlenen önümçilikleri ösdürmek, oba hojalyk toplumyny özgertmegiň hasabyna azyk bolçulygyny gowulandyrmak, ýurdumyzyň hemme sebitlerinde täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça çäreler goşulmalydyr. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda ilkinji nobatdaky wezipeleriň birnäçesine wise-premýeriň ünsüni çekip, birnäçe görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de baýramçylyklar, şanly seneler we durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän syýasatda milli medeniýetiň möhüm ornuny nygtady hem-de ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny nazara almak bilen, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek meselelerine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz sentýabr aýynda meýilleşdirilen medeni çärelere taýýarlyk görmek we olary geçirmek bilen baglanyşykly meselelere degip geçip, Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini wagyz etmekde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde olaryň ähmiýetini belledi we wise-premýere göz öňünde tutulan çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Ähli sebitlerde agrotehniki kadalara doly laýyklykda amala aşyrylýan güýzlük bugdaý ekişiniň depgininiň barha ýokarlanýandygy bellenildi. Gowaçalara ideg etmek tamamlaýjy tapgyrda barýar. Şunuň bilen birlikde, ýakynlaşyp gelýän pagta ýygym möwsümine taýýarlyk görülýär. Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyryna ideg etmek dowam edýär.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda gök we bakja önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmaga, ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny ýola goýmaga degişli ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, kartoşka we beýleki gök önümleri, bakja ekinlerini ýetişdirmek üçin 2016-njy ýylda 33 müň 160 gektar ýer bölüp bermek meýilleşdirildi. Ot-iýmlik ekinlerini we ýorunjany 66 müň 840 gektar meýdanda ekmek meýilleşdirilýär.

Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzda atçylyk sport toplumlaryny güýzki at çapyşyk möwsümine taýýarlamagyň barşy barada habar aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilip geçirilýän oba hojalyk özgertmelerini işjeňleşdirmegi talap etdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegi, şol sanda maldarçylyk we beýleki oba hojalyk önümleriniň möçberleriniň artdyrylmagynyň hasabyna döredilmegi döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Biz milli ykdysadyýetimiziň bu pudagyna,oba hojalygyny ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge mundan beýläk-de uly üns bereris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere oba hojalyk meýdanlarynyň netijeli peýdalanylyşyna düýpli seljerme geçirmegi, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de topragyň hasyl berşini dikeltmek, ýer kadastryny kämilleşdirmek boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda durmuşa geçirilýän bagy-bossanlyga büremek maksatnamasynyň, ilkinji nobatda, ekologiýa abadançylygy, türkmenistanlylaryň durmuşy üçin amatly şertleriň döredilmegi nukdaýnazaryndan wajypdygy barada aýdyp, ekilen baglara ideg etmekde işleriň depginlerine nägilelik bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, tebigaty goramak ministriniň adyna birnäçe düýpli bellikleri aýdyp, döwlet Baştutanymyz şu babatda birnäçe degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň atçylygyny has-da ösdürmek meseleleriniň üstünde durup geçip, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz täze taryhy eýýamda atçylygyň gadymy däpleriniň gaýtadan dikeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, döwletiň atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, atşynaslaryň netijeli işlemegi hem-de oňaýly dynç almagy üçin hemme şertleri döretmäge mundan beýläk-de ilkinji nobatda üns berjekdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ýetişdirilen bereketli “ak altyny” doly ýygnap almak üçin bu işe dahylly düzümleriň netijeli işlerini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymz wise-premýere bugdaýyň geljekki bereketli hasylynyň düýbüni tutýan güýzlük bugdaý ekişini öz wagtynda geçirmäge degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiziň tabşyryşy ýaly, ekerançylygyň medeniýetini has-da ýokarlandyrmaga, şol sanda öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny yzygiderli ornaşdyrmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga uly üns berilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz hususy önümçiligiň ter miwe-gök önümleri bilen ilaty doly üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreleriň wajypdygyny nygtap, wise-premýere şunuň bilen baglanyşykly meseleleriň ählisini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer “Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasyny Türkmenistanda geçirmegiň meseleleri hakyndaky” Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Aşgabatda geçiriljek bu uly maslahata Aziýa sebitiniň we Okeaniýa ýurtlarynyň milli Olimpiýa komitetleriniň wekilleri, Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň ýolbaşçylary gatnaşar.

Wise-premýer Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň barşy barada aýdyp, Aziada 2017-niň Internet-saýtyny döretmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda geçirilýän işler barada habar berdi. Bu işler Oýunlara taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet tarapyndan ýurdumyzyň we Aragatnaşyk ministrligi bilen bilelikde alnyp barylýar.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda V Aziýa oýunlaryny halkara derejesinde giňden wagyz etmek we mahabatlandyrmak boýunça maksada gönükdirilen çäreler görülýär. Aziada 2017-ni giňden wagyz etmekde we mahabatlandyrmakda Internet-saýtyna möhüm orun degişlidir. Onuň üç tapgyrda: ilkinjisi—2015-nji ýylyň dekabryna çenli, ikinjisi-- 2016-njy ýylyň maýyna çenli we üçünjisi—2016-njy ýylyň dekabryna çenli açylmagy meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Aziýada 2017-ä taýýarlyk görmegiň meselelerini çözmäge örän düýpli we jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Munuň özi degişli düzümleriň ählisiniň sazlaşykly we özara utgaşykly hereket etmegini talap edýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary dünýäniň sport derejesinde ýurdumyzyň abraýyny artdyrmaga, Türkmenistanyň Halkara Olimpiýa hereketini ösdürmäge goşant goşmagyna, döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir. Şunda köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, şol sanda ýörite Internet-saýtyna aýratyn ähmiýet berilýär. Onuň esasy wezipesi Aziada 2017-ni maglumat taýdan mynasyp üpjün etmek we wakalary beýan etmekden, bütin dünýädäki peýdalanyjylara Türkmenistan barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik bermekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze Internet serişdesini döretmäge we işletmäge, onuň bezelişine we mazmun taýdan baýlaşdyrylyşyna degişli hemme meseleleri düýpli işlemegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz “Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasyny Türkmenistanda geçirmegiň meseleleri hakyndaky” Karara gol çekip, wise-premýere bu wekilçilikli maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowa söz berildi. Ol “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” amala aşyrmagyň barşy we ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere nebitgaz senagatynyň düzümine girýän edara-kärhanalaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, iri düzümleýin taslamalara, şol sanda täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, energetika we döwrebap gazhimiýa toplumlaryny gurmak, şeýle hem nebiti gaýtadan işleýän kärhanalary tehniki taýdan enjamlaşdyrmak boýunça taslamalara daşary ýurt maýasynyň çekilmegine aýratyn üns berilmelidir.

Dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň ägirt uly uglewodorod serişdeleriniň netijeli ulanylmagy milli ykdysadyýetimiziň ägirt uly kuwwatyny amala aşyrmaga, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlyndyrmaga, şeýle hem energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini çözmäge ýardam edýär. Munuň özi sebitde we dünýäde sazlaşykly durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Häzir himiýa senagatyny ösdürmekde maksadalaýyk toplumlaýyn çäreleriň görülmegi netijesinde birnäçe gurluşyk taslamalary amala aşyrylýar, öňdebaryjy tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň himiýa pudagynyň ösüşiň ägirt uly kuwwatyna eýe bolan milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudaklarynyň biridigini nygtady. Türkmenistanyň himiýa senagaty onuň uzakmöhletleýin we durnukly ösüşiniň esasyny goýýan hem-de ykdysadyýetdäki düzümleýin özgertmelere oňat täsir edýän senagatyň binýatlaýyn bölegidir. Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmegiň maksatnamasy soňky ýyllarda ýerli çig maly doly peýdalanmaga, ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga, pudagyň kuwwatyny artdyrmaga, obasenagat toplumyny durnukly ösdürmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz mineral dökünleriniň öndürilişini artdyrmak meselesine aýratyn ünsi çekdi. Munuň özi baý çig mal binýadynyň bolmagy bilen baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere birnäçe degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem 16–18-nji sentýabr aralygynda Aşgabat şäherinde telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel–2015» atly IX halkara sergisini we ylmy maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Wise-premýer giň möçberli sergä milli we daşary ýurtly kompaniýalarynyň ençemesiniň gatnaşmagynyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Sergä daşary ýurtlardan gatnaşjaklaryň hatarynda hemra we öýjük aragatnaşygynyň iri operatorlary, dünýäniň meşhur önüm öndürijileri we beýleki degişli hünärmenler bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudaklaýyn halkara serginiň we maslahatynyň geçirilmeginiň türkmen kärhanalarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmekde hem-de halkara maglumatlar giňişliginde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmakda ýene-de bir möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Milli Liderimiz häzirki wagtda Türkmenistanda aragatnaşyk ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýändigini belläp, onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistandan Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermek boýunça şertnamalaryň möhletini uzaltmak hakyndaky Buýrugyň taslamasyny hödürledi.

Wise-premýer häzirki wagtda meýilnama laýyklykda, paýtagtymyzyň etraplarynda ýaşaýyş jaýlarynyň durkuny täzelemek we olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleriniň dowam edýändigini habar berdi. Ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek maksady bilen paýtagtymyzyň köçelerinde düýpli abatlamak işleri geçirilýär. Durky täzelenýän köçelerde ähli inženerçilik ulgamlary kämilleşdirilýär, ýollaryň yşyklandyryş sütünleriniň çalşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Abatlaýyş toparlary zerur bolan ähli gurluşyk serişdeleri bilen üpjün edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda gurulýan täze desgalaryň hiline we wagtynda ulanylmaga berilmegine berk gözegçilik edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dostlugyň, özara düşünişmegiň hem-de goldamagyň mäkäm binýadynda gurulýandygyny, onuň ynamly öňe gitmek, ösüşiň uzakmöhletleýin bilelikdäki meýilnamalaryny işläp taýýarlamak üçin esas bolup, munuň ýokary derejedäki türkmen-owgan gepleşikleriniň barşynda tassyk bolandygyny aýtdy. Biz türkmen elektrik energiýasynyň Owganystana iberilişini artdyrmak hakynda ylalaşdyk. Häzir elektrik energiýasy ýeňillikli şertlerde OYR-niň demirgazyk welaýatlaryna iberilýär. Goşmaça energetika kuwwatlyklarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, Türkmenistandan Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini ep-esli artdyrmak göz öňünde tutulýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösmegine hemmetaraplaýyn ýardam etmäge gönükdirilen daşary syýasat ugrunyň üýtgewsizdigini belläp, Türkmenistandan Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermek boýunça şertnamalaryň möhletini uzaltmak hakyndaky Buýruga gol çekdi we wise-premýere resminamany ýerine ýetirmek bilen bagly görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz paýtagtymyzyň etraplaryny abadanlaşdyrmak meselesine degip geçmek bilen, işleriň depginlerini artdyrmagyň, şäher ilatynyň abadan durmuşy üçin ähli şertleri döretmegiň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de paýtagtymyzda täze gurlan desgalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň 2012-nji ýylyň 13-nji aprelinde gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döwrebap binalaryň hem-de önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň ençemesiniň gurluşygyny alyp barýar, şeýle hem welaýatlardaky we Aşgabat şäherindäki desgalaryň birnäçesiniň durkuny täzelemek işlerini ýerine ýetirýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzda gurlan birinji gaty söwda merkezli üç gatly 300 orunlyk awtoduralga ulanmaga bermäge taýýar edildi. Şeýle hem Görogly köçesiniň ugrunda gurlan “Aşgabadyň ýalkymy” söwda merkezini we 300 orunlyk köp gatly awtoduralgany açmak göz öňünde tutulýar.

Hasabatyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyza getirilýän azyk önümleriniň käbir görnüşleriniň möçberlerini kadalaşdyrmak we olaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi. Geçirilen seljermäniň netijelerine laýyklykda, ýurdumyza getirilýän önümleriň esasy bölegi önümçilik-tehniki maksatly önümlerden ybaratdyr. Importuň 6,1 göterimini azyk önümleri tutýar. Şu ýylyň ýedi aýynyň dowamynda sarp edilen miwe şireleriniň 96,9 göterimi we suwlaryň 91,8 göterimi, konserwirlenen gök önümleriň 87,2 göterimi, şöhlat önümleriniň bolsa 61,8 göterimi ýurdumyzda öndürildi.

Umuman, ýurdumyzda şöhlat önümleri, konserwirlenen gök önümler, miwe şireleri we suwlary ýeterlik derejede öndürilýär. Munuň özi şu görnüşli önümleriň ýurdumyze getirilýän möçberlerini kadalaşdyrmak hem-de içerki bazary ýurdumyzda öndürilen harytlar bilen doldurmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyza daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň käbir görnüşlerine salynýan gümrük paçlary bilen baglanyşykly teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, azyk önümçiligi ulgamyna innowasion tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň geljekde hem oňat netijeleri gazanmaga mümkinçilik berjekdigini belledi. Milli Liderimiz ýerli çig malyň esasynda azyk harytlaryny öndürýän täze kärhanalary döretmek üçin zerur çäreleriň görülmeginiň, azyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň önümlerini daşary ýurtlara ibermegiň mümkinçiliklerini öwrenmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri, umuman, makullap, wise-premýere we beýleki degişli ýolbaşçylara bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz türkmen paýtagtynda täze desgalaryň açylyşy barada durup geçip, söwda merkezini we köpgatly awtoduralgalary ulanmak meselelerini gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk hem-de eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter