Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

опубликованно 10.08.2020 // 277 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmak hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem öňde boljak baýramçylyklara we şanly wakalara taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz ilki göni wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy çagyrdy. Häkim paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna ulanmaga beriljek binalarda we desgalarda gurluşyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäherinde sanitariýa, ekologiýa we arassaçylyk işlerini üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbir desgalaryň gurluşyk möhletleriniň tassyklanan tertipden yza galýandygyna nägilelik bildirip, olaryň öz wagtynda ulanmaga berilmeginiň üpjün edilmegini tabşyrdy, Aşgabat şäheriniň häkimine bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy hem-de ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Güýz paslynyň ýakynlaşmagy bilen ýyladyş möwsümine taýýarlyk görmek hem-de mekdepleriň, çagalar baglarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny abatlamak boýunça işleri geçirmek barada alada etmeli diýip, milli
Liderimiz belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni wideoaragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowy çagyrdy. Häkim sebitde işleriň ýagdaýy, hususan-da, käbir möhüm desgalarda dowam edýän gurluşyk işleri hem-de möwsümleýin oba hojalyk çärelerine —– güýzlük bugdaý ekişine hem-de pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Gyş möwsümine taýýarlyk görmek hem-de ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hem aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda gurluşygyň barşyna gözegçiligiň güýçlendirilmeginiň günüň derwaýys talabydygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz obasenagat toplumynda öňde goýlan wezipeleriň öz wagtynda çözülmegine ünsi çekip, bugdaý ekişini guramaçylykly, agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ekin meýdanlarynda ýerleri sürmek hem-de tekizlemek boýunça işleri öz wagtynda we talabalaýyk geçirmek, daýhanlary ýokary hilli tohum, şeýle hem suw hem-de oba hojalyk tehnikalary bilen üpjün etmek zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymy möwsümi bilen bagly meseleler barada durup geçmek bilen, ilkinji nobatda, daýhanlaryň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, ýörite tehnikalary, enjamlary, kombaýnlary, kärhanalary hem-de harmanhanalary möwsüme taýýarlamak işlerini esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Şeýle hem güýzlük ýeralmany, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek boýunça zerur çäreleri görmek, welaýatyň maliýe edaralarynyň ýetişdirilen hasyl üçin kärendeçiler bilen özara hasaplaşyklary geçirmäge doly taýýarlyk görmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiň ünsüni gyş möwsümine taýýarlyk görmek, bilim edaralarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny abatlamak işlerine çekdi hem-de bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk boýunça iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewiň hasabaty bilen dowam etdi, ol welaýatda alnyp barylýan işler, şol sanda düzümleýin desgalarda gurluşyk işleriniň barşy hem-de ýyladyş möwsümine taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem şu günler ekin meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işler, şol sanda pagta ýygymyna hem-de bugdaý we beýleki möhüm oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek bilen bagly geçirilýän işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny netijeli ösdürmek, ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, şol sanda güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny almak üçin sebitiň kuwwatyny netijeli ulanmagyň möhümdigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şol ekinleri öz wagtynda ekmek hem-de olara degişli derejede ideg etmek boýunça zerur çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz welaýatyň toprak-howa şertleriniň gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmäge amatlydygyny aýdyp, geljekde ynsan saglygy üçin peýdaly bu ekiniň bol hasylyny kemala getirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Welaýatyň häkimine gant şugundyryna agrotehniki talaplara laýyklykda ideg etmek barada degişli görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiz öňde goýlan wezipeleri çözmäge oýlanyşykly we toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigi hem-de güýzlük bugdaý ekişine we pagta ýygymyna taýýarlyk görmek bilen bagly işlere gözegçiligiň ähmiýeti barada aýdyp, şol işleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi, ähli degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegi tabşyrdy. Hususan-da, zerur enjamlary hem-de oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak, welaýatyň maliýe edaralarynyň kärendeçiler bilen özara hasaplaşyklaryny öz wagtynda geçirmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Mundan başga-da, häkime ýyladyş möwsümine taýýarlyk görmek hem-de mekdeplerde, çagalar baglarynda we ýaşaýyş jaýlarynda abatlaýyş işlerini öz wagtynda geçirmek barada görkezmeler berildi. Ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegine yzygiderli gözegçilik etmek işine aýratyn üns çekildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowy çagyrdy. Häkim sebitde işleriň ýagdaýy, käbir möhüm desgalarda gurluşyk işleriniň barşy hem-de bugdaý ekişine we pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guramaçylykly geçirilmegini talap etdi. Hormatly Prezidentimiz jogapkärçilikli çemeleşmegi talap edýän bu işler barada aýdyp, bugdaý ekişine we pagta ýygymyna agrotehnika ylmynyň bildirýän talaplaryna laýyklykda düýpli taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi.

Ýerleri öz wagtynda sürmek, kärendeçileri oba hojalyk tehnikalary we beýleki serişdeler, suw, saýlama tohum bilen üpjün etmek meseleleri hemişe üns merkezinde saklanylmalydyr. Şunda welaýatyň maliýe edaralarynyň ýetişdirilen hasyl üçin daýhanlar bilen özara hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegi zerur bolup durýar.

Şaly ekilen meýdanlarda bu gymmatly ekine ideg etmek boýunça işleri guramak babatda häkime degişli görkezmeler berildi, şol işler şalynyň bereketli hasylyny almak maksady bilen, bellenen agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işlerine berk gözegçilik etmegiň wajypdygy barada aýdyp, sebitde bina edilýän durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň hiline hem-de öz möhletinde ulanylmaga berilmegine, güýz-gyş möwsümine taýýarlyk görmegiň barşyna hem-de ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi, ol welaýatda alnyp barylýan işler, şol sanda öňde boljak şanly senelere gabatlanyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işlerine hem-de ýyladyş möwsümine taýýarlyk görmegiň barşy hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň obasenagat pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, pagta ýygymyna we bugdaý ekişine dahylly ähli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ekin meýdanlarynda ýerleri sürmek we tekizlemek işlerini bellenilen möhletde geçirmegi, daýhanlary ýokary hilli tohum, suw bilen üpjün etmegi, ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamagy tabşyrdy. Ilkinji nobatda, pagta arassalaýjy kärhanalar hem-de «ak altyny» kabul edýän harmanhanalar taýýarlyk derejesine getirilmelidir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyk alyp barmagyň möhümdigini belläp, ýurdumyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen işleri berk gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi.

Şeýle hem esasy wezipeleriň hatarynda ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylynyň ýygnalmagyny üpjün etmek wezipesi durýar diýip, hormatly Prezidentimiz şol ekinleri öz wagtynda ekmek we olara ideg etmek boýunça zerur bolan çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda gurulýan desgalaryň ýokary hilli gurulmagyny we öz wagtynda ulanylmaga berilmegini, ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilmegini hem-de güýz-gyş möwsümine doly derejede taýýarlyk görülmegini üpjün etmegiň möhümdigini belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra çykyş eden Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde işleriň ýagdaýy, şol sanda durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşyk meýdançalarynda işleriň barşy, ekin meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreler, hususan-da, pagta ýygymyna, bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynda işleri ýaýbaňlandyrmagyň möhümdigini belledi hem-de möwsümlere guramaçylykly girişmek we bellenilen möhletlerde üstünlikli geçirmek üçin ähli şertleriň döredilmegini tabşyrdy. Ýerleri, tehnikalary möwsüme taýýarlamak, obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmek zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatda hem daýhanlary ýokary hilli tohum, suw bilen üpjün etmek, özara hasaplaşyklary wagtynda geçirmek meseleleri berk gözegçilikde saklanylmalydyr.

Welaýatda güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny artdyrmagyň möhümdigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmegi üpjün etmek, hususan-da, sebitiň oba hojalyk meýdanlarynda ekilen bu ekine ideg etmek işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda ýyladyş desgalaryny gyş möwsümine taýýarlamak, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny abatlamak boýunça işlere aýratyn üns berilmelidigini belledi. Ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek bilen bagly meseleler hem hemişe berk gözegçilikde saklanylmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary jemläp, welaýatlaryň häkimlerine agrotehniki kadalary berjaý etmek bilen ähli oba hojalyk işlerini ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz pagta ýygymy möwsümini hem-de güýzlük bugdaý ekişini zerur bolan tehniki serişdeler bilen doly üpjün etmek meseleleriniň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny aýdyp, oba hojalyk möwsümlerini öz wagtynda geçirmek hem-de ýetişdirilen hasyly saklamak hakynda irgözinden alada etmek boýunça ähli çäreleri görmegi talap etdi.

Welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen esasy wezipeleri çözmäge geljekde hem aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz görülýän düýpli çäreleriň ýurdumyzyň sebitleriniň kuwwatyny artdyrmaga hem-de olaryň ilatynyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara eziz Watanymyzy gülledip ösdürmegiň, türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter