Ýokary derejedäki türkmen-owgan gepleşikleri | TDH
Syýasat habarlary

Ýokary derejedäki türkmen-owgan gepleşikleri

опубликованно 27.08.2015 // 906 - просмотров
 

Aşgabat-Kabul-Aşgabat, 27-nji awgust (TDH). Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasyna resmi sapar bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirip, goňşy ýurtlar, şol sanda Owganystan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Owganystanyň halkyny türkmen halky bilen mizemez dostluk we köpasyrlyk taryhy-medeni umumylyk baglanyşdyrýar. Şeýlelikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu sapary däp bolan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolar. Şol gatnaşyklar bolsa häzirki döwürde taraplaryň hoşmeýilli erk-islegi netijesinde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň uçary bir ýarym sagatlyk uçuşdan soň, Owganystanyň paýtagty Kabulyň iki goňşy ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Hamid Karzaý adyndaky Halkara howa menziline gonýar. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna uçardan düşülýän ýerde düşelen haly ýodajygynyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Howa menzilinde Türkmenistanyň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy owgan topragynda mähirli mübäreklediler. Milli lybasly oglan we gyz türkmen Liderine gül desselerini gowşurýarlar. Şu ýerde Türkmenistanyň Baştutanyny şeýle hem owgan mekdep okuwçylary elleri iki ýurduň baýdaklary bilen garşylaýarlar.

Belent mertebeli türkmen myhmany Kabulda uly şatlyk bilen garşylanýar. Hormatly Prezidentimiziň ulag kerweniniň geçýän ýolunyň ugrunda bu saparyň ähmiýetlidigi baradaky çagyryşlar we iki ýurduň baýdaklary bar.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Köşkler toplumyna barýarka, döwlet Baştutanymyzy ýolugrunda hatara düzülen atlylyar, şeýle hem owgan milli lybasyndaky we elleri döwlet baýdakly ýaşlar uly şatlyk bilen garşyladylar we milli Liderimiziň ýoluna gül düşediler.

Köşkler toplumynyň Merkezi meýdançasynda belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani mähirli garşylaýar.

Iki döwletiň Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, özleri üçin niýetlenen ýere barýarlar. Hormat garawuly rotasynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani Owganystanyň Döwlet baýdagyna tagzym edýärler.

Soňra döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki awtoulag kerweni “Del Kuşa” köşgüne tarap ugraýar.

Köşge gelenlerinden soň, iki ýurduň Liderleri kiçi mejlisler zalyna geçýärler, şol ýerde Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy boldy.

Owganystanyň Baştutany belent mertebeli myhmany öz ýurdunyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Öz nobatynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow owgan Liderini Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Soňra kiçi mejlisler zalynda ýokary derejedäki ikiçäk türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi.

Owgan Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, Owganystana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin türkmen kärdeşine hoşallyk bildirdi. Bu sapara Owganystanda taryhy ähmiýetli waka hökmünde garalýar. Prezident Mohammad Aşraf Gani türkmen Liderini Owganystanda kabul edýändigine örän şatdygyny nygtap, Türkmenistanyň Baştutanyna we tutuş türkmen halkyna Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmeginde yzygiderli kömek we uly goldaw berilýändigi, şol sanda möhüm başlangyçlaryň hem-de dürli ulgamlarda wajyp taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, goňşy döwletiň Baştutany owgan halkynyň Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli döredijilik syýasatyna ýokary baha berýändigini aýtdy. Bitaraplyk derejesi bolsa sebitde durnuklylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen tarapynyň bu sapara ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmaga we many - mazmun taýdan baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýän möhüm tapgyr hökmünde garaýandygyny aýtdy. Türkmenistan Owganystan bilen hyzmatdaşlyga örän uly ähmiýet berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy we döwletara gatnaşyklarynyň özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak esasynda we iki halkyň bähbidi göz öňünde tutulyp, barha ösdürilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Owganystanda hemişelik parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýändigini hem-de goňşy ýurtda bar bolan ähli meseleleri diňe parahatçylykly ýol bilen, gepleşikler we uzak möhletli täze syýasy-diplomatik gurallary döretmek arkaly çözmegi dogry hasaplaýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Baştutany ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem abraýly halkara guramlarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-owgan gatnaşyklaryna ýokary baha berip, iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag pudaklary boýunça amala aşyrylýan gatnaşyklaryň möhüm ornuny belledi. Ýangyç-energetika pudagynda alnyp barylýan işler, hususan-da, Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki tagallalar oňyn netijelerini berýär. Bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi diňe bir taslama gatnaşýan ýurtlaryň däl, eýsem, sebitdäki beýleki goňşy döwletleriň hem durmuş-ykdysady ulgamyny ösdürmäge uly goşant goşar. Ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada aýdylanda bolsa, bu barada Türkmenistan –Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy aýdyň mysal bolup durýar.

Elektroenergetika ulgamy hem türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan öz öndürýän elektrik energiýasynyň bir bölegini Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryna ýeňillikli şertlerde iberýär. Degişli düzümiň täze desgalarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberi has-da artar.

Türkmenistan özara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugruna hem aýratyn üns berýär. Türkmen tarapy hemişe goňşy owgan halkynyň agzybir, parahat durmuşda ýaşamagynyň tarapdary bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Owganystanyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösmegine öz mümkinçiliklerine görä mundan beýläk hem giňden goldaw berjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan goňşy döwletiň serhetýaka welaýatlarynda ýakyn geljekde birnäçe durmuş maksatly desgalary gurmagy we doly enjamlaşdyrmagy göz öňünde tutýar.

Türkmen döwletiniň Baştutany pursatdan peýdalanyp, özüniň owgan kärdeşini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli halkara maslahatyna we baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin şu ýylyň dekabr aýynda ýurdumyza gelmäge çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ähli ugurlar boýunça işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirip, Prezident Mohammad Aşraf Ganä we onuň üsti bilen Owganystanyň ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Baştutanlary özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini, iki goňşy ýurduň hem-de halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Tutuş sebitiň abadançylygy we gülläp ösmegi üçin uly ähmiýete eýe bolan TOPH gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan –Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy ýaly möhüm bilelikdäki düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Iki ýurduň Liderleri söwda-ykdysady ulgamda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň möhümdigini aýdyp, medeni-ynsanperwer ulgamda däp bolan gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny bellediler.

Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça-da pikir alyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow owgan kärdeşini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatiki ýollar arkaly ylalaşylar.

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda Uly zalda dowam etdi.

Prezident Mohammad Aşraf Gani hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy owgan topragynda ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, Owganystanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýýandygyny nygtady. Biziň ýurtlarymyz dürli ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Owgan Lideriniň belleýşi ýaly, belent mertebeli türkmen myhmanyny uly hormat-sarpa bilen, ilkinji gezek atlylaryň gatnaşmagynda garşylaýarlar. Munuň özi ahalteke atçylygynyň däplerini dikeltmek we aýawly saklamak boýunça asylly işleri bilen meşhur bolan hem-de ajaýyp çapyksuwar bolan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn hormat-sarpanyň nyşany bolup durýar.

Häzirki wagtda Bitarap Türkmenistan bütin dünýäde parahatçylyk söýüji, gülläp ösýän, abadan döwlet hökmünde tanalýar. Owganystanyň Baştutany türkmen Lideriniň oňyn daşary syýasatynyň, BMG-niň belent münberinden öňe süren döredijilikli başlangyçlary Türkmenistana sebitde we halkara giňişliginde uly abraý getirendigini nygtady.

Prezident Mohammad Aşraf Gani ikiçäk derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda gadymy dostluk gatnaşyklary hem-de ruhy-medeni däpleriň umumylygy bilen baglaşan türkmen we owgan halklarynyň abadançylygynyň bähbidine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy aýtdy. Goňşy döwletiň Baştutany Owganystanyň ýurdumyz bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydygyny tassyklap, türkmen Liderine söz berdi.

Hormatly Prezidentimiz Owganystana gelmek baradaky çakylygy, myhmansöýerligi we netijeli işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin, owgan kärdeşine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, iki dostlukly goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda şu duşyşygyň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli ugurlarda – syýasatda, ykdysadyýetde we söwdada, medeni we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyp, häzirki döwürde netijeli türkmen-owgan gatnaşyklarynyň sebitde möhüm ähmiýete eýedigini, şol gatnaşyklaryň parahatçylygyň, uzak möhletli durnukly ösüşiň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine uly ýardam berýändigini nygtady. Türkmenistanyň Baştutany uzak ýyllaryň dowamynda kemala gelen dostluk, özara düşünişmek we birek-birege goldaw bermek ýörelgesiniň Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň berk binýadydyr, ynamly öňe gitmek, bilelikdäki uzak möhletli ösüş meýilnamalaryny işläp düzmek üçin esas bolup durýandygyny aýtdy. Biziň ýurdumyz alnyp barylýan bu hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär hem-de gatnaşyklary pugtalandyrmak, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin ähli tagallalary eder. Bu tagallalar bolsa iki doganlyk halkyň we döwletiň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebit howpsuzlygy bilen bagly meseleleriň özara gatnaşyklaryň gün tertibinde örän möhüm orny eýeleýändigini belledi. Türkmenistan we Owganystan parahatçylyk söýüji, parasatly we jogapkärli syýasaty alyp barýar, Merkezi Aziýany öňe gitmegiň we ösüşiň sebitine öwürmegiň, onuň häzirki zaman ählumumy gatnaşyklara doly goşulmagynyň, sebit we halkara derejesinde ykdysady taslamalary amala aşyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek bu maksada ýetmegiň esasy şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, gepleşikleriň barşynda taraplar sebitde döreýän jedelleriň we gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy ýollar bilen çözülmegine pugta eýerýändiklerini tassykladylar.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri iki ýurduň hem Birleşen Milletler Guramasyna, beýleki halkara we sebit guramalaryna gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we olary aradan aýyrmaga ýardam berjekdigini, degişli syýasy-diplomatik usullary işläp taýýarlamaga gönükdirilen gurallary döretmäge bilelikde goşant goşmaga hemmetaraplaýyn kömek etjekdigini nygtady. Türkmenistan bilen Owganystan halkara terrorçylygyna, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga we beýleki bikanun işlere garşy göreşmek boýunça umumy tagallalara öz goşantlaryny goşup, mundan beýläk hem özara gatnaşyklary berkiderler.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň soňky onýyllyklaryň dowamynda köp synaglary başdan geçiren doganlyk owgan halkyna duýgudaşlyk bildirýändigini nygtap, ýurdumyzyň goňşy döwletde gazanylýan üstünliklere we oňyn özgertmelere guwanýandygyny belledi. Häzirki döwürde Owganystana giň halkara syýasy we ykdysady goldawyň berilmegi zerurdyr. Şeýle goldaw birek-birege hormat goýmak, deňhukukly gatnaşyklar we Owganystanyň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgesi esasynda berilmelidir. Owganystandaky ýagdaýy tiz wagtda syýasy taýdan düzgünleşdirmek bu işleri durmuşa geçirmegiň esasy şerti bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň bu maksada parahatçylyk, syýasy serişdeler we umumymilli ylalaşyk arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň esasy orny eýelemegi bilen ýetmegiň tarapdary bolup yzygiderli çykyş edýändigini ýene-de bir gezek nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz eger zerur bolsa, Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda şeýle ylalaşygy gazanmaga gönükdirilen gepleşikleri geçirmek üçin öz syýasy giňişligini bermäge taýýardygyny belledi.

Owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri üpjünçilik ulgamy bilen bagly taslamalary, hususan-da, energetika we ulag pudagy ýaly möhüm ugurlar boýunça taslamalary amala aşyrmak göz öňünde turulýar diýip, türkmen Lideri sözüni dowam etdi. Bu bolsa, Owganystanda syýasy taýdan durnukly ýagdaýy üpjün etmegiň, bu ýurdy ykdysady we durmuş taýdan dikeltmegiň, onuň sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulmagynyň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan –Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtamk bilen bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylandygyny, bu taslamany amala aşyrmak bilen bagly esasy meseleleriň çözülendigini kanagatlanmak bilen belledi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy awgustynda Aşgabat şäherinde Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy baradaky Ýolbaşçy komitetiň 22-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserni «TAPI Ltd.» konsorsiumynyň ýolbaşçysy hökmünde biragyzdan saýlandy. Türkmenistanyň Baştutany zerur bolan guramaçylyk meseleleri çözülenden soň, Konserniň işe girişip biljekdigine ynam bildirip, gaz geçirijiniň gurluşygyna şu ýyl başlamagyň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri bu taslamany goldaýandygy we amala aşyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygy üçin owgan kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy geljekde goňşy ýurtlary birleşdirjek ýene-de bir iri taslamalaryň biridir. Bu demir ýoluň gurlup, ulanmaga berilmegi, elbetde, taslama gatnaşýan ýurtlaryň, umuman, Merkezi Aziýanyň ykdysady ösüşine uly itergi berer. Maýa goýumlarynyň çekilmegi, beýleki sebitler bilen gatnaşyklaryň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi üçin amatly şertleri döreder. Biz bu taslama Owganystany dikeltmek boýunça bilelikdäki tagallalarymyzyň bir bölegi hökmünde garaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Bu ugurda Türkmenistan Stambul prosesiniň çäklerinde uly işleri amala aşyrýar. Mälim bolşy ýaly, bu çäklerde biziň ýurdumyz «Sebit üpjünçilik ulgamlary» atly ynanyşmagy pugtalandyrmak çärelerine ýolbaşçylyk edýär. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Owganystan boýunça nobatdaky 7-nji sebit ykdysady maslahatyny geçirmek boýunça borçnamalary öz üstüne almaga taýýardygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Lebap we Mary welaýatlarynda gurulýan täze kuwwatly energetiki desgalaryny nazara almak bilen, Türkmenistanyň owgan ugry boýunça iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini bäş esse artdyrmaga taýýardygyny belledi.

Ynsanperwer kömegini bermek, ykdysady we durmuş ulgamlarynyň dürli ugurlary üçin ýokary taýýarlykly milli hünärmenleri taýýarlamak häzirki döwürde owgan halkyna berilýän goldawyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Owganystana durmuş maksatly desgalary gurmak arkaly ýardam bermegi dowam eder. Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherinde şu ýylyň 5-nji awgustynda çaga dogrulýan öýüň düýbüniň tutulmagy biziň bu ugurda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigimiziň ýene-de bir mysalydyr. Şeýle hem Türkmenistanyň okuw mekdeplerinde owgan hünärmenlerini taýýarlamak işi dowam etdiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Owganystandaky ýagdaýy durnukly saklamaga, onuň ykdysadyýetini dikeltmäge ýardam bermäge mundan beýläk-de hemişe taýýardygyny belledi.

Söwda - ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 2014-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi 1 milliard amerikan dollaryndan hem gowrak boldy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda Owganystan 7-nji orny eýeleýär diýip, türkmen Lideri aýtdy we bu görkezijini has-da ösdürmek üçin, iki tarapda hem uly mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özara söwda dolanyşygyny artdyrmagyň, ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň mümkinçiliklerini düýpli öwrenmegiň zerurdygyny aýdyp, bu işde söwda -ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen - owgan toparynyň möhüm orun eýeleýändigini, hyzmatdaşlygyň bar bolan tejribesini doly ulanmak üçin täze ýollary we ugurlary döretmegiň, telekeçileriň arasynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, bilelikdäki işewürler maslahatlaryny, iki ýurduň haryt öndürijileriniň sergilerini yzygiderli geçirmegiň wajypdygyny belledi. Türkmenistanyň Baştutany işewürler toparlarynyň hyzmatdaşlyk etmegine uly goldawyň beriljekdigini nygtady.

Iki ýurduň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlykda ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Iki goňşy halkyň gatnaşyklarynyň taryhy köp ýüzýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-owgan serhediniň dostluk we hyzmatdaşlyk serhedidigini nygtap, häzirki döwürde medeni gatnaşyklary ösdürmek, bu ugurda bilelikdäki çäreleri geçirmek, iki ýurduň sungat ussatlarynyň wekiliýetlerini alyşmak, ylym we bilim ulgamynda, türkmen we owgan halklarynyň baý we özboluşly medeni-taryhy mirasyny öwrenmekde bilelikde iş alyp barmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Türkmenistanyň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, biziň wekiliýetimiziň Kabul şäherine gelmegi bilen, şu ýylyň dowamynda iki ýurduň arasynda ýokary derejedäki ikinji duşuşyk bolup geçýär. Bu bolsa, türkmen-owgan gatnaşyklarynyň yzygiderli we maksada okgunly alnyp barylýandygyna, iki tarapyň hem bu gatnaşyklary mundan beýläk-de gyşarnyksyz ösdürmäge çalyşýandygyna şaýatlyk edýär.

Merkezi Aziýada we bütin dünýäde parahatçylygy, durnukly ýagdaýy we ösüşi üpjün etmek Türkmenistan bilen Owganystanyň halkara giňişligindäki umumy strategik maksatlarydyr. Bu maksada ýetmek üçin iki ýurt Birleşen Milletler Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri energetika howpsuzlygy we ulag hyzmatdaşlygy ýaly ählumumy syýasatyň esasy ugurlary boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini belledi. Türkmen döwletiniň Baştutany şeýle hem Türkmenistanyň we Owganystanyň ýüze çykýan ähli meseleleri parahatçylykly, syýasy ýollar arkaly çözmegiň tarapdary bolup çykyş edýändiklerini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, şu günki gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň üýtgewsizdigi, ykdysady taýdan ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge, möhüm ulag we energetika taslamalaryny bilelikde amala aşyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.

Türkmen döwletiniň Baştutany geçirilen netijeli gepleşikler üçin Prezident Mohammad Aşraf Ganä, owgan wekiliýetiniň ähli agzalaryna minnetdarlyk bildirip, Owganystanyň ähli halkyna parahatçylyk, agzybirlik we abadançylyk arzuw etdi.

Soňra ýene-de owgan Lideri söz alyp, Owganystanyň Türkmenistany hoşniýetli dosty we ygtybarly hyzmatdaşy hasaplaýandygyny hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýän döredijilikli syýasatyna ýokary baha berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Mohammad Aşraf Gani ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin türkmen Lideriniň şu saparynyň möhüm ähmiýetini belledi.

Owganystanyň Baştutany bular barada aýdyp, hususan-da, halyçylyk ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada durup geçdi. Bu babatda türkmen halky täsin gadymy däplere eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenhaly” döwlet birleşigine bu pudakda owgan tarapy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada tabşyryklary berendigi bellenildi.

Elektroenergetika ulgamy türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Prezident Mohammad Aşraf Gani Owganystanyň bu ugurda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, Türkmenistanyň Baştutanynyň ýakyn geljekde Owganystana iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň 5 esse artjakdygy baradaky habaryny ruhubelentlik bilen kabul edendiklerini belledi. Owgan Lideri munuň ýurduň ähli sebitlerine peýda getirjekdigini aýtdy.

Prezident Mohammad Aşraf Gani owgan-türkmen gatnaşyklary baradaky gürrüňi dowam edip, Owganystana energiýa serişdeleriniň beýleki görnüşlerini, şol sanda gaz we nebit önümlerini ibermek boýunça hem gepleşikleriň geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen birlikde, söwda-ykdysady ulgamda we hususy telekeçilik ugry boýunça özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şu maksat bilen, ýurtlaryň ikisinde hem owgan we türkmen önüm öndürijileriniň önümleriniň sergisi guralar.

Goňşy döwletiň Baştutany bu ugurda amala aşyrylýan işleriň oňat netije berjekdigine ynam bildirip, owgan halkynyň Türkmenistan –Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň açylyşyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny nygtady. Bu polat ýoluň gurluşygy owgan ykdysadyýeti hem-de senagaty üçin uly ähmiýete eýedir, ýükleri daşamakda örän bähbitlidir. Geljekde bu demir ýol sebit we halkara möçberinde ulag-üstaşyr gatnawlaryň ugurlarynyň möhüm bölegine öwrülmelidir. Şunuň bilen baglylykda, şu gepleşikleriň barşynda Owganystanyň türkmen hyzmatdaşlarynyň demir ýol ulagy ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyna ýene-de göz ýetirendigi bellenildi. Owgan tarapy bu hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýär. Prezident Mohammad Aşraf Gani Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmekde uly goşant boljak Owganystan-Türkmenistan –Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ulag geçelgesiniň hem möhüm orun eýelemelidigini aýtdy.

Owgan Lideri ýangyç-energetika toplumynda özara gatnaşyklar meselesine degip geçip, Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň ähmiýetini aýratyn nygtady we “Türkmengaz” döwlet konserniniň “TAPI Ltd.” öňbaşçysy saýlanmagyny doly goldaýandygyny aýtdy.

Prezident Mohammad Aşraf Gani ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýdyp, geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberiniň 1 milliard amerikan dollaryndan geçendigini kanagatlanmak bilen belledi. Owganystan bu görkeziji boýunça Türkmenistanyň hyzmatdaşlarynyň arasynda 7-nji orny eýeleýär.

Owgan Lideri ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygy nygtap, owgan we türkmen halklarynyň baý medeni mirasa eýedigini belledi. Bu miras bolsa umumydünýä siwilizasiýasynyň mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Owganystanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň çagyrmagy boýunça owgan tarapynyň şanly sene – türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek dabaralara gatnaşjakdygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýandygy nygtady.

Owgan Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Owganystan sebitde hyzmatdaşlyga täze çemeleşmeleri görkezýär. Stambul prosesiniň çäklerinde netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň we beýleki iri halkara guramalarynyň maksatnamalarynyň hem-de toparlarynyň çäklerinde özara gatnaşyklar meselelerinde ýurdumyzyň möhüm orny nygtaldy. Türkmenistan özüni ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezip, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Türkmen döwletiniň häzirki ösüşi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň netijesidir.

Prezident Mohammad Aşraf Gani Owganystanyň Türkmenistan bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ösdürýär we ony mundan beýläk hem dowam etmegi we pugtalandyrmagy göz öňünde tutýandygyny aýdyp, sözüni jemledi.

Soňra bu ýerde netijeli türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Maliýe gözegçiligi gullugynyň arasynda Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen baglanyşykly maliýe maglumatlaryny alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Energetika babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek meseleleri barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Sport babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Ylym we tehnologiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-owgan topary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekilýär.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekýärler.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny nygtap, ähli ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Gepleşikleriň netijeleri boýunça möhüm ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Owgan Lideri häzirki wagtda Türkmenistanyň Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryna elektrik energiýasyny iberýändigini belläp, bu ulgamda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek barada ylalaşyk gazanylandygyny habar berdi. Prezident Mohammad Aşraf Gani owgan tarapynyň Türkmenstan bilen netijeli gatnaşyklary yzyiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Şu duşuşygyň barşynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, taraplar sebitde howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň wajypdygyny bellediler.

Owgan Lideri bu baradaky gürrüňi dowam edip, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde degişli düzümleriň bilelikdäki işine möhüm orun berilýändigini aýtdy. Energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, Türkmenistandan iberilýän elektrik energiýasynyň diňe bir Owganystana däl, eýsem, Owganystanyň çägi arkaly beýleki döwletlere hem üstaşyr iberilip bilner. Prezident Mohammad Aşraf Gani iki ýurduň degişli pudaklarynyň hünärmenler toparlary eýýäm zerur bolan işleri geçirendigini aýtdyp, olaryň netijeli bolmagy üçin ähli tagallalaryň ediljekdigine ynam bildirdi.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Baştutany iki ýurduň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi. Owgan Lideri Owganystanyň Türkmenistany hoşniýetli goňşy we örän ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygyny aýdyp, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ýurdumyzyň möhüm ornuny nygtady.

Prezident Mohammad Aşraf Gani BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek meselelerinde iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygyny aýdyp, türkmen – owgan serhediniň dostluk we doganlyk serhedi bolup durýandygyny nygtady. Owgan Lideri döwletleriň ikisiniň hem häzirki döwrüň wehimlerine garşy göreşmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryna işjeň gatnaşýandygyny, munuň üçin zerur çäreleri görýändigini belläp, Owganystanyň bu ugurda özara gatnaşyklary dowam etmäge taýýardygyny tassyklady.

Prezident Mohammad Aşraf Gani häzirki wagtda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi bolup durýandygyny aýtdy. Bu ýerde iri maslahatlar we beýleki çäreler yzygiderli geçirilýär. Owgan Lideri netijeli owgan-türkmen gatnaşyklarynyň okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi we pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de tutuş türkmen halkyny şu ýyl bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlady we seçip alan döredijilikli ýolunda abadançylyk hem-de uly üstünlikler arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz gepleşikleriň netijelerini teswirläp, olaryň netijeli we çuň mazmunly häsiýete eýe bolandygyny belledi. Bu gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uly toplumynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Açyklyk we özara gyzyklanma bildirmek esasynda geçen duşuşygyň barşynda şeýle hem sebit we halkara syýasatynyň örän möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, gepleşikler Türkmenistanyň we Owganystanyň dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de gyşarnyksyz we yzygiderli ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Taraplar sebitdäki ýagdaýa uly üns bermek bilen, Merkezi Aziýada we oňa ýanaşyk çäklerde parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, bilelikdäki tagallalary yzygiderli artdyrmagyň zerurdygyny beýan etdiler.

Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistan we Owganystanyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklaryna sebitiň çalt goşulyşmagy üçin zerur şertleri döretmegiň, ýüze çykýan ähli dawalary we gapma - garşylyklyklary diňe parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly çözmegiň tarapdary bolup çykyş edýändiini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen -owgan hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýetini belläp ýurtlarymyzyň dawalaryň öňüni almaga we olary aradan aýyrmaga,
degişli syýasy - diplomatiki usullary işläp taýýarlamaga niýetlenen gurallary döretmekde Birleşen Milletler Guramasyna, beýleki halkara hem-de sebit guramalaryna hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigini nygtady. Türkmenistan bilen Owganystan halkara terrorçylygyna, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, serhetüsti jenaýatçylyga garşy göreşmek maksady bilen, bu ugurda ikitaraplaýyn derejede hem, halkara derejesinde hem hyzmatdaşlygy dowam eder.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gepleşikleriň dowamynda Owganystandaky ýagdaýa aýratyn üns berilendigini aýdyp, Türkmenistanyň goňşy döwletiň Hökümetine milli agzybirligi we parahatçylygy gazanmakda edýän tagallalaryna hemmetaraplaýyn ýardam bermegiň tarapdary bolup çykyş edýändigini belledi. Şeýle hem, biziň ýurdumyz Owganystanyň ykdysady we durmuş-üpjünçilik ulgamlaryny dikeltmäge anyk goldaw bermegiň, ýurduň ilatyna giň gerimli ynsanperwer kömegini bermegiň tarapdary bolup durýar.

Şonuň bilen birlikde, şeýle goldawy diňe hormat goýmak, deňhukukly gatnaşyklary alyp barmak hem-de Owganystanyň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgesi esasynda amala aşyryp boljakdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly düzgünleşdirip boljakdygyna ynam bildirdi. Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň, zerur bolan ýagdaýynda, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda dawalary gysga wagtda bes etmegiň tarapdary bolup çykyş edýän ähli taraplaryň gatnaşmagynda giň gerimli, umumymilli gepleşikleri guramak üçin, öz syýasy giňişligini bermäge taýýardygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Owganystanyň ykdysadyýetini çalt depginler bilen we netijeli dikeltmek bu ýurtdaky ýagdaýy durnuklaşdyrmagyň örän möhüm şertidir. Şu maksat bilen, Owganystanyň gatnaşmagynda iri üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny, hususan-da, energetika we ulag pudagy ýaly örän möhüm ugurlarda iri taslamalary durmuşa geçirmek zerurdyr. Bu ýerde gürrüň Türkmenistan–Owganystan–Päkisitan–Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy barada barýar. Türkmen Lideri häzirki döwürde bu taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin taýýardygyny belläp, bu gaz geçirijiniň gurluşygynyň eýýäm şu ýyl başlanjakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Owganystanyň Prezidentine TOPH taslamasyny goldaýandygy we ony amala aşyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň alnyp barlyşyny ara alyp maslahatlaşdylar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we bu demir ýoluň ylalaşylan möhletlerde gurulmagyny gazanmak maksady bilen, ähli tagallalary etmegiň zerurdygy barada garaýyşlaryň beýan edilendigini aýtdy. Biz bu taslama Owganystany dikeltmek boýunça umumy tagallalaryň möhüm bölegi hökmünde garaýarys diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy we ýurdumyzyň owgan tarapynyň gatnaşmagynda sebit we halkara üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny mundan beýläk-de işjeň amala aşyrmaga, şeýle hem Stambul prosesiniň çäklerinde ýardam bermegi maksat edinýändigini tassyklady. Bu prosesde, mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz «Sebit üpjünçilik ulgamlary» atly ynanyşmagy berkitmek çärelerine baştutanlyk edýär. Bulardan başga-da, gepleşikleriň barşynda Türkmenistan 2017-nji ýylda Owganystan boýunça nobatdaky 7-nji sebit ykdysady maslahatyny Aşgabatda geçirmek boýunça borçnamany öz üstüne almaga taýýardygyny tassyklady.

Biziň ýurdumyz goňşy döwlete ykdysadyýetiň dürli pudaklary we durmuş ulgamy üçin zerur bolan ýokary derejeli milli hünärmenleri taýýarlamakda, Owganystanyň çäklerinde durmuş maksatly desgalary gurmakda ýardam bermegini dowam eder. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň awgust aýynyň başynda Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherinde çaga dogrulýan öýüň binasynyň düýbüniň tutulmagy möhüm ähmiýetli waka boldy. Şunuň bilen bir hatarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap we Mary welaýatlarynda gurulýan täze energetika desgalaryny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini bäş esse artdyrmaga taýýardygyny belledi.

Milli Liderimiz şeýle hem gepleşikleriň dowamynda özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, haryt dolanyşygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, bu ulgamda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmak boýunça bilelikdäki tagallalary artdyrmak barada ylalaşylandygyny habar berdi. Şunda ynsanperwer ugurda, ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda özara ýakyn gatnaşyklarymyzy dowam etmegiň möhümdigi bellenidi.

Hormatly Prezidentimiz Owganystana bolan resmi saparyň netijelerinden kanagatlanma bildirýändigini aýdyp, Kabulda bolan duşuşygyň hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan türkmen-owgan gatnaşyklarynyň dostlukly häsiýete eýedigini görkezendigini nygtady. Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn derejede hem, iri halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hem dowam ederis. Bu bolsa, türkmen we owgan halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär. Sebitde we bütin dünýäde durnukly ösüşi, ynanyşmagy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga hyzmat edýär diýip, türkmen Lideri aýtdy.
Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda Owganystanyň ähli halkyna parahatçylyk, agzybirlik we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna resmi günortanlyk naharyny berdi. Onda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy Abdulla Abdulla bilen duşuşygy boldy. Bu duşuşyk “Sepidar” köşgünde geçirildi.

Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumynyň “Çar çynar” köşgünde Türkmenistanyň Baştutany Owganystanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen hem duşuşdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kabulyň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.

Şu gün hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy, şol ýerde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter