Sanly Türkmenistan dünýä habarlar giňişligindäki ornuny giňeldýär | TDH
Jemgyýet

Sanly Türkmenistan dünýä habarlar giňişligindäki ornuny giňeldýär

опубликованно 01.08.2020 // 351 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ministrliklerinden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan iň gowy dünýä tejribesini hem-de öňdebaryjy, häzirki zaman iş tejribesini öwrenmegi talap edýär. Şu talaplardan hem-de milli ösüş maksatnamalarynda kesgitlenilen degişli wezipelerden ugur alnyp, döwlet durmuşyny we pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň aýgytly ugry işlenilip düzülýär. Sanlylaşdyrmak we maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanmak bu ugurda möhüm şert bolup durýar.

Bu maksatlaýyn wezipelere laýyklykda, Daşary işler ministrligi degişli işleri alyp barmak we dünýä maglumatlar giňişligindäki ornuny giňeltmek arkaly öz işiniň elektron görnüşini güýçlendirýär.

1-nji awgustda Daşary işler ministrliginiň Türkmenistanyň ýeten belent sepgitlerini, milli Liderimiziň amala aşyrýan üstünlikli syýasatyny giňden ýaýmaga, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny dessin beýan etmäge gönükdirilen web-serişdelerinde täze üýtgetmeleriň birbada birnäçesi girizildi.

Hususan-da, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan «www.neutrality.gov.tm» resmi saýtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň elektron kitaphanasy açyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň eserleriniň bu ýygyndysy gyzyklanma bildirýän okyjylaryň bilimini artdyrar, ylmy işgärler, sosiologlar we syýasatçylar üçin möhüm gollanma bolar. Milli Liderimiz öz eserlerinde türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny, däp-dessurlaryň köpdürlüligini, milli mirasymyzyň mizemez ähmiýetini halkymyzyň şöhratly taryhynyň köp gatly sahypalaryny hem-de Türkmenistanda syýasatda, ykdysadyýetde, ynsanperwer gatnaşyklarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň hem-de maksatnamalaryň mazmunyny açyp görkezýär.

Indi bularyň ählisi ägirt uly dünýä onlaýn auditoriýasyna elýeterlidir — elektron kitaphanasynda döwlet Baştutanymyzyň türkmen dilindäkiden başga-da, dünýä dilleriniň 20-den gowragyna terjime edilen kitaplaryny okamak bolýar. Özi-de kitaplar bu ýerde 3D görnüşinde hödürlenilýär, okalýan wagtynda bolsa ugurdaş ses şekil bilen utgaşýar.

Şonuň ýaly-da, bu saýtda ýene-de bir täze bölüm — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn sergi açyldy. Bu wirtual sergide Diýarymyzyň ähli pudaklary, olaryň esasy edaralary we kärhanalary ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli önümler, şol sanda daşary ýurtlara ibermäge niýetlenen önümler görkezilýär.

Senagat, nebit we gaz, ulag hem-de aragatnaşyk, söwda, bilim, ylym, saglygy goraýyş hem-de sport, oba hojalygy, medeniýet toplumlaryna bagyşlanan bölümlerden başga-da, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň elektron «diwarlyklary» bar.

Umuman, tematiki bölümleriň 15-si Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň durmuşy hakynda gürrüň bermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ajaýyp özgertmeleriniň miwelerini aýdyň görkezýär. Serginiň baý mazmunlylygy, fotosuratlaryň köpdürlüligi, wideoşekiller onlaýn sergä gatnaşyjylara eziz Diýarymyz, onuň ykdysady kuwwaty barada aýdyň düşünje almaga ýardam eder.

Bulardan başga-da, Daşary işler ministrligi elektron görnüşdäki «Halkara täzelikler» gazetiniň işini ýola goýdy. Onuň ilkinji sany daşary syýasat edarasynyň saýtynda ýerleşdirildi.

Diplomatik işiň wideomaslahat-aragatnaşyk, internet-kommunikasiýalar arkaly giň gerime eýe bolmagyny nazara almak bilen, bu gazet häzirki media giňişliginde möhüm analitik gurala öwrülip, Türkmenistanyň durmuşyndaky daşary syýasy wakalara syn bermek üçin zerur bolanda serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berer.

DIM-niň elektron neşiri hepdede bir gezek neşir edilip, hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklaryň esasynda internet-ýaýlymlar, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň we konsullyklarynyň, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara habarlar agentlikleriniň salgylary boýunça ýaýradylar.

Şeýlelikde, gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar üçin açyk bolan Türkmenistanyň hakyky habarlar giňişliginiň döredilmegi onuň ählumumy kommunikasiýalar ulgamyna goşulyşmagy, döwlet gurluşynyň wajyp maglumatlaryny we tejribesini alyşmak, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli halkara başlangyçlaryny dünýä giňişliginde ilerletmek babatda nobatdaky ädim ädildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter