Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 01.08.2020 // 187 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny we nebit koksuny satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen polipropilen we ýokary dykyzlykdaky polietilen Russiýanyň, Özbegistanyň hem-de Owganystanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Mundan başga-da, Russiýanyň we Türkiýäniň telekeçileri daşary ýurt puluna nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 40 million 113 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine BAE-niň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Ermenistanyň hem-de Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 1 million 767 müň manatlykdan gowrak haly önümlerini we nah ýüplügi satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter