Türkmenistanyň Prezidenti bilen Saud Arabystanynyň Patyşasynyň telefon arkaly söhbetdeşligi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Saud Arabystanynyň Patyşasynyň telefon arkaly söhbetdeşligi

опубликованно 01.08.2020 // 314 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Onuň Alyjenaby, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdul-Aziz Al Saud bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşligiň başynda döwlet Baştutanymyz Saud Arabystanynyň Patyşasynyň näsaglandygy we hassahana ýerleşdirilendigi baradaky habary çuňňur gynanç we biynjalyklyk duýgusy bilen kabul edendigini belledi.

Size mahsus bolan egsilmez gujur-gaýratyň we ruhy durnuklylygyň ýakyn wagtda doly sagalmagyňyza hem-de saglyk ýagdaýyňyzyň has-da gowulanmagyna ýardam etjekdigine doly ynanýaryn diýip, milli Liderimiz Salman ben Abdul-Aziz Al Saudyň saglyk ýagdaýynyň gowulanandygy baradaky habary ägirt uly kanagatlanma duýgusy we şatlyk bilen kabul edendigini belledi.

«Şu pursatda Gudraty güýçli Allatagaladan tiz wagtda saglygyňyzyň gowulanmagyny hem-de Saud Arabystanynyň doganlyk halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine arman-ýadaman amala aşyrýan işleriňizi hemişe rowaç etmegini dileg edýärin» diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Baştutany we Saud Arabystanynyň Patyşasy ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň hem-de haýyr-sahawatlylygyň nyşany bolan ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan Gurban baýramy bilen birek-biregi mähirli gutladylar.

Söhbetdeşler ynsan kalbynyň päkligini şöhratlandyrýan bu baýramçylygyň täze döredijilikli maksatlara ýetmäge, beýik işleri amal etmäge ruhlandyrýandygyny, halklaryň arasyndaky gatnaşyklary jebisleşdirýändigini hem-de pugtalandyrýandygyny belläp, Gurban baýramynyň geljekde hem tutuş musulman ymmatynda özara düşünişmegi we raýdaşlygy berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Saud Arabystany bilen gatnaşyklaryň aýratyn möhümdigini nygtap, türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. Şol gatnaşyklar taraplaryň üýtgewsiz erk-islegine hem-de netijeli gatnaşyklary ösdürmäge bolan özara islege esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Patyşa Salman ben Abdul-Aziz Al Sauda döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Baştutany hem-de Saud Arabystanynyň Patyşasy dünýäniň gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge ylalaşykly çemeleşmäni işläp taýýarlamagyň zerurdygyny bellediler. Koronawirus pandemiýasy şolaryň biri bolup, halkara ykdysady gatnaşyklara oňaýsyz täsirini ýetirýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ýokanjy doly ýeňmek üçin ähli dünýä ýurtlarynyň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň we oňa garşy göreşmegiň täze usullarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň adamzady bu ählumumy howpdan goramagyň netijeli gurallaryny döretmek boýunça möhüm wezipäni çözmekde ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşler iki ýurduň däbe öwrülen özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap, iki doganlyk halkyň bähbidine ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdul-Aziz Al Saud belent ruhy-ahlak ýörelgeleriniň dabaralanmagyny alamatlandyrýan mukaddes Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, doganlyk halklara parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter