Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

опубликованно 30.07.2020 // 74 - просмотров
 

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Azerbaýjanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Jeýhun Baýramow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Wise-premýer Reşit Meredow Jeýhun Baýramowy Azerbaýjan Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçysy wezipesine bellenmegi bilen gutlap, oňa jogapkärli işinde üstünlikler arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ulgamlarynda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirildi. Iki ýurduň geostrategik mümkinçiligi göz öňünde tutulyp, ulag-üstaşyr ulgamda özara hereketiň möhümligi nygtaldy.

Koronawirus ýokanjyna we onuň netijelerine garşy durmak boýunça bilelikdäki tagallalar ara alnyp maslahatlaşylan temalaryň biri boldy.

elefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda sebitleýin we halkara syýasatynyň wajyp meseleleri boýunça pikir alşyldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter