Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasyndaky gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam edýär | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasyndaky gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam edýär

опубликованно 27.08.2015 // 860 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam edýär. Gepleşikler hormatly Prezidentimiziň Owganystana resmi saparynyň çäklerinde Kabul şäherinde geçirilýär.

Gepleşikleriň barşynda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň sebitde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we howpsuzlygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygy bellenilýär. Aýdylyşy ýaly, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklar berk dostluk, birek-birege dşünişmek we goldaw bermek esasynda ýola goýulýar. Munuň özi ynamly ösüş hem-de bilelikdäki uzak möhletleýin meýilnamalary işläp taýýarlamak üçin has-da möhümdir.

Owgan tarapynyň gatnaşmagynda energetika we ulag pudaklary ýaly möhüm ugurlarda iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunlukda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniňt taslamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi Owganystanda durnukly syýasy ýagdaýy, bu ýurduň ykdysady we durmuş taýdan ösüşini, onuň sebitleýin we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulmagyny üpjün etmek babatda möhüm şert bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystana resmi sapary dowam edýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter