Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi

опубликованно 27.08.2015 // 924 - просмотров
 

Kabul şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda ikiçäk görnüşdäki gepleşikler geçirildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň Owaganystana resmi saparynyň çäklerinde boldy.

Birek-birege ynanyşmak we düşünişmek esasynda geçirilen gepleşikleriň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine we özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklere ähmiýet bermek bilen türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-owgan gatnaşyklaryna ýokary baha bermek bilen, döwlet Baştutanymyz döwletara gatnaşyklarda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag pudaklaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn ähmiýet berildi. Bu giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe bir oňa gatnaşyjy ýurtlaryň däl, eýsem tutuş sebitiň döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüşine oňaýly täsirini ýetirer. Ulag-aragatnaşyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, bu babatda Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy has-da ähmiýetlidir.

Elektroenergetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda öndürilýän elektrik energiýasy Owganystanyň demirogazyk sebitlerine ýeňillikli şertlerde ugradylýar. Degişli düzümiň desgalarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, goňşy ýurda ugradylýan elektrik energiýasynyň möçberleri has-da artar.

Türkmen halkynyň we goňşy owgan halkynyň parahatçylykly hem-de abadan durmuş babatdaky garaýyşlary umumydyr diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Owganystanyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösmegine hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn geljekde Türkmenistan goňşy döwletleriň serhetýaka welaýatlarynda durmuş maksatly birnäçe desgalary gurmagy we olary elektrik energiýasy bilen üpjün etmegi meýilleşdirýär. Bu babatda Hyrat welaýatynda şu aýyň başynda türkmen gurluşykçylarynyň tagallasy bilen gurluşygyna badalga berlen çaga dogrulýan öýi mysal getirmek bolar.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we Owganystan Yslam Respublitkasynyň Prezidenti ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini, iki goňşy ýurduň we halklaryň bähbidine laýyk gelýän türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny we geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady pudakda türkmen-owgan gatnaşyklaryny giňeltmek barada aýtmak bilen, iki ýurduň Liderleri medeni-gumanitar ulgamdaky däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny bellediler.

Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dosam edýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter