Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk hatyny iberdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk hatyny iberdi

опубликованно 30.07.2020 // 194 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana iberen hatynda türk Liderine iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge berýän aýratyn ünsi we goşýan şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz iberen hatynda Türkiýe Respublikasy bilen köpugurly we dost-doganlyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny gyşarnyksyz berkitmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hemişe ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

«Taryhyň synagyndan geçen türkmen-türk doganlyk gatnaşyklary bu gün baý tejribä eýe bolup, syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ileri tutulýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň berk binýadyny emele getirýär. Biziň bu gatnaşyklary uzak möhletleýin we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigimizi tassyklamak isleýärin» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiz şeýle hem häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiliginiň geografiýa taýdan uly giňişligi gurşap alan we bütin adamzada howp salýan pandemiýa bilen ýüzbe-ýüz bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türk Lideriniň goldaw bermegi netijesinde Türkmenistana iberilen lukmançylyk we şahsy goranyş serişdeleri üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi. «Biz muňa ýurtlarymyzyň arasyndaky mizemez dost-doganlygyň aýdyň nyşany hökmünde garaýarys» diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden berk jan saglyk we abadançylyk, doganlyk türk halkyna bolsa bagtyýar durmuş we gülläp ösüş arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter