Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk

опубликованно 30.07.2020 // 125 - просмотров
 

Şu gün «Merkezi Aziýa döwletlerinde 2020-2021-nji ýyllar döwründe ýolagçylar barada deslapky maglumat alyş ulgamyny (API) ornaşdyrmak» atly sebit taslamasynyň çäklerinde Migrasiýa boýunça halkara gurama tarapyndan (Ženewa şäheri) wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň migrasiýa hem-de serhet edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Nobatdaky onlaýn duşuşygy API ulgamynda täzelikler bilen tanyşdyrmak hem-de ony iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň barşy we bu ugurda işleriň meýilnamasy barada pikir alyşmak maksady bilen guraldy.

Maslahata gatnaşyjylar ählumumy howpsuzlyk üçin sebit taslamasynyň örän wajypdygyny nygtadylar. Ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkyň we onuň abadançylygynyň bähbidine amala aşyrýan döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir.

Duşuşykda Migrasiýa boýunça halkara guramanyň Merkezi Aziýadaky wekili bu düzümiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini belledi. Şunda 2020-2021-nji ýyllar üçin, şol sanda deslapky maglumat alyş ulgamynyň sebit ýolagçy taslamalary durmuşa geçirildi.

Maslahata gatnaşyjylaryň umumy pikirlerine görä, Merkezi Aziýa uly ähmiýetli ulag-üstaşyr merkez bolmak bilen, sebitiň hem-de yklymyň durnukly ösüşinde möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda özara tejribäniň öwrenilmegine hem-de häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter