Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

опубликованно 30.07.2020 // 117 - просмотров
 

2020-nji ýylyň 30-njy iýulynda onlaýn görnüşinde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça nobatdaky duşuşyk geçirildi.

Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) wekiliýetine BSG-na agza bolmak departamentiniň direktory hanym Maýka Oşikawa ýolbaşçylyk etdi.

Wideomaslahatyň barşynda taraplar türkmen tarapynyň synçy hökmünde amala aşyrjak indiki ädimleri barada pikir alyşdylar. Türkmenistanyň synçy derejesiniň BSG-niň düzümine goşulyşmaklyga ilkinji möhüm ädimdigini we türkmen tarapynyň synçy döwri, bu gurama we onuň işi bilen ýakyndan tanyşmagy, şeýle hem gurama doly hukukly agza hökmünde goşulyşmak baradaky gepleşikleriň başlamagyna taýýarlyk görmegine mümkinçilik döretjekdigi bellenildi.

Şeýle hem çärä gatnaşyjylar tarapyndan Türkmenistan bilen BSG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu gurama bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça işleriň dowam etdirilmegi bilen baglanşykly ileri tutulýan birnäçe meselelere garaldy. Türkmenistanyň BSG-na gatnaşmagy ýurduň milli we daşary ykdysadyýetiniň çalt ösmegine goşant goşar, şeýle hem maýadarlary çekmek üçin täze mümkinçilikler döreder.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter