Türkmenistanyň bank ulgamy kämilleşdirilýär | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň bank ulgamy kämilleşdirilýär

опубликованно 27.07.2020 // 424 - просмотров
 

Şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow önümçilik işlerine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň häzirki wagtda ähli pudaklaryň ýolbaşçylary üçin esasy wezipedigini belledi.

Halk hojalyk toplumyny sanly ulgama geçirmegiň tapgyrlary hakynda gürrüň berýän ozalky makalamyzda şu güne çenli Türkmenistanda kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň kämilleşdirilip, sanly ykdysadyýete geçmek üçin zerur düzümiň we şertleriň döredilendigini belläpdik.

Sanlylaşdyrma işi günsaýyn ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna ornaşyp, olaryň arasyndaky çäkleri aýyrýar. Elektron hökümetiň Internet-binýadynyň döredilmegi “Bir penjire” usuly arkaly islegleri kanagatlandyrmakda dürli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň we beýleki guramalaryň hyzmatlar ulgamynyň näderejede özara bagly boljakdygyny aýdyň görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň düzgünleriniň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürlik we maýa goýum işjeňligine, dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga ýardam edýär.

Halk hojalyk toplumynyň durnukly ösmegi Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetine tapgyrma-tapgyr geçmegini üpjün edýär. Ýurdumyzda esasy makroykdysady görkezijiler durnukly derejede saklanýar.

Pul-karz syýasaty yzygiderli geçirilip, önümçilik we eksport ugurly pudaklara goldaw berilýär. Halkara maliýe edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilip, bank ulgamyna innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bu pudagyň sanly ulgama geçirilmegi onuň düzüminiň, önümleriniň hem-de döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak arkaly müşderiler bilen özara gatnaşyklaryň ugurlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Türkmenistanyň banklary tarapyndan ileri tutulýan pudaklaýyn taslamalary karzlaşdyrmak amala aşyrylýar. Uzak möhletleýin karzlary, ipotekalary, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Kararlarynyň esasynda karzlary bermek işi dowam edýär. Bular öňdebaryjy we eksport ugurly önümçilikleriň tehnologiýalaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

Häkimlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini awtomatlaşdyrmak, hasaba almak boýunça işleri ýeňilleşdirmek, raýatlaryň amatlylygy hem-de elektron hyzmatlary ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Döwlet hyzmatlarynyň bitewi portaly (e.gov.tm) döredildi, şonda ähli türkmen banklarynyň, döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň saýtlary ýerleşdirildi. Bu ýerde ministrlikleri we edaralary sanly ulgama hem-de interaktiw görnüşe geçirmegiň anyk beýany görkezilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň bank ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler geçirilýär. Sanly özgertmeler müşderilere hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň görnüşlerini hem-de milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga kömek eder.

Bank ulgamy bazar ykdysadyýetiniň esasy düzümleriniň biridir, türkmen ykdysadyýetiniň özgerişliklere taýýardygyny görkezýän aýnasydyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Bank hyzmatlary babatda geçirilýän özgertmeler bank bazaryna gatnaşyjylaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklaryň düýpli üýtgemegini aňladyp, ilkinji nobatda, hyzmat ediş tizligini artdyrmagy hem-de hyzmat etmegiň dürli ugurlaryny peýdalanmak arkaly müşderileriň wagtyny tygşytlamagy göz öňünde tutýar.

Şunuň bilen baglylykda, hödürlenilýän hyzmatlaryň ähli ýerde tizligi hem-de elýeterliligi banklaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklary düýbünden täze derejä çykarýar.

Bank işiniň ulgamy yzygiderli giňelip, dürli bank önümlerini we hyzmatlaryny işläp taýýarlamak dowam edýär. Karz edaralarynyň işiniň seljerilmegi netijeli işlemek hem-de bäsdeşlik artykmaçlyklaryny gazanmak üçin olara ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň täze gazananlaryny peýdalanmak arkaly innowasiýalary ornaşdyrmak zerur bolup durýar.

Ykjam internet tehnologiýalarynyň ösmegi hem-de smartfonlaryň iş wezipeleriniň artmagy bilen, ykjam goşundylar amatly we netijeli gurala öwrülip, olary ulanýanlar öz hasabyny barlamak, geçirilen amallary görmek, pul geçirilmegini amala aşyrmak we hyzmatlar üçin tölemek, karz almak ýa-da üzmek, satyn almak, ätiýaçlandyrmak işlerini geçirmek üçin ulgama her gün birnäçe gezek girip çykýarlar. Türkmenistanda dürli hyzmatlar we harytlar üçin tölegleri amala aşyrmagyň ykjam goşundylarynyň ornaşdyrylan wagtyndan bäri “Altyn asyr”, “Milli kart”, “Goýum bank kartlary”, “Maşgala” bank kartlary ýaly bank önümi arkaly hem-de “Internet-bank”, “Mobile bank”, “Galtaşyksyz töleg” ýaly hyzmatlar arkaly nagt däl tölegleriň mukdary artýar.

Terminallaryň üsti bilen bank kartlary arkaly söwda hem-de hyzmat merkezlerinde satyn alnan harytlar we hyzmatlar, jemagat hyzmatlary (gaz, suw, elektrik togy), Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň degişli hyzmatlary, şol sanda ulag serişdelerini hasaba goýmak, tehniki pasport almak, tehniki gözegçilikden geçirmek, awtomobil döwlet belgilerini, sürüjilik şahadatnamasyny almak, ulagy dolandyrmak boýunça synag üçin tölegler geçirilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň pasportyny alanyňda, onuň ýiten ýagdaýynda pasporty çalşanyňda, ýaşaýan ýeriňi üýtgedeniňde we beýlekiler üçin tölegleri geçirmek bolýar.

“Türkmennebitönümlerine” degişli awtomobillere ýangyç guýujy beketlerde ykjam töleg terminallary arkaly bank kartlary bilen ýangyç üçin tölemäge mümkinçilikler döredildi, jemgyýetçilik ulagynda ýol üçin töleg geçirilende ulanylýan plastik ýol kartlarynyň üstüni doldurmak üçin ykjam terminallar oturdyldy.

“Aşgabadyň şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, “Türkmentelekom” hem-de “Türkmenpoçta” döwlet kompaniýalarynyň ähli kassalarynda nagt däl görnüşde töleg geçirmek mümkinçiligi bar. Banklaryň müşderileri öýjükli telefonlarynyň, IP-telewideniýe we internet hasaplarynyň üstüni doldurmak üçin “Internet-bank” hem-de “Mobile bank” ykjam bank hyzmatlaryny giňden ulanýarlar. Ýörite goşundylar arkaly bolsa “Türkmendemirýollary” agentliginiň demir ýol ulagynda hem-de “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň şäherara awtobuslarynda ýol peteklerini satyn alyp bilýärler.

Ýurdumyzyň banklary ýyllyk 5 — 7 göterimli “Goýum bank karty” açmak boýunça hyzmatlary hödürleýärler. Onda “Maşgala” karty esasynda müşderiniň islegi boýunça maşgala agzalary kesgitlenen mukdaryň çäklerinde töleg kartynyň serişdelerini ulanyp bilýärler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzda nagt däl töleg ulgamy giňeldilýär. Häzirki wagtda “Goýum bank karty” we “Maşgala” bank kartlarynyň eýeleriniň sany artýar. 2020-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda bankomatlar, terminallar, “Internet-bank”, “Mobile bank” hem-de elektron söwda ulgamy arkaly geçirilen nagt däl tölegleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,13 esse artdy.

Häzir Türkmenistanda ulanylýan bank kartlarynyň möçberi dört milliondan (Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maglumatlaryna görä, 4 million 288 müň 600) geçdi. 2020-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda kartly töleg ulgamynda nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçbere bolan gatnaşygy geçen ýylyň degişli döwrüne görä 2,42 esse ýokarlandy.

Daşary ýurtlara sapar bilen gidýän raýatlar Türkmenistanyň banklary tarapyndan berilýän VISA (Classic, Business, Gold) we MasterCard (Maestro, Standard, Business, Gold) halkara töleg kartlaryny işjeň ulanýarlar.

Ýurdumyzda çykarylan bank kartlary bilen bir hatarda, VISA we MasterCard halkara töleg ulgamlarynyň kartlary söwda hem-de hyzmat ediş nokatlarynda oturdylan töleg terminallarynda pul geçirmek üçin kabul edilýär. Western Union pul geçirmeleriň halkara ulgamyna hem Türkmenistanyň karz edaralary tarapyndan hyzmat edilýär.

Bank kartlarynyň, bankomatlaryň, töleg we maglumat terminallarynyň artmagy hem-de tranzaksiýalar geriminiň giňelmegi bilen yzygiderli gözegçilik işleri geçirilýär hem-de töleg ulgamynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça düýpli işler amala aşyrylýar. Müşderilere Türkmenistanyň töleg-hasaplaşyk ulgamynda döwrebap tehnologiýalary hödürlemek üçin “Rysgal” paýdarlar-täjirçilik bankynyň binýadynda oturdylan bölekleýin we hyzmat ediş ulgamlarynda QR-kody (tölegi dessin tassyklaýyş kody) synagdan geçirildi. Şeýle hem galtaşyksyz bank töleg kartlary ulanyşa goýberildi.

Nagt däl hasaplaşyklaryň mukdaryny artdyrmak üçin ýurdumyzyň banklarynda bank kartlaryndan peýdalanýanlar üçin “Cash back” — harytlar satyn alnanda pul serişdeleriniň bir bölegini bank kartyna gaýtarmak hyzmaty işlenip taýýarlanyldy.

Dünýä tejribesi içgin öwrenilenden soňra, Türkmenistanyň kadalaşdyryş binýadyna degişli üýtgetmeler girizildi. “Cash back» hyzmatlary peýdalanylanda, yzyna gaýtarylýan pul serişdeleriniň paýy ýurdumyzyň karz edaralarynyň müşderileri tarapyndan amala aşyrylýan nagt däl amallaryň möçberiniň 0,5 — 2 göterimine deňdir. Bu hyzmatyň artykmaçlyklaryndan peýdalanýan müşderileriň sanynyň yzygiderli artýandygyny bellemek gerek.

Diýarymyzyň banklary dünýäniň ykdysady we maliýe institutlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Şolaryň hatarynda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň Ösüş banky, Yslam Ösüş banky, Hususy bölegi maliýeleşdirmek boýunça Yslam korporasiýasy hem-de Ýaponiýanyň Maliýe ministrligi we beýleki maliýe edaralary bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan ýurdumyzyň daşary ykdysady işini 2020 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň halkara maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygy barha okgunly häsiýete eýe bolýar. Bu maksatnamanyň maksady milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmakdan, söwda gatnaşyklaryny ösdürmekden hem-de eksport kuwwatyny artdyrmakdan ybaratdyr.

Geljekde “sanly banky” döretmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, şahamçalary bolmadyk banklardyr, şolaryň ornuny Call-merkezi hyzmatlar gullugynyň işgärleri tutýar. Şunuň ýaly bank uzak aralykdan ösen sanly hyzmatlar ulgamyna — internet-banklaryna, ykjam banklara, şahsy iş otaglaryna, saýtlara we hususy hem-de korporatiw müşderiler üçin saýtlara we beýleki ýöriteleşdirilen hyzmatlara eýe bolmalydyr. Adatça, şunuň ýaly hyzmatlardan müşderileriň 90 göterimden gowragy peýdalanmalydyr, şunda amallar gije-gündiziň tutuş 24 sagadynyň dowamynda amala aşyrylyp bilner.

Türkmenistanyň banklarynda täze maliýe tehnologiýalarynyň yzygiderli hem-de çalt depginde ornaşdyrylmagy üçin birnäçe taýýarlyk çäreleri görülmelidir. Işewürlik amallarynyň barha artýan möçberini kanagatlandyrmak maksady bilen, bu işleriň kämilleşdirilmegi bank ulgamynda ulanylýan degişli programma üpjünçiliginiň hem-de gurallarynyň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Amallaryň awtomatlaşdyrmak derejesiniň kämilleşdirilmegi wagty hem-de harajatlary ep-esli azaltmaga mümkinçilik berer, müşderileriň islegleriniň kanagatlandyrylmagyna gönüden-göni täsir eder, sebäbi amallar çalt, howpsuz hem-de goraglylygyň we gözegçiligiň ýokary derejesinde amala aşyrylar.

Tehnologiýa täzeçilliklerini ornaşdyrmak üçin degişli düzümleriň döredilmegi, ozaly bilen, sanlylaşdyrmak işlerini dolandyrmagy guramagy, bu amallary dolandyrmagyň gurallaryny döretmegi, şeýle hem maglumat howpsuzlygyny göz öňünde tutýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalary durmuşa geçirmek hem-de häzirki zaman sanly çözgütleri ornaşdyrmak üçin ýokary derejeli işgärleriň taýýarlanylmagynyň aýratyn möhümdigine ünsi çekýär. Bu babatda banklar hem maglumat howpsuzlygy ulgamynda, maliýe akymlaryna yzygiderli seljermeleri geçirmäge ukyply işgärleri, programma üpjünçiligini işläp düzüjileri, maglumat ulgamlaryny dolandyryjylary, inženerleri we beýleki hünärmenleri taýýarlamalydyrlar.

Sanlylaşdyrmak, awtomatlaşdyrmak hem-de robotlaşdyrmak eýýamynda adamyň barha möhüm orny eýeleýändigi geň görünýär, çünki ýokary taýýarlykly hünärmenler hem-de bilermenler bank ulgamynyň geljegini kesgitleýär.

Işewürlik ulgamynda hem-de bazarlaryň ýörite ugurlara bölünmeginde banklaryň iş ugurlaryny kesgitlemek anyk müşderi syýasatyny, täze önümleriň döredilmegini, bank maglumat ulgamynyň guralmagyny hem-de müşderiler bilen özara gatnaşyklar ulgamyny kemala getirmegi talap edýär. Hyzmatlary sanlylaşdyrmak işleri gysga wagtyň dowamynda maglumatlaryň uly möçberini işlemäge hem-de tutuş hyzmatlar toplumyny hödürlemäge ukyply çeýe, kuwwatly we ygtybarly tehnologiýa meýdançasynyň döredilmegini şertlendirýär, munuň özi Türkmenistanyň banklaryny tehnologiýa taýdan özgertmegiň möhüm ugry bolup durýar.

Bu çäreler bank işewürlik amallarynyň wirtual ýagdaýa geçirilmegini, bank hyzmatlarynyň ähli ulgamlarynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny talap edýär, bu işler degişli gurallaryň diňe bir üýtgedilmegine däl-de, müşderiler bilen gatnaşyklaryň durkuny özgerder, iki tarap üçin hem täze mümkinçilikleri açar, täze bank önümlerini döretmäge hem-de bar bolanlaryny has amatly ýagdaýa getirmäge kömek eder.

Maliýe täzeçillikleri bank bazarynda bäsdeşligiň esasy serişdesine, hödürlenilýän önümleriň anyklaşdyrylmagynyň möhüm guralyna öwrüler, maliýe täzeçillikleriniň işjeň ornaşdyrylmagy bolsa, bu ugurda bäsdeşligiň ýokarlanmagyna hem-de onuň häsiýetiniň üýtgemegine getirer.

Owerdraft diýlip atlandyrylýan, karz bermek usulyny göz öňünde tutýan hyzmat Türkmenistanda ornaşdyrylan maliýe täzeçillikleriniň mysallarynyň biridir. Şeýle görnüşli karzy bank belli bir şertlerde berýär: karzyň aňrybaş möçberi, göterimleri, göterim tölenmeýän döwür (eger şeýle ýagdaý bar bolsa), möhletinde tölenmedik ýagdaýynda jerimeler we penýalar öňünden şertleşilýär.

“Halkbank” döwlet täjirçilik bankynda “Altyn asyr” bank karty boýunça berilýän owerdraft görnüşli karz bermek ulgamynyň ornaşdyrylmagyny innowasiýa häsiýetli bank hyzmatlarynyň üstünlikli sanlylaşdyrylýandygynyň mysaly hökmünde görkezmek bolar.

Bank kartynyň eýesi karz alyjy bolup durýar, owerdraftyň möçberi — karz alyjynyň kart hasabyndaky galyndy pul serişdesinden artýan bergisiniň möçberidir. Owerdraftyň möçberi karz alyjynyň aýlyk hakynyň möçberiniň 40 göteriminden ýokary bolmadyk derejede bellenilýär.

Owerdraft karzy boýunça göterim 12 göterim derejede kesgitlenilýär hem-de “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň karz toparynyň çözgüdi esasynda üýtgedilip bilner.

Müşderilere hödürlenilýän hyzmatlaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegi Türkmenistanyň maliýe-bank ulgamynyň ileri tutulýan wezipesi bolup durýar hem-de hyzmatdaşlygyň sanly usullarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi müşderilere zerur derejede, zerur ýerinde hem-de zerur wagtynda bank hyzmatlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter