Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 25.07.2020 // 231 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýadan, Beýik Britaniýadan we Owganystandan gelen telekeçiler ýokary dykyzlykdaky polietileni, polipropileni we ECO-93 awtobenzini («Türkmengaz» DK) satyn aldylar. Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy ABŞ-nyň 11 million 506 müň dollaryndan gowrak bolan reňklenen tüýjümek önümleri, nah ýüplükleri satyn aldylar.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Ermenistandan hem-de Gazagystandan gelen işewürler jemi bahasy 3 million 146 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplükleri satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin ýokary dykyzlykdaky polietileni («Türkmengaz» DK), el halylaryny we pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 70 million 250 müň manatdan gowrak boldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter