Türkmenistanyň Prezidenti bilen Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasynyň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasynyň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik

опубликованно 25.07.2020 // 291 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Milli Liderimiz we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramy (Id al-adha) bilen gutladylar hem-de iki ýurduň dostlukly halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, abadançylyk ýaly ýokary ruhy gymmatlyklary özünde jemleýän bu ajaýyp baýramyň köp asyrlaryň dowamynda bolşy ýaly, mundan beýläk-de tutuş yslam dünýäsinde raýdaşlygyň we bitewüligiň berkidilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň özara düşünişmegiň ýokary derejesine eýe bolup, syýasy diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda sazlaşykly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň berkidilmegine we iki ýurduň arasynda özara peýdaly gatnaşyklaryň giňeldilmegine möhüm üns berýändigi hem-de oňa goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda birek-birege hormat goýmak we goldaw bermek ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmeginiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek, şol sanda daşary syýasat edaralary ulgamyndaky gatnaşyklar, dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem anyk netijä esaslanýan gatnaşyklaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy sebitleýin we ählumumy meseleler boýunça pikir alyşdylar. Şunlukda, halkara ykdysady gatnaşyklara oňaýsyz täsiri bolan we adamzada täze wehim salýan koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi.

Milli Liderimiz döwletimiziň bu umumy dünýä göreşine ygrarlydygyny belläp, wehime garşy netijeli göreşmek maksady bilen, ähli ýurtlaryň tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň zerurlygyny nazarlaýan hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň aýratyn ähmiýetini nygtady.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ynanyşmak, açyklyk we birek-birege düşünişmek esasynda ösdüriljekdigine ynam bildirdiler we birek-birege berk jan saglyk, asylly başlangyçlarda uly üstünlik, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter