Ilatyň saglygynyň bähbidine: öňüni alyş we gorag çäreleri | TDH
Jemgyýet

Ilatyň saglygynyň bähbidine: öňüni alyş we gorag çäreleri

опубликованно 15.07.2020 // 457 - просмотров
 

Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň howasyny barlamak boýunça geçirilen işleriň netijesinde howada tozan bölejikleriniň bardygy kesgitlenildi. Howa şertleriniň adam bedenine ýaramaz täsiriniň öňüni almak maksady bilen, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda görülýän öňüni alyş çäreleriniň nobatdaky tapgyry geçirilýär.

Häzir tutuş adamzatda uly alada döredýän ýokanç keselleriň ýurdumyzyň çäginde ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, saglygy goraýyş edaralary, hususan-da Döwlet arassaçylyk-keselleriň ýaýramagynyň öňüni alyş gullugy tarapyndan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda, toplumlaýyn zyýansyzlandyryş işleri geçirilýär.

Şeýle hem ilatyň arasynda wirus keselleriniň öňüni alyş çäreleri boýunça düşündiriş sanitariýa-aň-bilim işleri geçirilýär, maglumat-bilim gollanmalary işlenilip taýýarlanyldy we çap edildi.

Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, Bitarap Türkmenistan pandemiýa howpunyň dörän ilkinji günlerinden BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ýakyn gatnaşyklary saklaýar.

Olar bilen bilelikde, ýiti ýokanç keseline garşy göreşmek hem-de dessin täsir ediş çärelerini kabul etmek boýunça ýurdumyzyň taýýarlygyny üpjün etmegiň meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy. Ol şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanyldy.

Şu günler ýurdumyzda iş saparynda bolýan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekiliýeti ýerlerde degişli ugurda görülýän çäreler bilen tanyşýar.

Şeýlelikde, daşary ýurtlarda, ozaly bilen çäkleşýän ýurtlarda epidemiologiýa ýagdaýynyň dartgynly ýagdaýda saklanmagyny nazara almak hem-de Türkmenistanyň ilatly ýerlerinde howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, serhetýaka etraplarda we obalarda zyýansyzlandyryş işleri geçirildi.

«Toyota Hilux» kysymly awtoulagyň kömegi bilen zyýansyzlandyryjy serişdeleri sepmek arkaly geçirilýän işler häzirki wagtda dowam edýär.

Şeýle hem uly ýerleriň arassaçylygyny goramak we işleri geçirmek hem-de şol ýerlerde ýaşaýan ilatyň arasynda dürli keselleriň öňüni almak maksady bilen, howa ulagy peýdalanylýar. Bu aýratyn-da, ýurdumyzyň günorta-gündogaryndan, demirgazyk-gündogaryndan hem-de demirgazygyndan öwüsýän şemallar arkaly howada tozanyň ýaýramagy bilen düşündirilýär. Ol Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen barlaglaryň netijesinde kesgitlenildi.

Hususan-da, ýokanç kesellerini ýaýradyjylary ýok etmäge gönükdirilen zyýansyzlandyryş çäreler düzümi bir göterimli hlory ýa-da 0,25 göterimli natriniň gipohlorid erginini sepmek arkaly ýeňil motorly uçaryň kömegi bilen alnyp barylýar.

Hünärmenleriň ylmy işlerine esaslanan şol işler iki tapgyrda amala aşyrylýar. Olaryň birinjisi, topragy zyýansyzlandyrmaga gönükdirilendir hem-de 15 — 20 metr belentlikden alnyp barylýar. Işleriň ikinji tapgyry 50 — 60 metr belentlikden geçirilip, ýerden 40 metr belentlikde howa giňişliginde bolup biläýjek patogen mikroblary we wiruslary ýok etmäge gönükdirilendir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şeýle çäreler Mary, Lebap welaýatlarynyň serhetýaka zolaklarynda geçirildi.

Häzirki wagtda şol işler Balkan welaýatynyň serhetýaka çäklerinde hem-de Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerine ýanaşyk ýerlerde ýaýbaňlandyryldy. Şeýle işler ýurdumyzyň welaýat merkezleriniň we paýtagtymyzyň golaýyndan geçýän ýollary gurşap almak bilen dowam etdirilýär.

Uçar arkaly howadan zyýansyzlandyryjy erginiň ýaýradylmagy keselleriň öňüni almak hem-de daşky gurşawda kesel dörediji maddalary ýok etmek maksady bilen uly meýdanlary sanatariýa taýdan tiz we netijeli işlemäge mümkinçilik berýär.

Şeýle hem türkmen hünärmenleri beýleki ýurtlardan bolan kärdeşleri bilen tejribe alyşmagy dowam edýärler, olar eýýäm täze howpa garşy göreşmekde uly tejribe topladylar. Şu maksat bilen türkmen saglygy goraýyş ulgamynyň we beýleki gulluklaryň işgärleri pandemiýa garşy göreşmekde öz netijeliligini subut eden maglumatlary, bilimleri we iş tejribesini yzygiderli alyşýarlar.

Saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň täze görnüşlerini ösdürmek, lukmançylyk ylmynyň gazananlaryny alyşmak ýaly ugurlara ýurdumyzda aýratyn üns berilýär. Alym-lukmanlaryň halkara geňeşini döretmek, ylmy diplomatiýany ösdürmek hakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary şol işlere ýardam edýär.

Sebit we halkara hyzmatdaşlygy nukdaýnazaryndan Türkmenistan özara gatnaşyklaryň mäkäm ulgamyny gurmaga, lukmançylyk goragynyň serişdeleri we usullary boýunça işleri utgaşdyrmaga, tejribe alyşmaga, ilkinji nobatda, öz goňşularymyz hem-de gyzyklanma bildirýän taraplar bilen tejribe alyşmaga ymtylýar.

Şeýlelikde, Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça maksadalaýyk işler dowam etdirilýär, ýagdaýlar yzygiderli seljerilýär hem-de zerur bolan çäreler görülýär.

COVID-19 keseliniň ýaýramagy bilen baglylykda, dünýäde dörän çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, howply ýokanjyň ýurdumyzyň çägine aralaşmagyna ýol bermezlik boýunça öz wagtynda çäreleriň görülmegi netijesinde Türkmenistanda epidemiologiýa ýagdaý ýeterlik derejede durnukly bolmagynda galýar.

Munuň özi barlag-geçiriş nokatlarynda arassaçylyk-epidemiologiýa çäreleriniň, Saglygy goraýyş edaralarynyň we beýleki gulluklaryň ählisiniň sazlaşykly işiniň, howpsuzlygy üpjün etmek üçin girizilen çäklendirmeleriň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky alada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Keselleriň öňüni almak boýunça wezipeleri çözmäge, ilatyň ählumumy sanjymy bilen bagly maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmäge, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmäge hem-de sagdyn-durmuş ýörelgesini wagyz etmäge örän jogapkärli we hemmetaraplaýyn çemeleşmek hut şu alada bilen şertlendirilendir. Munuň özi bolsa oňyn netijesini berýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter