Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen | TDH
Syýasat habarlary

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen

опубликованно 06.07.2020 // 217 - просмотров
 

Şu gün Daşary işler ministrliginde şu ýylyň birinji ýarym ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary we ýolbaşçylygynda şu geçen döwürde ýurdumyzda yzygiderli amala aşyrylýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlary barada aýdyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary bilen, şol sanda halkara düzümleriň çäklerindäki ýokary derejedäki özara hyzmatdaşlygy bellenilip geçildi. Şunda biziň ýurdumyzyň golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmagyna aýratyn üns berildi.

Şonuň ýaly-da, ýygnananlar ministrligiň ikinji ýarym ýylda ýerine ýetirilmeli ileri tutulýan wezipeleri barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň esasy ugurlary, hususan-da, milli Liderimiziň 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň barşynda öňe süren Hazaryň täze ekologiýa maksatnamasyny ilerletmek maslahatyň gün tertibiniň möhüm bölümleriniň biri boldy.

Şunuň bilen baglylykda, howanyň dünýä derejesinde üýtgeýän şertlerinde Hazaryň ekoulgamyny gorap saklamagyň ähmiýeti, biziň ýurdumyzyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň maksatlaryny ilerletmekde, Aral deňziniň giňişliginde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýyň gowulandyrylmagynda goşýan saldamly goşandy bellenildi.

Bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan birnäçe anyk netijeli başlangyçlar öňe sürlüp, olar giň halkara goldawa eýe boldy. Şonuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň durnukly ösmegi üçin daşky gurşawy goramak boýunça sebitleýin maksatnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň genetiki serişdelere elýeterliligi düzgünleşdirmegiň Nagoý teswirnamasyna goşulyşmagy bilen baglanyşykly hem-de olaryň adalatly we deňhukukly esasda Birleşen Milletler Guramasynyň biologiýa köpdürlülik hakyndaky Konwensiýa laýyklykda, olaryň ulanylmagyndan görülýän bähbitleriň bilelikde peýdalanylmagy baradaky meselelere garaldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter