Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 04.07.2020 // 175 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 77-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen dürli görnüşli polietilen we polipropilen önümleri hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen karbamid döküni Russiýanyň, Şweýsariýanyň, Gonkongyň, Omanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna nah ýüplügi hem-de buýan köküniň gury galyndysyny Beýik Britaniýadan, BAE-den, Türkiýeden, Serbiýadan, Pakistandan, Azerbaýjandan gelen işewürler satyn aldylar.

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 51 million 698 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, BAE-niň, Pakistanyň, Ermenistanyň telekeçileri nah ýüplük we el haly önümlerini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 9 million 732 müň manatlykdan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen 43 million 631 müň manatlykdan gowrak ýokary dykyzlykly polietilen, şeýle hem pagta lintini satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter